Gadym zamanlarda juda agzybir ýaşap, il-ulusa görelde bolup ýören är-aýal bar eken. Aýaly her gün irden tamdyrda 4 sany ýagly çörek bişirip, onuňam ýagly ýerini ärine berip, aşaky — tamdyra ýapýan ýerini özi iýer eken.
Şeýlelikde, bular 30 ýyllap bile ýaşapdyrlar. Şol 30 ýylyň içinde her gün şu ýagdaý gaýtalanyp, olar süýji durmuşyň hözirini görüpdirler.
Şol günleriň birinde ýaňky aýalyň gulagyna daňdanlar şeýle owaz gelipdir: “Sen ony şeýle ezizläp söýseňem seniň äriň seni jany-teni bilen söýenok, sen indiden beýläk çöregiň ýagly ýerini özüň iý-de, çöregiň aşagyny äriňe ber!”. Bu owaz üç gezek dagy gaýtalanypdyr, ana, şol günden başlap aýaly ärine çöregiň aşaky gatyny berip ugrapdyr.
Günleriň geçmegi bilen bir gün äri aýalyna garap: “Wah, keýwany, ikimiz 30 ýyl bir saçakdan bile çörek çeýnäp ýörsegem göwnüňe bir zat alarmykaň öýdüp, men saňa şuny aýdyp bilmän ýördüm. Haý, şun-a özüňden bilip oňaraýypsyň-ow, köp sag bol” diýipdir.
Şunlukda adamzadyň et bilen derisiniň arasynda mesgen tutan nälet siňen şeýtanyň pirimi paşmandyr. Bular öňküsindenem has agzybirlikde ýaşap başlapdyrlar.
Taýýarlan
Atamyrat TORLYÝEW.








