Öňräk körpe oglumyzy öýerip, toý tutduk. Uly gyzym toýa gelende özüniň owadan, galyň halyň üstünden ýazylýan matalaryndan “Toý geçýänçä ulanyň” diýip üç sanysyny getiripdir.
Bir gün uly gyzym bizi nahara çagyrdy. Iki gelnim bilen agtygyma: “Taýýar bolan bolsaňyz, ulag tutup geljek” diýip uly ýoldan ulag tutup geldim. Matalary hem ulagyň yzyna atyp, ýola düşdük. Sürüji oňat oglan eken, ýolboýy gümür-ýamyr edişip, düşüp galdyk. Ulag gidensoň men birden: “Wiý, matalary almandyrys” diýip seslendim. Aljyrap, ulagyň yzyndan seretdim. Ulag eýýäm gözden ýitipdir.
Meniň iýip-içip hem mazam bolmady. Iki gulagym daşarda. Özümem: “Adamyň zadyna eýelik etjek oglana meňzänok, ýüzi-gözi nurana, gepi-sözi ýerbe-ýer eken” diýdim. Gyzymam: “Eje, arkaýyn iýip-içsene, getirer, getirmese-de zyýany ýok” diýdi.
Gyzymyňkyda ep-esli wagt oturdyk, soň öýe geldik. Günortanyň yssysy geçdi. Şol wagt işikde ulagyň sesi eşidildi. Men turup, daş çykdym. Görsem, şol oglan ýylgyryp dur. Ol: “Daýza, bagyşlaň! Öýüme barýançam ýadyma düşmändir” diýip matalary tagta sekiniň üstünde goýdy. Men alkyş baryny aýdyp, özüniň niredendigini soradym. Ol: “Men Wekilbazar etrabynyň G. Atabaýew geňeşliginden” diýdi. Men: “Çaý-çörek iýip-içip gidäýiň, goşmaça ýol puluny hem bereýin” diýdim. Ol bolsa: “Ýok, daýza, zat gerek däl, sag boluň!” diýip, ulagyny sürüp gitdi.
Men matalary göterip, begenip öýe girdim. Birdenem: “Wah-eý” diýip, seslendim. Gelnim: “Daýza, indi näme boldy?” diýdi. “Wah, ýaňky oglana toý ýaglyk bir beren bolsak bolmaýamydy?” diýip ahmyrly nazarymy toýa gelen süýji-kökelere aýladym.
Bäş minut giç gelen pikirime ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedim. Onsoň men öz düzen goşgularymyň içinden: “Gowular bar, şoň üçin ýaşaýar Zemin” diýen setirimi serimde aýlap, ýaňky ýigidiň ynsaply, halal häsiýetlidigine guwandym, ony terbiýelän ene-atasyna alkyş okadym.
Megerem, meniň begenşimi duýmak, olar üçin iň gowy sowgatdyr. Gowular şeýle bolýar ahyry.
Mährigözel DURDYÝEWA.








