Ýakynda goňşularymyzyň gelin toýunda bolduk. Ýeňini çermäp, uz ýaşynyp, toýda hyzmat edip ýören gelinde nazarym eglendi. Oňa habar gatdym.
— Gelin, öýüňizde hem ýaşynýarsyňyzmy?!
Ol başyny atdy.
— Näçe ýyl bäri?
Ol 3 barmagyny görkezdi. Diýmek, 3 ýyl bäri ýaşynýar. Töweregimdäkiler ol gelniň ýokary bilimli hünärmendigi barada guwanç bilen aýtdylar. Şol pursatda ýaşmakly gelin meniň öňümde beýik mertebä, nusgalyk mekdebe öwrüldi. Çünki, ýaşmak — bu gelniň milliligimize, öý-ojagyna, gaýynlaryna goýýan hormaty.
Bu görnüşi beýan etmek bilen, ýaş gelinlerimiziň her biriniň edep-ekramly, mähir-mylakatly, sabyr-kanagatly bolmagyny ündemek isleýärin. Dogry, ýaşmaklam, ýaşmaksyzam hormat-sylagy saklap bolar. Esasy zat — durmuş öwrümlerinden baş alyp çykmak. Geçirimli bolmak.
Özüm-ä gelinlerimiň öý-ojagy arlap-durlap, çagalaryny arassa, tertipli saklap, agzybir girip-çykyp ýörenlerini, myhmana güler ýüz, şirin söz bilen hyzmat edişlerini hiç bir zada çalyşjak däl.
“Gaýynly gelin — gapakly gazan” diýipdirler. Ýamanyňy ýaşyryp, ýagşyňy ýaýyp oturan gaýyneneli, gaýynataly ojak — döwletiň başy. Ösüp kemala gelýän körpelerimize olaryň siňdirýän mähir-söýgüsi, öwüt-ündewleri agtyklarymyzy durmuşyň ak ýoluna atarýar.
Mähriban gelinler, siziň her biriňiziň durmuşymyzyň bezegi bolup, iş bitirip ýörmegiňizi, size iner ýaly ogluny, hany-manyny bagyş eden mährem ynsanlary sylap-hormatlap, agzybir durmuşda ýaşamagyňyzy arzuw edýäris!
Ata-baba dowam edip gelýän däplerimize eýerýän ýaşmakly gelinlerimize bolsa “Berekella!” diýýäris.
Bizi asuda Watanyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ene ýüregimden alkyşlaýaryn.
Oguljuma KIÇIÝEWA.








