Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň batly depginler bilen ösmeginde döwletimiziň hususy ulgamyna möhüm orun degişlidir. Öz maddy enjamlaýyn binýadyny dünýäniň öňdebarjy önüm öndürjileriniň iň täze tehnologiýaly enjamlary, tilsimatlary bilen barha pugtalandyrýan işewürlik kärhanalary, hojalyk jemgiýetleri bu gün ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Akgoňur” geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Yhlasa ynam” hususy kärhanasam şolaryň biridir.Bu telekeçilik kärhanasynda öndürilýän azyk harytlar hili, harytlyk görnüşi boýunça daşary ýurtlardan getirilýän önümler bilen bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa, alyjylaryň ösen islegini kanagatlandyrýan önümlerdir.2020-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana Türkiýäniň azyk önümçiliginde ulanylýan kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň önümçiliginiň yola goýulmagy bilen bu ýerde obanyň ýaşlary üçin täze iş orunlary döredi. Indi olaryň her biri hünärini birkemsiz ele alan ýaşlardyr. Bu ýerde häzir “Ewa” haryt nyşanly kökeleriň bäş görnüşi öndürilýär. “Mello”görnüşli Gündogar süýjüligi hem öndürilip, gelşikli gaplara gaplanylyp, kärhanada alyjylara ýetirilýär. Hususy kärhanada döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hil barlaghanasy bolup, onda öndürilýän önümleriň hili pugta gözden geçirilýär. Işewür telekeçiler geljekde önümleriň görnüşlerini artdyryp, täze goşmaça iş orunlaryny döretmekligi meýilleşdirýärler. Häzir bu hususy kärhananyň öndürýän ýokary hilli köke önümleri ýörite awtoulaglaryň kömegi bilen Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň söwda nokatlaryna ugradylýar hem-de elýeterli bahalar bilen alyjylara ýetirilýär. Kärhananyň ýaşlary hususy telekeçiligi ösdürmäge,goldamaga döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.