Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
weather mary 6° C Mary
weather mary 6° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

301 12.09.2024

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Ýožef Rožanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada teklipleri berdiler hem-de medeniýet we bilim ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

0
0 05.02.2026
Ýylyň zenany bäsleşiginiň Mary etrap tapgyry

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga  aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek, ösüşleriň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak, ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen beýik sepgitleri, wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Halkara zenanlar güni mynasybetli Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän  zenanlaryň arasynda “Ýylyn zenany” atly bäsleşik yglan edilýär. Şeýle bäsleşikleriň birem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary etrap bölüminiň  guramagynda  Mary etrap Peşanaly şäherçesindäki  medeniýet öýünde „Ýylyň zenany“ atly Mary etrap tapgyry geçirilip, ol egsilmejek ruhubelentlige beslendi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşan zenanlar  özleriniň döredijilik ussatlyklary, ukyp-başarnyklary we öňde goýlan maksatlary boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan miras galan, nepislik bilen bezelen  el işleriniň we  dürli görnüşdäki  milli toý lybaslarynyň görnüşleriniň giň gerimde ýaýbaňlanan sergisem oňa özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşikde has tapawutly çykyş edip, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary etrap bölüminiň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaram giň gerimde ýaýbaňlandy. Bagtyýarlyk döwrümiziň tarypyny ýetirýän şowhunly çykyşlar bäsleşige gatnaşanlaryň ruhuny göterdi. Egsilmejek ruhubelentlige beslenip geçirilen bu bäsleşikde oňa gatnaşan bagtyýar zenanlar halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

0
0 05.02.2026
Muzeýe gezelenç

   “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanatmakda nusga alarlyk işler alynyp barylýar. Halkymyzyň ruhy  ahlak gymmatlyklaryna , milli medeniýetine , däp-dessuryna daýanyp ,ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmakda-da birnäçe  işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda talyp ýaşlar we guramanyň işgärleriniň we işjeň agzalary bilen gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşan ýaşlar muzeýiň ähli bölümlerine aýlanyp, tebigatyň täsinliklerini we  gadymdan gelýän däp – dessurlarymyz , milli gymmatlyklarymyz hem-de köp asyrlyk taryhymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar özleriniň birnäçe gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşanlar Milli medeniýetimizi ,taryhy geçmişimizi öwrenmäne we dünýä ýaýmaga nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

1
1 05.02.2026
Gatnaşyjylara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady

      Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň etrap komitetleriniň, Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp saz-söhbetli dabara geçirildi. Bu dabaradaky çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda her bir ýylyň mynasyp atlandyrylyşy, üstümizdäki ýylyň hem behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many-mazmunuň barlygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Eýle hem bedew atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy dogrusyndaky gürrüňler hem dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik işgärleriniň döwrebap aýdym – sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Asuda, parahat, erkana  Watanymyzy, agzybir halkymyzy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny wasp edýän aýdymdyr-sazlar we joşgunly tanslar dabara gatnaşanlaryň buýsançly kalbyny belende göterip, olara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady. Merjen Çaryýarowa.

1
1 05.02.2026
Taryhy ýerlere gezelenç

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimiz we sungatymyz barha özgerýär we ösdürilýär. Taryhymyzy watandaşlarymyza we ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Mary welaýatyň Türkmen döwlet Energetika institutynyň gurnamagynda Energetika institutynyň talyplary  bilen “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärliklerinde gezelençde boldylar. Gezelenjiň dowamynda ýaşlara bu gadymy taryhy ýadygärliklerimiziň döreýşi, onda ýerleşýän “Soltan-Sanjaryň” kümmetiniň we “Gyzlar” galasynyň hem-de “Erik”galasynyň gurluş aýratynlyklary dogrusynda täsirli gürrüňler berildi. Şeýle hem bu ýadygärliklerde taryhy we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri barada hem giňişleýin maglumat berildi. Talyp ýaşlar aýlanyp taryhy geçmişimiziň we tebigatyň täsin gözellikleri bilen ýakyndan tanyş boldylar. Ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesiller täsirli gezelenjiň dowamynda özleriniň  gyzyklanýan soraglaryna takyk jogap tapdylar. Maýa Annameredowa.

1
1 05.02.2026
Mirasyma hormatym bar, sarpam bar

   “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň-mekany” ýyly mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde Sakarçäge etrap häkimliginiň etrap medeniýet bölüminiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň gurnamagynda hem dabara geçirildi. Etrap merkezindäki  Medeniýet öýünde “Mirasyma hormatym bar,sarpam bar” atly geçirlen medeni çärede Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň halk döredijilik merkeziniň medeniýet işgärleri çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we edebi mirasymyzy ösdürmek barada edýän  aladalaryna mynasyp iş bilen jogap berýän medeniýet işgärleriň aýdym-sazly çykyşlary özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlandy. Bu ýerde ýerne ýetirilen folklor çykyşlarynda ene-mamalarymyzdan miras galan nusgalyk el işleri, milli şaý seplerimiz görkezilip olar täze öwüşgine, many-mazmuna eýe boldy. Bagşy sazandalaryň,ussat aýdymçylaryň çykyşlarynda bolsa Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde amala aşyrýan rowaç işleri, ýylyň döwrebap atlandyrlan şygary astynda gazanylýan üstünlikler we ajaýyp döwrümiz joşgunly wasp edildi. Maýa Annameredowa.

36
36 30.01.2026
Bedew batly Garaşsyz, Bitarap Watan

Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergi zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de muzeýiň bilelikde guramagynda “Bedew batly Garaşsyz, Bitarap Watan” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly, at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli guralan sergä ýaşuly nesliň wekilleri, kitaphanaçylar, muzeýiň işgärleri, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de welaýat, şäher, etrap  zenanlar bölümleriniň işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada täsirli çykyşlara giň orun berlip, onda muzeýiň işgärleri sergide ýerleşdirilen eksponatlar dogrusynda gürrüň etdiler. Mundan başgada, çykyş edenler üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynda uly ähmiýetiň bardygy, ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünliklere ýetilýändigi barada durup geçdiler.  Kakajan TÄÇGULYÝEW.  

29
29 30.01.2026
Sagdynlygyň  ýörelgesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmegiň ýeňişli menzilleri rowaçlanýar. Sportuň ösdürilmegi halkyň saglygyny goramakda, berkitmekde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna-da netijeli täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri bu gün sporta höwesek ýaşlaryň mekanyna öwrüldi.  Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri türkmen sportunyň halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu meselede Türkmenistanyň halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni, GDA-nyň Aşgabat şäherinde geçirilen Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegem taryhy waka boldy. Bularyň hemmesi Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň barha ýokary göterilýändigine aýdyň subutnamadyr. Şeýle üstünlikli ýörelge “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar. Maksat ŞIRIÝEW.  

26
26 30.01.2026
Älemgoşar  derýasy

 KANO-KRISTALES — Kolumbiýada bir derýa bolup, Losado derýasynyň sag goşandydyr. Bu täsin derýa Kolumbiýa döwletiniň merkezi böleginde, And daglarynyň etegindäki Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähiniň meýdan çäginiň içinden akyp geçýär. Onuň uzynlygy 100 kilometre, ini 20 metre barabardyr.  Tebigatyň bu ajaýyp künjegi 1969-njy ýylda çopanlar tarapyndan açyldy. Bu älemgoşar derýasy dünýäniň iň owadan derýasy hasaplanylýar. Bu derýa “Kristal derýasy” ýa-da “bäş reňkli derýa” diýlip atlandyrylýar. Sebäbi, bu derýanyň düýbünde dürli reňkli suwotularynyň bäş: gyzyl, gök, gara, sary hem-de ýaşyl reňkleri gabat gelýär. Bu reňkler bolsa ýylyň dowamynda howanyň temperaturasyna görä dürli öwüşginleri berýär. Derýanyň reňki esasan kümüşsöw,  ýaşyl reňkde bolýar. Ýylyň yssy wagtlarynda bolsa günüň ýiti şöhlesiniň täsiri netijesinde derýanyň düýbündäki suwotular açyk gyzyl, mämişi reňkli öwüşginleri berýär. Derýanyň mohly hem-de çägesöw ýerlerinde düýbündäki suwotular gara hem-de sary reňklere öwrülýär.  Amazonka jeňňelliginiň barmasy kyn bu gözel künjegi 2009-njy ýyldan başlap Kolumbiýa döwletiniň syýahatçy älemşynaslarynyň iň meşhur mesgenine öwrüldi. Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähi ÝUNESKO-nyň tebigy gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Bu ýerden akýan derýanyň suwunyň düzüminde duzlaryň, minerallaryň hiç bir görnüşleri bolmasa-da suwuň içinde balyklaryň bolmazlygy örän täsindir. Derýa suwundaky täsinlikleri esasan ýylyň gurak wagtynda, has takygy, iýun-noýabr aýlary aralygynda synlamak has hem ýakymlydyr. Kano-Kristales derýasynyň ugrunda birnäçe şaglawuklar, aýlawly guýular bolup, ol ýerler syýahatçylaryň iň söýgüli ýerlerine öwrülipdir.  Bu derýanyň akym ugrundaky basgançakly şaglawuklara ýerli ilat «Basgançak»’ diýip at berýär. Derýa boýlaryndaky dag daşlaryndaky gaýalaryň ýüzünde ir döwürlerde ýaşan indeý taýpalarynyň ilatynyň çeken suratlary gabat gelýär.  Dag gerişlerinden akýan bu ajaýyp derýa Ýer togalagynyň gadymylygyndan habar berýär. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bu derýanyň ýaşy 1 mln. 200 müň ýyla barabardyr. Ekologik taýdan arassa Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähinde janly organizmleriň 8 görnüşi, süýrenijileriň 43 görnüşi, amfibiýalaryň 10 görnüşi we guşlaryň 420 görnüşi gabat gelýär.  Taýýarlan  Amanmyrat ÝAMADOW.   

29
29 30.01.2026
Sabyr  soňy — sap  altyn

Sabyrlylyk ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biridir. Sabyr, aslynda, çydam edip garaşmak ukybydyr. Bu ajaýyp häsiýet barada akyldar şahyrymyz          Magtymguly Pyragyda şeýle setirler hem bar:         Sabryň bolsa subhan ýeter dadyňa,         Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa. Sabyr-takat bilen baglanyşykly pähimler, paýhasly setirler bilen tanşan her bir adam onuň ynsan durmuşynda ähmiýetiniň örän uludygyna, sabyrly bolmagyň bela-beterlerden goraýan närsedigine has-da oňat göz ýetirýär. Umytly bol, Ýusup dek, Sabyrly bol, Eýýup dek.         *** Bisabyr gul tiz ýolugar belaga, Sabyrly gul dura-bara şat bolar. Magtymguly PYRAGY.         *** Sabyr eden myradyna ýeter.         *** Sabyrlynyň alçasy bişer.         *** Äwmek — şeýtandan, sabyr rahmandan.         *** Sabyr edenler gara dagy ýer eder, bisabyrlar haýyr işi şer eder.         *** Sabyrly sary altyn, saralan ýeter myrada, howlugan ýeter uýada.                  *** Sabyrlylyk haýra getir, bisabyrlylyk şere ýetir.         *** Sabyr soňy — sap altyn.         *** Sabyr ajy, miwesi süýji.         *** Sabyr — sogabyň dogany.         *** Sabyr — müşgil işleriň açary.         *** Sabyr daşy — takat daşy. Toplan  Annamyrat BERDIMYRADOW.  

1
1 05.02.2026
Gatnaşyjylara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady

      Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň etrap komitetleriniň, Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp saz-söhbetli dabara geçirildi. Bu dabaradaky çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda her bir ýylyň mynasyp atlandyrylyşy, üstümizdäki ýylyň hem behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many-mazmunuň barlygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Eýle hem bedew atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy dogrusyndaky gürrüňler hem dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik işgärleriniň döwrebap aýdym – sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Asuda, parahat, erkana  Watanymyzy, agzybir halkymyzy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny wasp edýän aýdymdyr-sazlar we joşgunly tanslar dabara gatnaşanlaryň buýsançly kalbyny belende göterip, olara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady. Merjen Çaryýarowa.

30
30 30.01.2026
Ajaýyp şygara bagyşlanyldy

Ýakynda  etrap häkimliginiň mejlisler zalynda ýylyň şygary mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatçylygymyzyň özeni — Garaşsyzlyk göz guwanjymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap häkimliginiň we TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, bilim ulgamynyň wekilleri we mährem eneler gatnaşdylar.  Çärede etrabyň Hasyl geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Ogulgerek Şakulyýewa, etrap häkimliginiň bölüm müdiri, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Ymamgulyýewa, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň syýasy we taryhy ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde bedew batly Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi.  Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler parahat ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşamaga, yhlasly zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar. Myratly AMANNAÝEW.  

29
29 30.01.2026
Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görülýär

Ýakynda  “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň  29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen okuw-maslahaty geçirildi.  Okuw-maslahatyna Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri, welaýat, etrap, şäher, okrug we etrapdaky şäher, şäherçe geňeşlik saýlaw toparlarynyň başlyklary, syýasy partiýalaryň, welaýat, etrap, şäher komitetiniň  ýolbaşçylary gatnaşdylar.  Maslahaty Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Amangeldi Annadurdyýew alyp bardy. Okuw-maslahatynda welaýat saýlaw toparynyň başlygy Jennet Halmyradowa, welaýat häkimliginiň wekili Tirkiş Amannaýew çykyş etdiler. Çykyşlarda welaýatymyzda täze döredilen Oguzhan etrabynyň halk maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri we araçäkleri barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine ykjam taýýarlyk görmek hakynda gürrüň edildi.  Aýparça AKYMOWA.  

65
65 30.01.2026
Işjeň häsiýete eýe boldy

      Sakarçäge etrap häkimliginiň, kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşiginiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde  gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň  mekany” ýyly bilen baglanşykly geçiren maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy. Bu maslahata etrabyň ýaşuly nesilleri, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň beýik ösüşlerini alamatlandyrýan şöhratly ýylymyzda gazanylýan üstünlikler agzybir we merdana halkymyzy has-da buýsandyrýar. Taryhy wakalara beslenip, belent şygar astynda badalga alan ýylymyz arzuwlaryň hasyl bolýan, maslahatlarymyzyň myrat tapýan ýyly bolar –diýlip buýsanç bilen bellediler. Şöhratly ýylymyzyň bedewler bilen baglanşykly atlandyrylmagynyň hem uly manysy bar. Uçar ganatly bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr,-diýlip maslahatdaky çykyşlarda nygtaldy. Bu ýylyň  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirlen maslahatyň dowamy etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.Medeniýet işgärleriniň bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizi, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan rowaç işlerini wasp edip ýerine ýetiren çykyşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bolup ýaňlandy. Çarymuhammet Saparow.

33
33 28.01.2026
Şanly senäniň buýsanjy

Köp asyrlyk geçmişi şan-şöhratly gadymy halkymyz Watan goragyny mukaddes borç hasaplap, ene topragymyzyň her daban ýeri üçin gan döküp, gorap gelipdir. Merdana pederlerimiziň Watan goragyndaky nusgalyk ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watan goragçylary hakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Indi her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenilip geçilmegem asylly däbe öwrüldi. Şu günler bolsa, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda Watan goragçylarynyň gününiň baýramçylyk dabaralarynyň ýaňy belentden ýaňlanýar. Şu sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňýanynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin täze döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi şanly senäniň dabarasyna dabara goşdy. Dört gatly, 24 öýli täze ýaşaýyş jaýynda onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilip, giň we ýagty otaglaryň zerur durmuş enjamlary bilen üpjün edilendigi baýramçylyk gününde guwanç duýgusyny döredýär. Her ýylda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň goragynda sak durýan merdana goragçylarymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Watan goragçylarymyza şanly sene mynasybetli ýaňlanýan gutlaglar baýramçylyk dabaralarynyň şatlygyna şatlyk goşýar. Baýram AMANOW.  

71
71 28.01.2026
Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym

   Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda duşuşyk geçirilip, ol ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym” diýlip atlandyryldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzda ýyndamlygyň, maksada okgunlylygyň, çydamlylygyň kämil nusgasy hasaplanýan ahal-teke bedewlerimize goýulýan hormatyň belentdigini aýratyn bellediler. Çykyş edenler Ynsan gylykly türkmen bedewlerimiziň ähli döwürlerde milli buýsanjymyz, baýlygymyz, göz-guwanjymyz, türkmen halkynyň ygrarly ýoldaşy, ýakyn syrdaşy bolup gelendigi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan eserlerinde hem aýratyn bellenilip geçilýär – diýip buýsançly bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.  Toýmyrat Gurbanow.

66
66 28.01.2026
Aýdym-sazly dabara

2026-njy ýylyň ýurdymyzyň jemgyýetçilik, syýasy durmuşynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty we Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde institutyň dabaralar jaýynda “Ösüşlere beslenýän bedew batly Watanym”  ady bilen geçirildi. Aýdym-sazly dabaraly maslahata Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işgärleri we işjeň agzalary hem-de bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzyň ösüşleri, geçen 2025-nji ýylda gazanylan üstünlikler, ýylyň şanly şygarynyň taryhy ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy institutyň “Kuwwat”aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlar ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrynda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler. Azat Beglanow.

34
34 26.01.2026
Täze ýylda öňümizde täze wezipeler durýar

Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen halky ýagşy umyt-arzuwlar   bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýyla ynamly gadam basdy.  Elbetde, täze ýylda öňümizde täze, has jogapkärli wezipeler durýar. Şol wezipeler bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegi nazarlaýar. Şol möhüm wezipelerde döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, döwletiň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmak we döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek uly orny eýeleýär. Milli kanunçylygymyzy ösüşli döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek derwaýys bolup durýar. Täze ýylymyzda-da bular babatda netijeli işleri üstünlikli dowam etdiriljekdigi guwandyrýar. Gülşat MERGENOWA.

54
54 20.01.2026
Ýyllary ýyllardan zyýada Diýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen  ili “Garaşsyz,  baky  Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýyly ilkinji günlerinden zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýär. Täze ýylymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Aýratynam, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljek uly toýunyň buýsanjy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär.  Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde bitirilýän işler giň gerime eýe bolýar. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Täze ýylyň baýramyny şowhun-şagalaň   bilen   toýlan  il-günümiz “Garaşsyz, baky Bitarap  Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyla gadam basdy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, etrabymyzyň bazarlarynda we dükanlarynda haryt bolçulygynyň döredilendigi Täze ýyl baýramynyň dabarasyna dabara goşdy. Biz ýaňy başlanan ýylymyzda-da ilata edilýän söwda hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen degerli işleri durmuşa geçirýäris. Saparmyrat ÇARŞAKOW.  

1252
1252 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1029
1029 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1295
1295 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1189
1189 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1174
1174 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1310
1310 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

986
986 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1179
1179 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.