Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde TMÝG-niň şäher geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, şäheriň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Talyplaryň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda guralan duşuşyk hemmeler üçin örän täsirli boldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilýän kanunlary içgin düşündirmek, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny we sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ündemek maksady bilen geçirilen duşuşykda welaýat prokuraturasynyň uly prokurorynyň kömekçisi, I derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Toýly Babaýew, Wekilbazar etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi Oguljan Gurbanowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnahal Muhammetamanowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa we S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy Aýna Kamarowa çykyş etdiler. Olara ýokarda agzalan temalar boýunça içgin gürrüň etdiler we ýaşlaryň tertip-düzgünli bolmalydygyny ündediler.
Güljemal Toýkulyýewa.








