Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu täze 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamasyna mynasyp bolmagy mynasybetli Mary şäherinde ýerleşýän “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar etrap komitetleriniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy, ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamasyna mynasyp bolmagy halkymyz üçin uly buýsançdygy dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň halypa aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








