Ir döwürde bir daýhanyň eşegi, aty, geçisi bar eken. Bir gün daýhanyň kellesine bir pikir gelýär. Ol haýwanlaryny synap görmekçi bolýar. Daýhan öz işi bilen gümra bolan bolup, haýwanlaryna hiç hili seretmändir. Atyna iým bermändir, eşegine ot dökmändir, geçisine bolsa arpa bermändir. Bular eýesine garaşyp ýadapdyrlar we goh turzup başlaýarlar. Daýhan olara üns hem bermändir. Eşek uzak garaşyp çydaman, aňňyryp ýola tarap çykýar welin, ýoldan geçip barýan bir adam onuň ýanyna gelýär. Ol eşegiň eýesiniň ýokdugyny görýär-de, alyp gidiberýär. Geçiniň hem garaşmaga takady ýetmeýär goňşusynyň ýatagyna girip gidýär. Goňşusy muňa, diýseň, begenýär, sebäbi şol geçä ozalam gözi gidip ýören eken. Ol geçini alyp ýatagyna salýar. Gezek ata ýetýär. At bolsa: “Atym bar — ýoldaşym bar” diýlişi ýaly, daýhanyň gözüniň alnynda geziberýär. Ol eýesiniň ýanyndan gitmeýär. Daýhan atyny sypap:
— Gör, sen nähili wepaly dost ekeniň! Näçe kyn güne düşseň-de eýäňi taşlap gitmediň. Hakyky wepaly dost nähili ýagdaý bolsa-da, eýesini taşlap gitmez. Sen meniň wepaly dostum — diýip, atyna buýsanyp, atynyň boýnundan mähir bilen gujaklapdyr.
ÝazjemaI JEPBAROWA.








