Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyndaky beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, bu ulgamyň pajarlap ösmeginde giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda-da bu ulgam babatynda ykjam hyzmatdaşlyklary ýola goýýar. Dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň çäklerinde geçirilýän halkara festiwallardyr maslahatlar, bäsleşikler bu aýdýanlarymyza doly şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň abraýly guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegä uly ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy— — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy we giňeltmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu guramanyň düzümine girmegi, milli gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň üçin ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, indi, ençeme ýyl bäri, has takygy, 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly baýram edilip bellenilýän günleriniň öň ýanynda Medeniýet hepdeligi welaýatlarda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Her ýyl asylly däbimize öwrülen bu hepdeligiň dowamynda bäş welaýatyň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda täsirli çärelerdir konsertler guralýar. Munuň özi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň beýik sepgitlere ýetendiginden, ýurdumyzyň toý-baýramly Diýara öwrülendiginden habar berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirilip, ol ýerde dürli dabaralar guralar. Oňa biziň welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleri, teatr ussatlary, şeýle-de, şahyrlary gatnaşarlar. At-owazasy dünýä doljak Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ajaýyp sahna oýunlaryna, şirin owazlara beslenjek konsertlere tomaşa ediler. Şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçiljek hepdelige gatnaşyjylar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edip, guraljak dabaralara işjeň gatnaşarlar.
Medeniýet hepdeligi mynasybetli biziň welaýatymyzda hem dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçiriler. Biz bu baýramçylyk dabaralarynyň ählisiniň gözli şaýady bolup, olara işjeň gatnaşyp, gazetdir žurnallarda, teleradio ýaýlymlarynda şöhlelendirmäge öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
Sülgün ŞADYÝEWA.