Ylymlar gününe bagyşlanyldy
weather mary 43° C Mary
weather mary 43° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Ylymlar gününe bagyşlanyldy

33 12.06.2025

Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TDEI-niň bilelikde guramagynda institutyň mejlisler zalynda Ylymlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we institutyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. 

Dabaraly maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy Bibihatyja Hatamowa hem-de hukuk gözegçisi Gülälek Mämmedowa, TDEI-niň mugallymy Merdan Nursähedow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ylymlar dünýäsinde ençeme işleriň alnyp barylýandygy, ýaşlaryň dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Täsirli geçen maslahatyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp owazlar bolsa, oňa gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Sülgün ŞADYÝEWA.

Suratlar

2
2 17.07.2025
Daýhanyň yhlasy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny düpli  özgertmek barada amala aşyrýan beýik maksatly işleri ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň işleriniň barha öňe ilerlemegine uly badalga berýär. Döwletimiz tarapyndan döredilýän ýeňilliklerden, kömekdir goldawlardan ruhlanyp zähmet çekýän daýhan hojalyklaryň agzalary bilen bilelik-de  işewür telekeçiler hem oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda işjeňlik görkezýärler. Mary welaýatynda döredilen daýhan hojalyklarynyň babadaýhanlaryň bu ugurda çekýän asylly zähmetleri-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Daýhan hojalyklaryň zähmetsöýer adamlary ýylyň-ýylyna gowaçanyň we bugdaýyň şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän we biziň howa we toprak şertlerimize durnukly tohumlaryny ekip, olara göwnejaý ideg edip, oňat iş netijelerini gazanýarlar. Şeýle daýhan hojalyklaryň biri-de Mary etrabyndaky Akmyrat Nursähedowyň daýhan hojalygydyr. Akmyrat aga öz daýhançylyk tejribesine daýanyp, bu daýhan hojalygyna köp ýyllardan bäri ýolbaşçylyk edýär. Ol oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak işlerinde oba ýaşulylary bilen hem ýzygiderli maslahatlaşyp durýar. Daýhan hojalygynyň medeni zonadan uzakda ýerleşen 100 gektar kärende ýerinde häzirki wagtda gowaçanyň bol hasyl berýän görnüşi ýetişdirilýär. Göwnejaý ideg edilýän gowaçalar häzirki wagtda bol hasyl toplaýar. Daýhan hojalygynyň şu ýylky galla oragy möwsüminde hem döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirendigini-de aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň babadaýhanlaryna tohum, tehnika, dökün babatda berýän goldawlary bilen ruhlanýan bu daýhan hojalygynyň daýhanlary häzirki wagtda 250 gektara güýzlik bugdaý we gant şugundyryny ekmegi meýilleşdirýärler. Olar ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerini gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Mary etrabynyň çägindäki daýhan hojalygynyň zähmetkeş adamlary ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň gujurly zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

3
3 17.07.2025
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň  batly depginler bilen ösmeginde döwletimiziň hususy ulgamyna möhüm orun degişlidir. Öz maddy enjamlaýyn binýadyny dünýäniň öňdebarjy önüm öndürjileriniň iň täze tehnologiýaly enjamlary, tilsimatlary bilen barha pugtalandyrýan işewürlik kärhanalary, hojalyk jemgiýetleri bu gün ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Akgoňur” geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Yhlasa ynam” hususy kärhanasam şolaryň biridir.Bu telekeçilik kärhanasynda öndürilýän azyk harytlar hili, harytlyk görnüşi boýunça daşary ýurtlardan getirilýän önümler bilen bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa, alyjylaryň ösen islegini kanagatlandyrýan önümlerdir.2020-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana Türkiýäniň azyk önümçiliginde ulanylýan kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň önümçiliginiň yola goýulmagy bilen bu ýerde obanyň ýaşlary üçin täze iş orunlary döredi. Indi olaryň her biri hünärini birkemsiz ele alan ýaşlardyr. Bu ýerde häzir “Ewa” haryt nyşanly kökeleriň bäş görnüşi öndürilýär. “Mello”görnüşli Gündogar süýjüligi hem öndürilip, gelşikli gaplara gaplanylyp, kärhanada alyjylara ýetirilýär. Hususy kärhanada döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hil barlaghanasy bolup, onda öndürilýän önümleriň hili pugta gözden geçirilýär. Işewür telekeçiler geljekde önümleriň görnüşlerini artdyryp, täze goşmaça iş orunlaryny döretmekligi meýilleşdirýärler. Häzir bu hususy kärhananyň öndürýän ýokary hilli köke önümleri ýörite awtoulaglaryň kömegi bilen Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň söwda nokatlaryna ugradylýar hem-de elýeterli bahalar bilen alyjylara ýetirilýär. Kärhananyň ýaşlary hususy telekeçiligi ösdürmäge,goldamaga döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

12
12 17.07.2025
Täsirli geçdi

Ýakynda Tagtabazar etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň gurnamagynda etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda möhletde duran hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Täzegül Muhammetöwezowa, etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Toýly Geldiýew, etrap bilim bölüminiň müdiri Bagtyýar Nurmämmedow, etrabyň polisiýa bölüminiň ýerli wekili, polisiýanyň podpolkownigi Aga Hojagulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, tertip-düzgünleri berjaý etmek, kabul edilýän kanulary ýerine ýetirmek barada gyzykly gürrüň etdiler.    Wepa ŞARIPOW.

11
11 17.07.2025
Sagdyn jemgyýet — Berkarar döwlet

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar jaýynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TDP-niň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat prokuraturasy, welaýat adalat bölümi, welaýatyň polisiýa müdirligi bilelikde guradylar. Çärä ýokarda atlary agzalan guramalaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýatyň polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Serdar Derýaýew, welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy Şemşat Meredowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn jemgyýetiň berkararlygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaramaz endiklere garşy göreşmekde, jenaýatçylygyň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.  Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. Baýram AMANOW.

16
16 17.07.2025
Şadyýan tomus — 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan ugur alnyp, giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, saglygyny goramakda we berkitmekde netijeli tagallalar edilýär. Bu meselede alnyp barylýan tutumly işler ýokarda ýatlanan taglymatyň il-gün bähbitli aladalarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.  Raýat jemgyýetimizde döwlet   Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň saglygyny goramakda örän uly alada edilýär. Bu wezipe geljekde sagdyn, ruhubelent, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu meselä hemişe üns berýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ýokarda ýatlanymyza aýdyň subutnamadyr. Häzirki wagtda  döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň ýüzlerçesi saglyklaryny dikeldip, wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Aýjemal RAHMANIÝAZOWA.

14
14 17.07.2025
Ýoluň ak bolsun, Mamajan!

Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda taýsyz tagallalar edilýär. Ajaýyp zamanamyzyň goýnunda önüp-ösüp, bagtly çagalygyň hözirini görüp ýaşaýan ýaş nesillerimiziň yhlasly okamagy, bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde Watanymyzyň abraý-mertebesiniň arşa göterilmegi üçin bar yhlasyny gaýgyrmajak zehinli ýaşlarymyzyň biri hem Mamajan Hommadowadyr. Mamajan şu ýyl Sakarçäge etrabyndaky takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlady.  Ol orta  mekdebi oňat bahalar bilen okady we himiýa, biologiýa dersleri bilen içgin gyzyklandy. Mamajan kiçilikden ejesiniň hünärini dowam etdirmegi isläp, lukman bolmagy arzuw edýär. Şol maksat bilen ol himiýa, biologiýa dersleri bilen baglanyşykly dürli kitaplary okamagy, adam anatomiýasyny içgin öwrenmegi gowy görýär.  Maksada okgunly Mamajan mekdep ýyllarynda okuwçylaryň, arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerine, şeýle-de, internet olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardy. Mundan başga-da, Mamajan Hommadowa “Boýdäne ösümliginiň antidiabetiki täsiri” atly tema boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama bäsleşigine gatnaşyp, onuň welaýat tapgyrynda 1-nji, döwlet tapgyrynda bolsa 2-nji orunlary eýelemegi başardy. Şeýle hem M. Hommadowa “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda himiýa dersinden geçirilen bäsleşikde 2-nji orna, şu ýyl ýokarda ady agzalan ýokary okuw jaýy tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda guralan Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginde 1-nji  orna hem-de altyn medala we ýene şol uniwersitetiň “Boýdäne ösümliginiň antidiabetiki täsiri” atly taslama bäsleşiginde höweslendiriji baýraga hem-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldy.  Mamajan jigimiziň geljekde uly abraýyň eýesi bolup, ata Watanymyzyň ösüşine özüniň şahsy goşandyny goşjakdygyna berk ynanýarys. Gadamyň batly, ýoluň ak bolsun, Mamajan! Sülgün ŞADYÝEWA.

9
9 17.07.2025
"Gadymy Merw" döwlet taryhy-medeni goraghanasy

Beýik Ýüpek ýolunyň iň oňat goralan gadymy merkezi hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäheridir. Bir wagtlar Margiananyň we türkmenleriň Seljuklar döwletiniň paýtagtydy. Şeýle hem meşhur akyldarlar Omar Haýýam, As-Samani we beýlekiler bu ýerde ýaşap geçipdirler we işläpdirler. Harabalyklaryň arasynda bäş sany gadymy oturymly ýerler bolup, olara – Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdulhan galasy we Baýramalyhan galasy degişlidir. Olaryň köpüsi weýran bolýar, käbiri diňe toýun depeler bolup galýar. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan arheologiki tapyndylary Merwiň taryhy muzeýinde görmek bolýar.

7
7 17.07.2025
Dilden ogrynça (Aýdym)

Sulhum alyp, obamyzda bir gyza, Hyrydar bakýaryn ilden ogrynça. Duşuşamda göwnüm intizar gyza, Sözleşýär gözleri ilden ogrynça. Garlawajyň ganaty deý gaşlary, Boýy boýma, ýaşyma deň ýaşlary, Ýel degse bölünýän gara saçlary, Dyza düşýär inçe bilden ogrynça. Diýdim men söýýärin jan bilen tenden, Bir jogap almadym şirin dilinden, Özi welin açyk penjiresinden, Geçsem bakyp galýar ýoldan ogrynça. Bir gün säher “altyn” ýygýan mahalym, Sözüme söz goşdy arzyly gülüm, Ömrümde ýadymdan çykmaz şol salym, Dodagyndan öpdüm dilden ogrynça. Aman ANNAMYRADOW.

14
14 17.07.2025
Bathyz belentligi

Gadymyýete siňip giden baý taryhly, özboluşly gözelligi bilen görenleri haýran edýän Bathyz türkmen tebigatynyň ýedi hazynasynyň biridir. Geliň munyň şeýledigine suratlandyrmalaryň üsti bilen göz ýetirjek bolalyň. Deňiz derejesinden 1200 m. belentde, Bathyzyň günbatar tarapynda Köpetdagyň gündogar, belkide Gindikuş daglarynyň Gissar gerşiniň iň soňky günbatar şahasy bolan Gezgädik il arasynda Gyzgädik diýip atlandyrylýan gerşiniň, Bathyzyň merkezinde bolsa deňiz derejesinden 311 m. ýokarda Ýeroýlanduz çöketliginiň ýerleşmegi, iň belent nokady bilen iň pes nokadynyň ara tapawudynyň 900 m. bolmagy bu ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, toprak örtüginiň, ýer üstüniň dürli görnüşliligi bilen tapawutlanyp, içki wertikal guşaklygyň alamatlarynyň bardygyny ýüze çykarýar.  Çöllüklerden dag etegine, dag eteginden pes daglyklara geçip gidýändigi mese-mälim göze görünýär. Megerem, şonuň üçin bu ýerde düwürtikli asjagaz, Çernowyň ýylan şekilli suwulgany, horosan hažžygy, uzyn aýakly as,  Guşgy çigildemi ýaly başga ýerde duş gelmeýän endemik görnüşleriň ýaýramagyna tebigy şertler dörändir.  Gezgädik- Gyzgädik gerşini mel, hek çökündileri düzýän bolsa, dag etegindäki çil-çil bolup, başlary bir bolup ýaýylyp açylyp gidýän gerişleri Tetis deňziniň düýbi bolan gyzyl reňkli toýunsöw çökündiler, geologiki taýdan has gadymyýet çökündileri bolan paleogen çökündileri bilen utgaşýar. Deňiz derejesinden 311 m. ýokarda, daş töwerekden 600 m. pesde ýerleşýän Ýeroýlanduz çöketligiň ýer üstüni gurşap alýan geologiki jynslar welin ertekilerdäki ýaly örän täsin. Iň pes ýerini dürli reňkler bilen öwüşgin atýan duzly köl örtýär. Onuň daş-töweregini Tetis deňziniň düýbünde ýaşap daşa öwrülen dürli görnüşli balykgulaklar, daşa öwrülen ösümlikleriň we agaçlaryň galyndylary ýaýrandyr. Bu ýerden tapylan arhiologiki gymmatlyklary goraghananyň merkezinde ýerleşýän müzeýde  ýakyndan synlamaga şertler döredilen. Şol duzly kölüň daş töweregini ýarym aý şekilli Tetis deňziniň düýbünde atylyp bilmän galan wulkaniki jynslardan ybarat bolan beýikligi 30-40 m. ýetýän diňleri bolup, duzly köle kölege salýar. Ýeroýlanduz çöketliginiň gündogar bölegini şorlar eýeleýär. Şor bilen duzly köli bolsa duzly ýap birleşdirýär. Duzly ýap wulkaniki jynslaryň üstünden akyp geçýändigi sebäpli onuň suwy ýylyň dowamynda ýylydyr. Duzly ýabyň suwunyň ýene-de bir tapawutly tarapy, onuň suwynyň üstki gatlagy sowuk bolup, aşaky gatlagynyň bolsa jana ýakymly mylaýymdan-da gyzgyn suwynyň saklanýanlygydyr. Ýeroýlanduz çöketliginiň demirazyk tarapyny beýikligi 15-20 m. gyzyl gaýalar ýarym aý görnüşinde gurşaýarlar. Bu gaýalaryň toýnakly haýwanlar bolan türkmen dag goçlary, keýikler hat-da ýyrtyjylar üçin ähmiýeti örän ulydyr. Olara gyşyň aýazyndan, tomusyň yssy jöwzasyndan goranmaga şertleri döredýär. Ýeroýlanduzyň günorta – gündogar, günorta – günbatar ugurlaryny çöle mahsus bolan çöl ösümlikleri, çerkezdir – gandym, ekzotiki görnüşli çomüçdyr – porsy gamaklar gözüňi gamaşdyrýar täsinligi döredýär.              Geliň Bathyz belentliginiň iň pes ýeri bolan Ýeroýlanduz çöketliginden Gyzgädik gerşine çenli toprak örtügine syýahat edeliň. Iň pesde şorluklar.Onda-da üsti gaýmakly şorluklar. Gaýmakly şorlüklar tomusyň jokrama yssysyndan gurap nahar duzyna öwrülýär. Geçmişde ýüpek ýolundan geçýän kerwenler Merwe, Hyrada, Eýrany şäherlerine  nahar duzuny çekilenlgi barada maglumatlar bar.           Ýeroýlanduzda Türkmenistanyň iň günortasynda ýerleşýän çäge massiwi bar. Diýmek bu ýerde çöl-çäge topragy ýaýrandyr. Ýeroýlanduzdan 600 m. deňiz derejesinden ýokaryk düzlüge, baýyrlyklara çykarsyň welin, ähli ýerini mele toprak örtýär. Mele topragam düzümindäki çägäniň, toýunyň we çüýrüntginiň mukdaryna görä görnüşlere bolünip, bu ýerde baý ösümlik dünýäsini emele getirýär. Şonuň ýaly hem ýer üstüniň keşbiniň biri pisse tokaýlygydyr. Ýurdumyzyň tebigatynyň täsinliklerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek örän gyzyklydyr, gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.                                                                                                    Çaryýarguly AKYNYÝAZOW.

12
12 17.07.2025
Täsirli geçdi

Ýakynda Tagtabazar etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň gurnamagynda etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda möhletde duran hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Täzegül Muhammetöwezowa, etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Toýly Geldiýew, etrap bilim bölüminiň müdiri Bagtyýar Nurmämmedow, etrabyň polisiýa bölüminiň ýerli wekili, polisiýanyň podpolkownigi Aga Hojagulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, tertip-düzgünleri berjaý etmek, kabul edilýän kanulary ýerine ýetirmek barada gyzykly gürrüň etdiler.    Wepa ŞARIPOW.

11
11 17.07.2025
Sagdyn jemgyýet — Berkarar döwlet

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar jaýynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TDP-niň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat prokuraturasy, welaýat adalat bölümi, welaýatyň polisiýa müdirligi bilelikde guradylar. Çärä ýokarda atlary agzalan guramalaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýatyň polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Serdar Derýaýew, welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy Şemşat Meredowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn jemgyýetiň berkararlygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaramaz endiklere garşy göreşmekde, jenaýatçylygyň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.  Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. Baýram AMANOW.

29
29 16.07.2025
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirlen bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň işgärleri we kitaphanaçylar gatnaşdy. Bu ýerde ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakalary we şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly gyzykly söhbetler edildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzda erkana ýaşaýşy üpjün edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

32
32 11.07.2025
ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda Mary welaýat tele radio studiýasynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çykyş edip, olar öz çykyşlarynda dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler dogrusynda nygtap geçdiler. Has takygy, çykyş edenler Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň dokuzynjy maslahatynda garalan meseleler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin bellediler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna, ýakyn günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy. Bu taryhy senelerde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meseleleriň geljekde döwletleriň arasyndaky işjeň gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygy barada aýdylan täsirli gürrüňler söhbetdeşligiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Söhbetdeşlikde aýdylan her bir gymmatly maglumatlaryň ýurdumyzyň ösüşi babatynda uly ähmiýete eýedigini äşgär etdi. Täsirli bolan söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyp, çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolmagynda, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar. Maksat JANMYRADOW.

24
24 09.07.2025
Ysnyşykly gatnaşyklaryň gerimi giňeýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyk,   dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýulýar.  Ýadymyzda bolsa, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Bu maslahatyň esasy maksady hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmekden hem-de şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy hem göz öňünde tutulýar.  Halkara maslahatynyň Türkmenistan döwletimizde guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň “Awazada” öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem, dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň hyzmatdaşlygyny görkezýär. Maksat JANMYRADOW.

25
25 09.07.2025
Ösüşli döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalaryna laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen dokuzynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Maslahatda deputatlar ilki bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň we başga-da birnäçe üýtgetmeleriň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da, Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasy hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýle hem maslahatda başga-da birnäçe kanun taslamalaryna garaldy we kabul edildi. Türkmenistanda amal edilýän her bir iş döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu işleriň özeninde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi durandyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.   Orazdurdy ABDYÝEW.

82
82 07.07.2025
Ýaşasyn parahat durmuş!

Golaýda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly maslahat geçirildi. Oňa welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Myrat Ataýew açdy we alyp bardy. Maslahatda TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň ýolbaşçysy, TKA-nyň işjeň agzasy Sytdyh Rahmanow, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, TDP-niň welaýat komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy Muhammetmyrat Allakulyýew, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TDP-niň welaýat komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy Maral Gulowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin döredilip berilýän mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem gözel Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlyk dogrusynda nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda bagtyýar türkmen halkyny nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi. Şemşat SAÝLYÝEWA.

32
32 05.07.2025
Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de halkara we sebit derejesinde kabul edilen resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek bellenildi. (TDH)

35
35 03.07.2025
Bitaraplyk — abadan geljegimiz

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjelerdir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýörelgesine eýerýändigi bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti uludyr. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna şan goşar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär. Mysal üçin, geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň rowaç alyp, uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat strategiýasy giň gerime eýe bolýar. Bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkidip, parahatçylykly gatnaşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa, durnukly ösüşi, abadançylygy, rahat durmuşy kepillendirýär. Laçyn KAKAJANOWA.

518
518 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

434
434 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

630
630 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

501
501 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

474
474 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

593
593 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

411
411 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

437
437 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.