“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda köçelerde we ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda gözegçilik güýçlendirilip, wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle guramaçylykly wagyz-nesihat çäresi Mary welaýat polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullugynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda jemgyýetçilik ýerlerinde ýol hereketiniň hadysalaryny dogry berjaý etmek we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu wagyz-nesihat duşuşygyna Mary welaýat polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň ýollarda awtoulaglar we pyýadalar bilen hereketiň sazlaşygyny giňden beýan edýän we howpsuz hereketi ündeýän şeýle hem ýangyn bilen baglanşykly ýüze çykýan we dürli tebigy hadysalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli zerur çäreler barada giňişleýin söhbet etdiler. Bilim berýän ulgamlarda ýangyn howpsuzlyk talaplary, ýangyn söndürmegiň usullary dogrusynda hem çykyşlarda aýratyn bellenildi. Bu wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar ýaşlaryň sagdyn ösüp kemala gelmekleri ugrunda aladalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny beýan etdiler.
Dursun Ilbegiýewa.








