Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary etrap geňeşleriniň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Soltan-Sanjar adyndaky 3-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň bilelikde guramaklarynda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen maslahat hem çuň many-mazmuna beslendi. ,,Watan ömrüň galasy, goç ýigitler penasy” ady bilen geçirilen bu maslahata hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri bilen birlikde harby okuwçylar hem işjeň gatnaşdylar. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen bu maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Watan mukaddesligi, ýurt asudalygy hem-de türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda gazanylýan belent üstünlikler dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň harby doktrinasynyň ösdürilmegi, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy we tehniki binýadyny gowulandyryp bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly harby gullukçylarynyň işlerini kämilleşdirmekde Berkarar döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda-da gyzykly söhbetler edildi. Bu günki maslahata gatnaşanlar döwletimiziň harby gullukçylaryna döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Merjen Çaryýarowa.








