Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda telekeçilik işi mynasyp oruny eýelemek bilen ynamly öňe barýar. Ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berilýär hem-de döwlet tarapyndan gollanýar. Bu bolsa bazarlary halkyň sarp edýän köp görnüşli harytlary bilen üpjün etmäge esas bolup durýar. Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde ýerleşýän “Ýedi ýyldyz” haryt nyşanly tikinçilik kärhanasynyň öndürýän döwrebap egin-eşikleri hem ak bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň emele gelmegine goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdymyzda telekeçilik işlerini giňden ýaýbaňlandyrmak we bu ulgamy ösdürmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işlerden ruhlanyp tutanýerli zähmet çekýän Mary welaýatnyň Ýolöten şäherinde ýerleşýän “Ýedi ýyldyz” haryt nyşanly tikinçilik kärhanasynda döwrebap egin-eşikleri öndürmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Janamita, Awrora ýaly birnäçe dünýäniň ösen döwletleriniň belli kompaniýalarynyň hususanda Hytaý halk respublikasynyň ýokary hilli tikinçilik enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanada enjamlaryň dört we bäş sapakly görnüşleri, etekleri gasyjy, şekil basyjy, nagyşlaýjy hem-de bezeg gaşlaryny ýerine ýetiriji enjamlary sazlaşykly işledilýär.
Kärhananyň ussat çeper elli tikinçileri tarapyndan dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar, ýetginjekler hem-de uly ýaşlylara niýetlenen egin-eşikleriň 33 görnüşini biçilip, tikinçilik bölüminde bolsa taýýar edilen önümler “Ýedi ýyldyz” haryt nyşany bilen satyşa taýýar edilip söwda nokatlaryna ugradylýar. Halkymyzyň ösen isleglerini döwrebap egin-eşikleri öndürmek bilen kanagatlandyrýan bu kärhanada häzirki wagta kärhanada 1 ýaş we mekdebe çenli çagalar üçin egin-eşikleri hem-de ýetginjek gyzlar we oglanlar üçin niýetlenen sport geýimleri öndürilýär. Öndürijilik kuwwaty ýokary bolan bu kärhanada hepdede matalaryň 5 müň metri işlenip önüm öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kärhanada gelin-gyzlaryň 50-si zähmet çekip, bu zähmetsöýer tikinçiler gelejekde hem önüm öndürmekde aýda 40 müň metr matany işläp ýokary netijeler görkezmekligi özlerine maksat edinýärler. Kärhanalaryň işçileri telekeçilik işlerine uly goldaw berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.