18-nji iýunda paýtagtymyzda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Şol gün Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýaryşyň jemleri jemlenip, onuň ýeňijilerine medallaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenende, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlar aýratyn tapawutlanmagy başardylar.
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçüler 3 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç, jemi 10 medal gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. Şeýle-de ikinji orna 2 altyn, 2 kümüş, jemi 4 medal bilen Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 1 altyn, 1 bürünç, jemi 2 medal bilen Gazagystan Respublikasynyň türgenleri mynasyp boldular.
Halkara küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde-de Türkmenistanyň küştçüleri birinji orny eýelediler. Ýaryşyň bu görnüşinde ýaş küştçülerimiz umumy medal hasabynda 4 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç — jemi 9 medal gazanyp, bu oýunda zehin taýdan tapawutlanýandyklaryny subut etdiler. Blitz ýaryşynda ikinji orna 2 altyn we 1 kümüş gazanan Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 3 kümüş we 2 bürünç medal gazanan Gazagystan Respublikasynyň küştçüleri mynasyp boldular.
Şeýlelikde, sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç — jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orna 4 altyn, 3 kümüş medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri mynasyp boldular. 1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň türgenleri bolsa üçünji orundan paýly boldular.
Baýrakly orunlary eýelän zehinli küştçülere olaryň mynasyp bolan medallary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Daşary ýurtly myhmanlar Aşgabatda geçirilen ýaryşyň ýokary derejesini hem-de ony geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri uly guwanç bilen aýratyn nygtadylar.
Günüň ikinji ýarymynda ýaryşa gatnaşyjylar Arkadag şäherine gelip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň öňünde surata düşdüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar — Arkadag şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halkara ýaryşa gatnaşyjylar, Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri dabaranyň geçirilýän ýeri bolan “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanyna geldiler.
Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Aşgabat şäherinde küşt boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu bäsleşigiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýetini bellediler hem-de küşt sportunyň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Garaşsyz Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň röwşen geljegi, eşretli durmuşy, döwrebap bilim-ylym almagy, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygyna üns çekildi.
Çykyş edenler Aşgabatda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryşyň sport diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň oňyn netijeler bilen begendirýändiginiň güwäsine öwrülendigini aýtdylar hem-de ýaryşa gatnaşyjylary bu sport çäresiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutladylar.
Soňra sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Sowgatlar ýaryşa gatnaşan çagalaryň ýany bilen Aşgabada gelen olaryň ata-enelerine, tälimçilerine, lukmanlaryna, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna hem gowşuryldy.
Soňra ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Şeýlelikde, küşt boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy.
TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.