Ajap eýýamymyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan ugur alnyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişli menzillerimizem beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň belleniljek ýylynyň şanyna şan goşýar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylda-da il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda alnyp barylýan işleriň bady artýar. Gürrüňi edilýän meselede ilatyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjünçiligi ýurdumyzda möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegini hemişe üns merkezinde saklap, bu wajyp mesele bilen bagly tutumly işlere badalga berýär. Bu mesele babatda welaýatymyzyň çäginde-de netijeli işler amala aşyrylýar.
Welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde “Marywelaýatagyzsuw” birleşigimiziň zähmetsöýer adamlarynyň yhlas-tagallalary bilen uly üstünliklere eýe bolunýar. Birleşigimiziň suw arassalaýjy desgalarynyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylyp, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gazanmakda ähli aladalar edilýär. Talabalaýyk arassalanan agyz suwuny sarp edijilere bökdençsiz ýetirmegem möhüm wezipe. Ýene bir bellemeli zat bolsa, sarp edijilere berilýän suw himiki-bakteriologiki barlagyndan geçirilip, suwuň hiliniň ýokary talabalaýykdygyny gazanmakdyr. Bu meselede-de işler kemsiz ýola goýlup, aladalarymyz ýerine düşýär.
Biz işimiziň ýokary jogapkärçiliginden ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýäris.
Rejepmyrat HOJAMYRADOW.








