Sakarçäge etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginiň agzybir kärendeçileri hem topraga alyn derini siňdirip, oba hojalyk önümlerini öndürmekde ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. Hojalykda däne, gowaça, gant şugundyry her iki ýyldan gezekleşdirilip ekilýär. Ekin dolanyşygynyň alnyp barylmagy topragyň gurplanyp, bol hasyl alynmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Olar hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşlerine döredip berýän ýeňilliklerinden, hemaýat-goldawlaryndan ruhlanyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin ekin meýdanlarynda hyjuw bilen işleýärler.
Daýhan birleşigi boýunça 2200 gektar ýere gowaça ekildi. Kärendeçiler günsaýyn boý alýan ekinleriň idegini kemsiz ýetiýärler. Sebäbi, olar ertirki bol hasylymyzyň esasy. Elbetde, gowaçanyň ideginde işler tä hasyl ýygnalýança dowam edýär. Özem olaryň biri beýlekisinden derwaýys. Muňa oňat düşünýän kärendeçiler toprakdan maňlaý derini aýamaýarlar. Ýer eýelerine mehanizatorlar hem ýakyndan kömekçi bolýarlar. Kärendeçileriň alkyşlaryna mynasyp bolan tejribeli mehanizatorlar Kakadurdy Hojammaýew, Kyýas Hangeldiýew, Bagtyýar Amangeldiýew ekin meýdanlarynda kultiwatorlar bilen hatarara bejergini, gowaçalary iýmitlendirmek işlerini alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk işgärleri üçin döredip berýän ýeňilliklerinden, hemaýat-goldawlaryndan peýdalanyp zähmet çekýän pagtaçy kärendeçiler üstümizdäki ýylda pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirerler. Pagtaçylar şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň belleniljek ýylyny zähmet üstünlikleri bilen beslemegi maksat edinýärler. “Maksatly — menzil aşar” diýlişi ýaly, hojalygyň ýer eýeleriniň çekýän zähmetlerini nazarda tutsaň, olaryň arzuwlarynyň hasyl boljakdygyna ynamyň artýar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








