Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy ir säherde mukaddes Döwlet Senamyzyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy.Dabarada hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna,talyp ýaşlaryna,mugallymlaryna,bilim işgärlerine iberen mähirli gutlagynyň okalmagy hemmelerde ýokary ruhubelentligi döretdi.Çykyş eden professor-mugallymlar döwletimizde orta mekdepleriň,ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň täze,döwrebap binalaryny gurduryp berip,ýaş neslimiziň ylymly-bilimli,giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.Dabarada şu ýyl talyp diýen hormatly ada eýe bolan ýokary okuw mekdebiniň birinji ýyl talyplaram çykyş edip,saýlap alan hünärlerini kämil derejede ele alyp, ökde hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.Bu ýerde okuw mekdebiniň talyp ýaşlaryna simwoliki açaryň we talyp şahadatnamasynyň gowşurylmagy,institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda halkymyza,Watanymyza,hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamynyň ýerine ýetirilmegi şu günki çäräniň iň bir dabaraly,göwün göteriji pursatlary boldy.Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ilkinji jaňyň kakylmagy bilen birinji ýyl talyplar mukaddes Döwlet Baýdagymyza tagzym edip,okuw mekdebiniň binasyna girdiler hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly” diýen at bilen geçirilen ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar.
Sapardurdy Ýaýlyýew.








