Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi. Bu maslahat ýaşlary telekeçilige çekmek, olara telekeçilik işine başlamaga goldaw bermek, höweslendirmek we degişli maslahatlary bermek ýaly derwaýys meselelere bagyşlandy. Maslahatyň dowamynda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak barada edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän telekeçiler ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümler we harytlary bilen üpjün etmek işlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar – diýip bellediler. Bu ulgama ýaşlary çekmek we olara goldaw bermek, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek boýunça senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň alyp barýan işleri dogrusynda hem aýratyn nygtalyp geçildi. Telekeçiligi ösdürmek barada amala aşyrýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Çarymuhammet Saparow.








