“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çärelerine, okuw sapaklaryna kiçi ýaşly çagalardan başlap, ýaşuly nesliň wekillerine çenli uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Köçelerde we ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda gözegçilik güýçlendirilip, wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle guramaçylykly wagyz-nesihat çäresi Marynyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça welaýat polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullygynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň, Marynyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň professor mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň ýollarda awtoulaglar we pyýadalar bilen hereketiň sazlaşygyny giňden beýan edýän we howpsuz hereketi ündeýän şeýle hem ýangyn bilen baglanşykly ýüze çykýan we dürli tebigy hadysalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli zerur çäreler barada giňişleýin söhbet etdiler. Bilim berýän ulgamlarda ýangyn howpsuzlyk talaplary, talyplaryň arasyna ýangyn söndürmegiň usullary dogrusynda hem çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Bu ýerdäki çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan belent maksatly işleri dogrusyndaky çykyşlara hem giň orun berildi. Şeýle-de bu ýerde çykyş edenler ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar.
Göwher Ataýewa.








