Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde hem ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at myradyň mekany” ýyly mynasybetli Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kanunlaryny düşündirmek, tebigaty goramak, tertip düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä degişli edaralaryň hünärmenleri gatnaşyp talyp ýaşlara terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek barada täsirli çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Suwhan Kulyýew.








