Düýn hemmelerde täsirli duýgulary, ýatdan çykmajak pursatlary galdyran Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy bolup, ol gün Garpamykdyr Aýazbaba körpeje çagalar bilen bilelikde Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelenç etdiler. Ak lybasly, elleri yşyklar bilen owadan hatary gurap barýan çagajyklar Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde welaýatymyzdaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada bezelen Baş arçanyň ýanyna bardylar. Göreni haýrana goýýan bu meýdança diýseň owadan bezelipdir. Baş arçanyň gözelligini bolsa, görmäge göz gerek, wasp etmäge — söz.
“Türkmeniň Ak öýi” binasynyň meýdançasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, bagtyýar çagalaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Ondaky ýaňlanan şirin owazlardyr ajaýyp tanslar baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Çagajyklar bezemen arçanyň daşynda el-ele berip, aýdym aýdyp, şatlandylar. Garpamykdyr Aýazbaba çagalaryň şowhunyna goşulyp, arçanyň daşynda aýlandylar. Şatlyk-şowhuna beslenen pursatlarda Baş arçanyň yşyklary ýakyldy. Aýdym-sazlara utgaşyp gidýän owadan yşyklar baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.
Sülgün ŞADYÝEWA.








