Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda ýaňy-ýakynda ýurdumyzda bolup geçen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen resminamalaryň ähmiýetini we öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen bagly Mary welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary orta hünär okuw mekdebiniň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden adamlar Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini ýokarlandyrmak,döwletimizi mundan beýläk-de ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ösdürmek bilen bagly taryhy çykyşlarynyň özlerinde galdyran täsirleri barada durup geçdiler. Bu uly maslahatda ähli ugurlar bilen bir hatarda hususy ulgamy ösdürmek,olaryň önümçilik binýadyny kämilleşdirmek,täze iş orunlaryny döretmek baradaky möhüm meselelere hem aýratyn üns berildi – diýlip, wagyz-nesihat çäresiniň dowamyndaky çykyşlarda nygtalyp geçildi.Ýurdumyzyň hususy ulgamyny özgertmek barada amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Göwher Ataýewa.








