Etrap häkimliginiň mejlisler zalynda gelin-gyzlarda türkmen zenanyna mahsus edep- ekramlylygy, milliligi terbiýelemek maksady bilen “Zenan mertebesi — zynat” atly wagyz- nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TMÝG-niň etrap geňeşi etrap häkimligi bilen bilelikde gurap, duşuşyga etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Annagül Orazsähedowa, etrapdaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Nurgözel Muhammedowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar Watanymyzda türkmen zenanlaryna goýulýan sylag-sarpa, olaryň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda edilýän aladalar barada gürrüň etdiler. Zähmetsöýerligiň, edep-ekramlylygyň, maşgala ojagyna wepadarlygyň zenan bezegidigi dogrusynda durup geçdiler.
Ogulbagt AMANMYRADOWA.








