Bilimiň ösen ýerinde ýurduň binýadam berkden tutulýandyr. Çünki, ata Watanymyzyň geljegi bilimli-ylymly ýaşlaryň elindedir. Ökde ýaş nesilleri kemala getirmek bolsa biz — mugallymlaryň esasy maksadydyr. Şol maksat bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Ýaş nesillerimiz döwür bilen aýakdaş gidip, döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, öz bilim derejelerini has-da artdyrýarlar.
Bilim ulgamyndaky ösüşleriň barha arşa galýandygyny ýurdumyzda alnyp barylýan işlerden hem görýäris. Durmuşa geçirilýän täze usullar, ýokary hilli enjamlar, guralýan bäsleşikler, gazanylýan üstünlikler bu aýdýanlarymyzyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Okuwçylaryň döwlet hem-de halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşmaga höwes bildirip, ýokary netijeleri gazanmaklary hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýylsaýyn uly üstünliklere eýe bolýandygyny açyp görkezýär. Biz — mugallymlar şeýle zehinli, ukyp-başarnykly, höwesjeň, bilimli ýaşlarymyzyň bardygyna diýseň buýsanýarys.
Altyn YKLYMOWA.








