Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde şanly 2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyșmak ýylynyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdep okuwçylarynyň arasynda düşündirmek boýunça wagyz-nesihat dușuşygy geçirildi. Bu wagyz-nesihat dușuşygyna Mary şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Dușuşygyň dowamynda şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny, bu ajaýyp nyşanyň geljegimiz bolan ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetlidigi dogrusynda çykyşlary diňlenildi. Dușuşygyň ahyrynda dușuşyga gatnaşanlar giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








