Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy täze basgyçlara götermek hem-de ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi ýurdumyzyň zehinli ýaşlary üçin uly sungat meýdançasyna öwrüldi. Bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry milliligimizi dabaralandyrýan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Dabaraly çäre welaýatyň etraplaryndan we şäherlerinden gelen ýaş aýdymçylaryň hem-de köp sanly sungat söýüjileriň başyny bir ýere jemledi. Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşigiň dowamynda çykyş eden ýaş zehinler Watana bolan buýsanjy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miwesini, baky Bitaraplygymyzyň şöhratyny, ene topragyň gözelligini we dost-doganlygy wasp edýän ajaýyp aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Sahnada belentden ýaňlanan owazlar, çeper çykyşlar we milli geýimleriň öwüşgini dabara özboluşly baýramçylyk ruhuny bagyşlady. Emin agzalarynyň gymmatly maslahatlary we adalatly baha bermeklerinde gatnaşyjylaryň ses mümkinçilikleri, sahnada özüni alyp baryş medeniýeti, aýdymyň mazmuny we ýerine ýetiriş ussatlygy esasy aýratynlyklar hökmünde üns merkezinde göz öňünde tutuldy. Joşgunly geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça eminleriň adalatly baha bermegi bilen, ýaş aýdymçylardan Mähri Akmyradowa “Mukamyň syry” kinofilminden ýerine ýetiren “Karkaranyň aýdymy” aýdymy bilen, hem-de Uzukjemal Pälwanowa ýerine ýetiren türkmen halk aýdymy “Durnanyň” aýdymy bilen öňe saýlanmagy başardylar. Olar bäsleşigiň baýrakly orunlaryna mynasyp bolup, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň döwlet, jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çäräniň soňunda dabaraly ýagdaýda ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň tarapyndan hormat hatlary we gymmat baha sowgatlary gowşuryldy. Ýokary ruhubelentlige, şatlyk şowhuna beslenen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň uly buýsanç bilen ýerine ýetirmeginde “Ýaňlan, Diýarym!” atly aýdymy medeniýetimiziň-sungatymyzyň Hak howandarlary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşlarynyň hem hoşallyklarynyň beýany bolup belentden ýaňlandy. Ýaşlaryň sungat ýolunda kämilleşmegi üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.
Azat BEGLANOW








