Bakja önümleriniň iň peýdalysy hasaplanylýan garpyzyň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri örän uludyr. Düzüminiň 90 göteriminden gowragy suwdan ybarat bolan garpyz teşneligi gandyrýandygy we ýeňil siňýändigi bilen tapawutlanýar. Garpyz öt we iç gatama keselleri, saçyň sagdyn ösmegi hem-de düşmezligi üçin hem peýdalydyr. Onuň düzümindäki magniý we kaliý gan basyşy kadalaşdyrmaga kömek edýär. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gerekli elementleriň biri bolup, ol bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Adam bedenine gerek bolan magniýniň möçberi üçin günüň dowamynda 150 gram garpyz iýmek maslahat berilýär.
Bulardan başga-da, garpyz derimize ýeterlik derejede çyglylyk berýär. Çünki garpyzyň suwy deri öýjükleriniň täzelenmegini üpjün edýär. Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, ol halk lukmançylygynda bagyr we ýürek-damar ulgamynda näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan keselleri bejerýär, böwrekdäki we peşewhaltadaky daşy çykarýar.
Alymlaryň bellemegine görä, garpyzyň çigidi hem ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Garpyz çigidi adamyň immuniteti we nerw ulgamy üçin möhüm ähmiýeti bolan B witaminler toparyny özünde jemleýär. Çigidiň bir gysymynda demriň 0,3 milligramy bar. Onuň 4 gramynda bolsa magniýniň 24 milligramy bolýar. Umuman, garpyz we onuň çigidi saglyk üçin örän ähmiýetlidir.
Oguljahan RAHMANOWA.








