Rysgyny toprakdan gözleýän her bir ýer eýesiniň baş maksady bereketli hasyl almakdan ybaratdyr. Munuň üçin daýhan ir ertirden giç agşama çenli meýdanda bolup, ekiniň hyzmatyny ýetirýär. Idegi ýetýän ekinler kadaly boý alyp, bol hasyl toplap, ýer eýesiniň buýsanjyny artdyrýar.
Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň gyzgynlygyna garamazdan, meýdanda zähmet gaýnap joşýar. Galladan boşan meýdanlarda aralyk ekinleri ekmek işi alnyp barylýar. Şeýle-de, gowaçanyň idegini ýetirmekde yhlasly zähmet çekilýär.
Wekilbazar etrabynyň “Goňur” daýhan birleşiginiň çäginden telekeçi Ýusup Babaýew 235 gektar ýeri kärendesine alyp, bol hasyl almak ugrunda aladalanýar. Ol eýelik edýän ýerinde bugdaýy, gowaçany, gant şugundyryny ekip, bereketli hasyl ýetişdirýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 110 gektar ýerden bugdaýyň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrdy. Galladan boşan meýdanyň 28 gektar ýerini dessine sürüp, tekizläp aralyk ekin bolan gant şugundyryny ekdi. Mundan başga-da, 112 gektar ýere maňlaý derini siňdirip, gowaçadan bereketli “ak altyny” almak ugrunda aladalanýar. Ýerleriň öz wagtynda sürlüp, tekizlenmegi, suwdan gowy gandyrylmagy, ekişiň ýokary hilli geçirilmegi netijesinde gowy gögeriş alyndy. Endigan gögerip, boý alyp, hatar tutup oturan gowaçalardan göwni hoş Ýusup Babaýew we onuň kömekçileri otag etmek, hatarara bejergi geçirmek, suw tutmak, iýmitlendirmek ýaly agrotehniki çäreleri hem wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Ýer eýesi Ýusup aga gök öwüsýän gowaçalary idetmekde ýanýoldaşy Annajemal Babaýewa we kömekçileri ýakyndan ýardam berýärler.
Yhlasly zähmet çekilmegiň, ýokary hasyl almaga bolan höwesiň artmagynyň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň daýhanlar barada edýän çäksiz aladalary durýar. Çünki, biziň ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda işläniň gadyry bilinýär, olara belent sarpa goýulýar.
Biz hem Ýusup Babaýewe bol hasyl almak ugrunda çekýän asylly zähmetinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuwlaýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.