Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek, ösüşleriň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak, ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen beýik sepgitleri, wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Halkara zenanlar güni mynasybetli Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda “Ýylyn zenany” atly bäsleşik yglan edilýär. Şeýle bäsleşikleriň birem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary etrap bölüminiň guramagynda Mary etrap Peşanaly şäherçesindäki medeniýet öýünde „Ýylyň zenany“ atly Mary etrap tapgyry geçirilip, ol egsilmejek ruhubelentlige beslendi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşan zenanlar özleriniň döredijilik ussatlyklary, ukyp-başarnyklary we öňde goýlan maksatlary boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan miras galan, nepislik bilen bezelen el işleriniň we dürli görnüşdäki milli toý lybaslarynyň görnüşleriniň giň gerimde ýaýbaňlanan sergisem oňa özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşikde has tapawutly çykyş edip, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary etrap bölüminiň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaram giň gerimde ýaýbaňlandy. Bagtyýarlyk döwrümiziň tarypyny ýetirýän şowhunly çykyşlar bäsleşige gatnaşanlaryň ruhuny göterdi. Egsilmejek ruhubelentlige beslenip geçirilen bu bäsleşikde oňa gatnaşan bagtyýar zenanlar halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurjahan Mämmedowa.








