Düýn ir säher bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde welaýat Inçekesel hassahanasynyň täze binasy gurlup, ulanylmaga berildi. Hassahananyň öňündäki meýdançada baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Şatlyk-şowhuna beslenen açylyş dabarasynda talyp ýaşlaryň, lukmanlaryň ýaşyl Tugumyzy pasyrdatmagy bolsa, baýramçylyk ruhubelentligini has-da artdyrdy.
Açylyş dabarasynda täsirli çykyşlara-da giň orun berildi. Onda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine iberen Gutlagyny okady. Şeýle-de, dabarada Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Çary Gurbanmyradow hem-de “Hil merkezi” hususy kärhanasynyň inženeri Kemal Şamyradow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ynsan saglygyny goramakda, dikeltmekde giň gerimli işleriň ýola goýulýandygy, bu ulgamyň ýylsaýyn uly ösüşlere eýe bolýandygy, hünär baýramçylygynda döwrebap hassahananyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ýokarda aýdylanlara şaýatlyk edýändigi dogrusynda aýdyp, ähli lukmanlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de döwrebap hassahananyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen gutladylar.
Şowhuna beslenen dabaranyň dowamynda döwrebap hassahananyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de, welaýatyň häkimi D.Annaberdiýew hassahananyň baş lukmanyna hormatly Prezidentimiziň adyndan saglygy goraýyş gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny uly dabara bilen gowşurdy.
Soňra ýaşulular hassahananyň toý bagyny kesip berdiler. Şol pursat dürli reňkli şarlar al-asmana uçuryldy. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan alkyşly sözleri bolsa gyzgyn el-çarpyşmalar bilen utgaşyp gitdi. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri hem-de dabara gatnaşyjylar hassahananyň içine aýlanyp gördüler.
Sülgün ŞADYÝEWA.








