Ýakynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekmegi mynasybetli geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, bilim ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Zylyha Bakyýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler bu halkara forumynyň geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygy, ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna ýardam etjekdigi dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Sülgün ATAÝEWA.