Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu täze 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar giň gerim alýar. Şeýle guramaçylykly aýdym-sazly dabaralaryň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap we Şatlyk şäher birleşmeleriniň we Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap we Şatlyk şäher birleşmeleriniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy, ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hem-de täze ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejede ykrar edilendigi halkymyz üçin uly buýsançdygy dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda beýik geljege sary ynamly ädimler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa








