WATIKAN — 0,44 km2
Bu döwletiň döreýiş döwürleri VIII asyryň jümmüşine siňip gidýär. 752-nji ýylda franklaryň koroly Pipin Korotkiý Papa Italiýanyň merkezi bolan Rimden ýer beripdir. Şeýdibem Watikan döwleti döräpdir.
Watikan — Rim papasynyň rezidensiýasy bolup, bu ady “Pal atylýan ýer” diýip düşündirýärler.
Dünýäniň iň kiçi döwleti bolan Watikan Rim Papasy tarapyndan dolandyrylýan “şäher hem döwlet” bolup, häzirki wagtda bu döwletde 900 adam ýaşaýar. Watikan döwletiniň meýdan çäginiň ýarysyny baglar tutýar.
MONAKO — 1,95 km2 PAÝTAGTY — MONAKO-WILL
Monako — Fransiýadaky Nissa şäheriniň ýakynynda, Liguriýa deňziniň kenarynda kiçijik döwlet, şäher. Bu şäheriň orny b. e. öňki VII — VI asyrlarda Gerkules Monahyň hormatyna sežde edilýän ýer bolany üçin Gerkulesiň monoikos (“mejnun”, “ýekegezer”, ýagny monah) diýen lakamy bilen bu ýeriň ady hökmünde kabul edilipdir.
Bu döwletiň hem şäheriň bir tarapy Fransiýa, bir tarapy bolsa deňiz bilen gurşalandyr.
Monako Ýewropada ilatynyň gürlügi
(1 km2 — e 16403,6 adam) bilen tapawutlanýar.
Internet maglumatlary
esasynda taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.