Gobi çöli Mongoliýanyň hem-de Hytaýyň çägi bilen uzap gidýän uly çölleriň biri. Ol gündogardan günbatara 1800 kilometre, günortadan demirgazyga çenli bolsa 600 kilometre ýaýylyp gidýär. Geografik ýerleşişi taýdan iň sowuk we howasy-da ýowuzdyr.
Mohawe çölüne, Amerikada “Täze dünýäniň Saharasy” hem diýilýär. Bary-ýogy 30 müň inedördül kilometri tutýar. Ony “ýeriň üstündäki dowzah” diýibem atlandyrýarlar. 1972-nji ýylda Mohawe çölünde çägäniň “Ýanýandygy” — 94 gradus dereje gyzgynlyk bellige alyndy.
Ýanan heke meňzeş. Gözýetimi howurdan ýaňa salgymly tolkun atýan Çiuau çöli Meksikanyň demirgazyk böleginde ýerleşýär. Aýak bassaň, hek känine düşene dönýän bu çöllüge “ak çöl” diýilýär.
ABŞ-nyň günortasyndan Meksikanyň demirgazygyna uzap gidýän Sonora çöli subtropik çäkde ýerleşýär. Ygalyň ýyllyk möçberi 100-200 millimetr, tomus gyzgynlyk 43 gradusa ýetýär. Onuň täsin meskit tokaýlary bar. Meskitiň boýy 18 metre, ýogynlygy 5 metrden geçýär.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan
Sähet HOJAGELDIÝEW.








