«ÝÜPEK ÝOLY 2023» HALKARA RALLI ÝARYŞYNDA TÜRKMEN TOPARLARY BAÝRAKLY ORUNLARY EÝELEDILER
weather mary 41° C Mary
weather mary 41° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

«ÝÜPEK ÝOLY 2023» HALKARA RALLI ÝARYŞYNDA TÜRKMEN TOPARLARY BAÝRAKLY ORUNLARY EÝELEDILER

94 16.07.2023

Russiýa Federasiýasynyň çäginde geçirilen «Ýüpek ýoly 2023» atly halkara ralli ýaryşy 2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Awtomobil sporty boýunça ýygyndy toparyndan jemi 3 sany sport awtoulagy («Nissan Patrol» 3 sany) we 3 sany tehniki hyzmat etmek üçin awtoulaglar gatnaşdy.

9 tapgyrdan ybarat ýaryşda türkmenistanly türgenler üstünlikli çykyş etmegi başardylar. Netijde, Awtomobil sportunyň «T2» ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyna wekilçilik edýän Merdan Toýlyýew (sürüji) bilen Şöhrat Toýlyýew (şturman) ybarat ekipaž 2-nji orny eýeledi (231 belgide çykyş etdiler). Sürüji Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy (şturman Didar Orazmedowdan) bolsa ýaryşy 3-nji orunda tamamlady (232 belgide çykyş etdiler).  

2022-nji ýylda guralan «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde türkmen toparlary tutuşlygyna hormat münberini eýeläpdiler. Şonda Merdan Toýlyýewiň ekipažy ýeňiji bolupdy. Şamyrat Gurbanowyň ekipažy 2-nji, Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy hem 3-nji orny eýeläpdi.

2
2 17.07.2025
Täsirli geçdi

Ýakynda Tagtabazar etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň gurnamagynda etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda möhletde duran hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Täzegül Muhammetöwezowa, etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Toýly Geldiýew, etrap bilim bölüminiň müdiri Bagtyýar Nurmämmedow, etrabyň polisiýa bölüminiň ýerli wekili, polisiýanyň podpolkownigi Aga Hojagulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, tertip-düzgünleri berjaý etmek, kabul edilýän kanulary ýerine ýetirmek barada gyzykly gürrüň etdiler.    Wepa ŞARIPOW.

4
4 17.07.2025
Sagdyn jemgyýet — Berkarar döwlet

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar jaýynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TDP-niň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat prokuraturasy, welaýat adalat bölümi, welaýatyň polisiýa müdirligi bilelikde guradylar. Çärä ýokarda atlary agzalan guramalaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýatyň polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Serdar Derýaýew, welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy Şemşat Meredowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn jemgyýetiň berkararlygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaramaz endiklere garşy göreşmekde, jenaýatçylygyň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.  Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. Baýram AMANOW.

12
12 17.07.2025
Şadyýan tomus — 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan ugur alnyp, giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, saglygyny goramakda we berkitmekde netijeli tagallalar edilýär. Bu meselede alnyp barylýan tutumly işler ýokarda ýatlanan taglymatyň il-gün bähbitli aladalarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.  Raýat jemgyýetimizde döwlet   Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň saglygyny goramakda örän uly alada edilýär. Bu wezipe geljekde sagdyn, ruhubelent, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu meselä hemişe üns berýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ýokarda ýatlanymyza aýdyň subutnamadyr. Häzirki wagtda  döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň ýüzlerçesi saglyklaryny dikeldip, wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Aýjemal RAHMANIÝAZOWA.

11
11 17.07.2025
Ýoluň ak bolsun, Mamajan!

Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda taýsyz tagallalar edilýär. Ajaýyp zamanamyzyň goýnunda önüp-ösüp, bagtly çagalygyň hözirini görüp ýaşaýan ýaş nesillerimiziň yhlasly okamagy, bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde Watanymyzyň abraý-mertebesiniň arşa göterilmegi üçin bar yhlasyny gaýgyrmajak zehinli ýaşlarymyzyň biri hem Mamajan Hommadowadyr. Mamajan şu ýyl Sakarçäge etrabyndaky takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlady.  Ol orta  mekdebi oňat bahalar bilen okady we himiýa, biologiýa dersleri bilen içgin gyzyklandy. Mamajan kiçilikden ejesiniň hünärini dowam etdirmegi isläp, lukman bolmagy arzuw edýär. Şol maksat bilen ol himiýa, biologiýa dersleri bilen baglanyşykly dürli kitaplary okamagy, adam anatomiýasyny içgin öwrenmegi gowy görýär.  Maksada okgunly Mamajan mekdep ýyllarynda okuwçylaryň, arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerine, şeýle-de, internet olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardy. Mundan başga-da, Mamajan Hommadowa “Boýdäne ösümliginiň antidiabetiki täsiri” atly tema boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama bäsleşigine gatnaşyp, onuň welaýat tapgyrynda 1-nji, döwlet tapgyrynda bolsa 2-nji orunlary eýelemegi başardy. Şeýle hem M. Hommadowa “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda himiýa dersinden geçirilen bäsleşikde 2-nji orna, şu ýyl ýokarda ady agzalan ýokary okuw jaýy tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda guralan Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginde 1-nji  orna hem-de altyn medala we ýene şol uniwersitetiň “Boýdäne ösümliginiň antidiabetiki täsiri” atly taslama bäsleşiginde höweslendiriji baýraga hem-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldy.  Mamajan jigimiziň geljekde uly abraýyň eýesi bolup, ata Watanymyzyň ösüşine özüniň şahsy goşandyny goşjakdygyna berk ynanýarys. Gadamyň batly, ýoluň ak bolsun, Mamajan! Sülgün ŞADYÝEWA.

7
7 17.07.2025
"Gadymy Merw" döwlet taryhy-medeni goraghanasy

Beýik Ýüpek ýolunyň iň oňat goralan gadymy merkezi hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäheridir. Bir wagtlar Margiananyň we türkmenleriň Seljuklar döwletiniň paýtagtydy. Şeýle hem meşhur akyldarlar Omar Haýýam, As-Samani we beýlekiler bu ýerde ýaşap geçipdirler we işläpdirler. Harabalyklaryň arasynda bäş sany gadymy oturymly ýerler bolup, olara – Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdulhan galasy we Baýramalyhan galasy degişlidir. Olaryň köpüsi weýran bolýar, käbiri diňe toýun depeler bolup galýar. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan arheologiki tapyndylary Merwiň taryhy muzeýinde görmek bolýar.

6
6 17.07.2025
Dilden ogrynça (Aýdym)

Sulhum alyp, obamyzda bir gyza, Hyrydar bakýaryn ilden ogrynça. Duşuşamda göwnüm intizar gyza, Sözleşýär gözleri ilden ogrynça. Garlawajyň ganaty deý gaşlary, Boýy boýma, ýaşyma deň ýaşlary, Ýel degse bölünýän gara saçlary, Dyza düşýär inçe bilden ogrynça. Diýdim men söýýärin jan bilen tenden, Bir jogap almadym şirin dilinden, Özi welin açyk penjiresinden, Geçsem bakyp galýar ýoldan ogrynça. Bir gün säher “altyn” ýygýan mahalym, Sözüme söz goşdy arzyly gülüm, Ömrümde ýadymdan çykmaz şol salym, Dodagyndan öpdüm dilden ogrynça. Aman ANNAMYRADOW.

12
12 17.07.2025
Bathyz belentligi

Gadymyýete siňip giden baý taryhly, özboluşly gözelligi bilen görenleri haýran edýän Bathyz türkmen tebigatynyň ýedi hazynasynyň biridir. Geliň munyň şeýledigine suratlandyrmalaryň üsti bilen göz ýetirjek bolalyň. Deňiz derejesinden 1200 m. belentde, Bathyzyň günbatar tarapynda Köpetdagyň gündogar, belkide Gindikuş daglarynyň Gissar gerşiniň iň soňky günbatar şahasy bolan Gezgädik il arasynda Gyzgädik diýip atlandyrylýan gerşiniň, Bathyzyň merkezinde bolsa deňiz derejesinden 311 m. ýokarda Ýeroýlanduz çöketliginiň ýerleşmegi, iň belent nokady bilen iň pes nokadynyň ara tapawudynyň 900 m. bolmagy bu ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, toprak örtüginiň, ýer üstüniň dürli görnüşliligi bilen tapawutlanyp, içki wertikal guşaklygyň alamatlarynyň bardygyny ýüze çykarýar.  Çöllüklerden dag etegine, dag eteginden pes daglyklara geçip gidýändigi mese-mälim göze görünýär. Megerem, şonuň üçin bu ýerde düwürtikli asjagaz, Çernowyň ýylan şekilli suwulgany, horosan hažžygy, uzyn aýakly as,  Guşgy çigildemi ýaly başga ýerde duş gelmeýän endemik görnüşleriň ýaýramagyna tebigy şertler dörändir.  Gezgädik- Gyzgädik gerşini mel, hek çökündileri düzýän bolsa, dag etegindäki çil-çil bolup, başlary bir bolup ýaýylyp açylyp gidýän gerişleri Tetis deňziniň düýbi bolan gyzyl reňkli toýunsöw çökündiler, geologiki taýdan has gadymyýet çökündileri bolan paleogen çökündileri bilen utgaşýar. Deňiz derejesinden 311 m. ýokarda, daş töwerekden 600 m. pesde ýerleşýän Ýeroýlanduz çöketligiň ýer üstüni gurşap alýan geologiki jynslar welin ertekilerdäki ýaly örän täsin. Iň pes ýerini dürli reňkler bilen öwüşgin atýan duzly köl örtýär. Onuň daş-töweregini Tetis deňziniň düýbünde ýaşap daşa öwrülen dürli görnüşli balykgulaklar, daşa öwrülen ösümlikleriň we agaçlaryň galyndylary ýaýrandyr. Bu ýerden tapylan arhiologiki gymmatlyklary goraghananyň merkezinde ýerleşýän müzeýde  ýakyndan synlamaga şertler döredilen. Şol duzly kölüň daş töweregini ýarym aý şekilli Tetis deňziniň düýbünde atylyp bilmän galan wulkaniki jynslardan ybarat bolan beýikligi 30-40 m. ýetýän diňleri bolup, duzly köle kölege salýar. Ýeroýlanduz çöketliginiň gündogar bölegini şorlar eýeleýär. Şor bilen duzly köli bolsa duzly ýap birleşdirýär. Duzly ýap wulkaniki jynslaryň üstünden akyp geçýändigi sebäpli onuň suwy ýylyň dowamynda ýylydyr. Duzly ýabyň suwunyň ýene-de bir tapawutly tarapy, onuň suwynyň üstki gatlagy sowuk bolup, aşaky gatlagynyň bolsa jana ýakymly mylaýymdan-da gyzgyn suwynyň saklanýanlygydyr. Ýeroýlanduz çöketliginiň demirazyk tarapyny beýikligi 15-20 m. gyzyl gaýalar ýarym aý görnüşinde gurşaýarlar. Bu gaýalaryň toýnakly haýwanlar bolan türkmen dag goçlary, keýikler hat-da ýyrtyjylar üçin ähmiýeti örän ulydyr. Olara gyşyň aýazyndan, tomusyň yssy jöwzasyndan goranmaga şertleri döredýär. Ýeroýlanduzyň günorta – gündogar, günorta – günbatar ugurlaryny çöle mahsus bolan çöl ösümlikleri, çerkezdir – gandym, ekzotiki görnüşli çomüçdyr – porsy gamaklar gözüňi gamaşdyrýar täsinligi döredýär.              Geliň Bathyz belentliginiň iň pes ýeri bolan Ýeroýlanduz çöketliginden Gyzgädik gerşine çenli toprak örtügine syýahat edeliň. Iň pesde şorluklar.Onda-da üsti gaýmakly şorluklar. Gaýmakly şorlüklar tomusyň jokrama yssysyndan gurap nahar duzyna öwrülýär. Geçmişde ýüpek ýolundan geçýän kerwenler Merwe, Hyrada, Eýrany şäherlerine  nahar duzuny çekilenlgi barada maglumatlar bar.           Ýeroýlanduzda Türkmenistanyň iň günortasynda ýerleşýän çäge massiwi bar. Diýmek bu ýerde çöl-çäge topragy ýaýrandyr. Ýeroýlanduzdan 600 m. deňiz derejesinden ýokaryk düzlüge, baýyrlyklara çykarsyň welin, ähli ýerini mele toprak örtýär. Mele topragam düzümindäki çägäniň, toýunyň we çüýrüntginiň mukdaryna görä görnüşlere bolünip, bu ýerde baý ösümlik dünýäsini emele getirýär. Şonuň ýaly hem ýer üstüniň keşbiniň biri pisse tokaýlygydyr. Ýurdumyzyň tebigatynyň täsinliklerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek örän gyzyklydyr, gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.                                                                                                    Çaryýarguly AKYNYÝAZOW.

26
26 16.07.2025
Baýramaly şypahanasy – melhemler mekany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gurlan şypahanalarda raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde uly işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda giňden tanalýan şypahanalaryň biri-de Baýramaly şypahanasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Baýramaly şypahanasy iň bir gelim – gidimli melhemler mekanynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda bu şypahanada raýatlarymyzyň sekiz ýüze golaýy dynç alýar we öz saglyklaryny berkitýärler. Şypahananyň gür baglyga, gül-gülzarlyga beslenip oturmagy bu ýere gelýän raýatlarymyzyň ruhuny has-da belende göterýär. Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde töwerege görk berip oturan gür baglar bu ýerde saglygyny berkidýän adamlara oňaýly täsirini ýetirýär. Bu şypahana özüniň tebigat aýratynlygy, arassa howasy we gün şöhlesiniň iň köp düşýän ýeri hökmünde beýleki şypahanalardan aýratyn tapawutlanýar. Bu şypahanada her möwsümde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän bagtyýar raýatlarymyz sapaly dynç alyp, öz saglyklaryny dikeldýärler. Şypahana gelýän adamlar eli ýeňil lukmanlar, şepagat uýalary we beýleki hyzmat ediş bölümleriň işgärleri tarapyndan güler ýüz bilen garşylanýar. Şypahanada adamlaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilip, bu ýerde dynç alýanlaryň saglygyny dikeltmekde iň kämil tehnologiýaly bejeriş enjamlary ulanylýar. Şypahanada elektrofarez, lazer bejergi, dürli görnüşli galwaniki toklar, stat duşy ýaly fizio bejergiler, mundan başga-da owkalamagyň dürli görnüşleri raýatlara lukmanlaryň görkezmesi esasynda bellenilýär. Bu bolsa raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmäge uly ýardam berýär. Bu ýerde oturdylan döwrebap lukmançylyk enjamlar adam bedeniniň duz, ýag, suw, iýmit çalşygyny we gan aýlanyşygyny, böwrek, ýürek, gan – damar hem-de merkezi nerw ulgamlaryny, daýanç hereketlerini sazlaşykly kadalaşdyrmaga kömek edýär. Mineral wannalar üçin şypahananyň çäginden 870 metr çuňlukdaky dik guýudan çykýan hlorid – natriý mineral suwy ulanylýar. Bu ýerde ynsan saglygyny duzly we ýodly howa bilen bejerýän ýöriteleşdirilen otaglar hem bar. Döwrebap şypahanada ynsan saglygyny günüň şöhlesiniň täsiri astynda bejeriş usullary bolsa onuň esasy aýratynlygydyr. Bu ýeri gün wannasy diýlip atlandyrylýar. Lukmanlaryň görkezmelerine laýyklykda gün wannasynda bir wagtda elli adam bejergi alyp bilýär. Lukmanlar bu usulyň böwrek – peşew ýollaryny bejermekde uly ähmiýetiniň bardygyny aýdýarlar. Şypahananyň sport zalynda dynç alýan raýatlary sport enjamlarynyň kömegi arkaly bejermek usullary hem peýdaly usullaryň biri hasaplanylýar. Dynç alynýan otaglaryň tämiz we arassa saklanylmagy, olarda zerur bolan enjamlaryň goýulmagy dynç alýanlaryň göwnüni göterýär. Şypahananyň giň we döwrebap naharhanasynda bolsa dynç alýanlara tagamlaryň, ýokumly işdäaçarlaryň, süýji – naz nygmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenip, olaryň kadaly naharlanmagy üpjün edilýär. Şypahananyň döwrebap çaýhanasy hem hemişe köp adamly. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy kitabyndaky dermanlyk ösümliklerden melhem çaýlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp bu ýere gelýänlere hödür edilýär. Döwrebap şypahanada dynç alýan adamlar medeniýet öýünde geçirilýän gyzykly medeni çärelere, aýdym – sazly çykyşlara tomaşa etmekden hem ruhy lezzet alýarlar. Welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň döwrümize mynasyp çykyşlary bilen dynç alýanlary begendirip durýarlar. Şypahanada dynç alýan adamlar üçin “Gadymy Merw” döwlet taryhy – medeni goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklere gyzykly gezelençler hem yzygiderli guralyp durulýar. Şypahanada saglyklaryny berkitýän bagtyýar raýatlarymyz özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkünçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýdýarlar.

26
26 16.07.2025
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirlen bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň işgärleri we kitaphanaçylar gatnaşdy. Bu ýerde ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakalary we şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly gyzykly söhbetler edildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzda erkana ýaşaýşy üpjün edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

2
2 17.07.2025
Täsirli geçdi

Ýakynda Tagtabazar etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň gurnamagynda etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda möhletde duran hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Täzegül Muhammetöwezowa, etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Toýly Geldiýew, etrap bilim bölüminiň müdiri Bagtyýar Nurmämmedow, etrabyň polisiýa bölüminiň ýerli wekili, polisiýanyň podpolkownigi Aga Hojagulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, tertip-düzgünleri berjaý etmek, kabul edilýän kanulary ýerine ýetirmek barada gyzykly gürrüň etdiler.    Wepa ŞARIPOW.

4
4 17.07.2025
Sagdyn jemgyýet — Berkarar döwlet

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar jaýynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TDP-niň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat prokuraturasy, welaýat adalat bölümi, welaýatyň polisiýa müdirligi bilelikde guradylar. Çärä ýokarda atlary agzalan guramalaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýatyň polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Serdar Derýaýew, welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy Şemşat Meredowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn jemgyýetiň berkararlygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaramaz endiklere garşy göreşmekde, jenaýatçylygyň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.  Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. Baýram AMANOW.

26
26 16.07.2025
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirlen bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň işgärleri we kitaphanaçylar gatnaşdy. Bu ýerde ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakalary we şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly gyzykly söhbetler edildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzda erkana ýaşaýşy üpjün edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

31
31 11.07.2025
ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda Mary welaýat tele radio studiýasynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çykyş edip, olar öz çykyşlarynda dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler dogrusynda nygtap geçdiler. Has takygy, çykyş edenler Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň dokuzynjy maslahatynda garalan meseleler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin bellediler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna, ýakyn günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy. Bu taryhy senelerde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meseleleriň geljekde döwletleriň arasyndaky işjeň gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygy barada aýdylan täsirli gürrüňler söhbetdeşligiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Söhbetdeşlikde aýdylan her bir gymmatly maglumatlaryň ýurdumyzyň ösüşi babatynda uly ähmiýete eýedigini äşgär etdi. Täsirli bolan söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyp, çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolmagynda, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar. Maksat JANMYRADOW.

24
24 09.07.2025
Ysnyşykly gatnaşyklaryň gerimi giňeýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyk,   dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýulýar.  Ýadymyzda bolsa, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Bu maslahatyň esasy maksady hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmekden hem-de şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy hem göz öňünde tutulýar.  Halkara maslahatynyň Türkmenistan döwletimizde guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň “Awazada” öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem, dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň hyzmatdaşlygyny görkezýär. Maksat JANMYRADOW.

24
24 09.07.2025
Ösüşli döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalaryna laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen dokuzynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Maslahatda deputatlar ilki bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň we başga-da birnäçe üýtgetmeleriň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da, Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasy hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýle hem maslahatda başga-da birnäçe kanun taslamalaryna garaldy we kabul edildi. Türkmenistanda amal edilýän her bir iş döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu işleriň özeninde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi durandyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.   Orazdurdy ABDYÝEW.

81
81 07.07.2025
Ýaşasyn parahat durmuş!

Golaýda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly maslahat geçirildi. Oňa welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Myrat Ataýew açdy we alyp bardy. Maslahatda TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň ýolbaşçysy, TKA-nyň işjeň agzasy Sytdyh Rahmanow, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, TDP-niň welaýat komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy Muhammetmyrat Allakulyýew, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TDP-niň welaýat komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy Maral Gulowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin döredilip berilýän mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem gözel Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlyk dogrusynda nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda bagtyýar türkmen halkyny nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi. Şemşat SAÝLYÝEWA.

32
32 05.07.2025
Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de halkara we sebit derejesinde kabul edilen resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek bellenildi. (TDH)

35
35 03.07.2025
Bitaraplyk — abadan geljegimiz

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjelerdir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýörelgesine eýerýändigi bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti uludyr. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna şan goşar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär. Mysal üçin, geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň rowaç alyp, uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat strategiýasy giň gerime eýe bolýar. Bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkidip, parahatçylykly gatnaşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa, durnukly ösüşi, abadançylygy, rahat durmuşy kepillendirýär. Laçyn KAKAJANOWA.

516
516 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

433
433 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

629
629 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

500
500 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

473
473 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

592
592 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

410
410 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

436
436 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.