Üzümiň düzüm böleklerini biotehnologiýada ulanmagyň geljegi
weather mary 31° C Mary
weather mary 31° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Üzümiň düzüm böleklerini biotehnologiýada ulanmagyň geljegi

245 09.01.2025

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynda galyndysyz önümçilik işi arkaly bio we eko-tehnologiýalary ösdürmek maksady bilen, üzümiň ýerli görnüşleriniň, şol sanda ýapraklarynyň, däneleriniň we agajynyň biotehnologiýada ulanylyşynyň geljegini öwrenmek boýunça ylmy-agtaryş we synag işleri alnyp barylýar. Ylmy agtaryşlar «Gara üzüm», «Gelinbarmak», «Terbaş», «Halili», «Dagtokga» we beýleki ýerli görnüşleriň üstünde jemlenendir.

– Üzüm ýurdumyzyň esasy oba hojalyk ekinleriniň biri hökmünde diňe bir dürli içgiler öndürmekde däl, eýsem biologiýa taýdan işjeň maddalar, iým we ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürmek ýaly ugurlarda-da ägirt uly mümkinçiliklere eýedir – diýip, biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa belleýär. – Biziň agtaryşlarymyz olaryň häsiýetlerini we biotehnologiýanyň dürli ugurlarynda ulanylyş mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda üzüm çybyklaryna esaslanýan birnäçe innowasion önüm, şol sanda resweratrol – güýçli antioksidant, oba hojalyk mallary üçin iým, şeýle hem ýangyç görnüşindäki odun öndürildi. Peýdaly biologik işjeň maddalary almak boýunça işler-de dowam edýär.

Galyndysyz tehnologiýalaryň geljegi has uly ugurlaryndan biri-de üzüm agajyndan ýangyç görnüşinde täze odun döretmekdir. Bu odun, esasy düzüm böleklerinden, ýagny üzüm agajyndan başga-da, beýleki agaç görnüşleri bilen bilelikde öndürilýär, bu bolsa olaryň häsiýetlerini ep-esli gowulandyrýar we önümleriň görnüşini artdyrýar.

Daşky gurşawyň howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Üzüm odunlary ýakylanda, zäherli şepbikler bölünip çykmaýar, bu bolsa olary durmuşda we senagatda ulanmak üçin iň gowy odun görnüşi edýär.

Biotehnologiýa barlaghanasy ýurt içinde we halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň geljegini göz öňünde tutmak bilen, önümçilik pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrmaga çalyşýar. Halkara kompaniýalar we ylmy-agtaryş institutlary bilen işleşmek tejribe alyşmak, tehnologik binýady berkitmek we innowasiýa önümlerini bilelikde döretmek üçin mümkinçilikler açýar.

3
3 13.09.2025
Iki adam (Rowaýat)

 Bir eşek ömrüne dynç alman, eýesine hyzmat etdi. Ol agyr ýükleri arkasynda daşap, ýagmyra, aňzaga, açlyga çydamaly boldy. Hiç zat soramady, hiç haçan gününden nägile bolmady. Emma bir gün eşegiň eýesi onuň garaşmaýan zadyny etdi. Ol adam eşegi obadan uzakdaky bir jeňňellige alyp gitdi. «Sen indi maňa gerek däl» diýibem eşegi itip goýberdi. Eşek janawar ýykyldy, onuň aýaklary sandyraýardy. Eýesi ony ýeke goýup ,öýüne tarap ýola düşdi. Gün batdy, şemal öwüsýärdi. Diňe baýguş gijäniň ümsümligini bozýardy... Eşek agyr halda soraga jogap gözleýärdi: «Näme üçin eýäm meni beýle güne saldyka?!» Birdenem aýak sesi eşidildi. Tümlükden goňrumtyl möjek çykdy. «Nädip ynamdar dostuňy zyňyp gidip bolýarka?» diýip, möjek geň galdy. «Ömrüň ötýänçä işlediň, indi bolsa seni ölsün diýip taşlap gitdilermi?» Eşek ýüzüni sallady. Ol dynç almazdan işläpdi, iň soňunda bolsa gerekmejek gural ýaly zyňyldy. ...Birden tüpeň sesi eşidildi. Möjek gaçyp gitdi we gözden ýitdi. Tümlükden eli çyraly ýaşuly adam çykdy. Ol adam: «Janawar» diýip, eşegi sypalady. «Eliňde bolan zadyň gadyry ýok» diýip,  eşegi öýüne alyp gaýtdy. Oňa suw berdi, ot berdi. Eşek bir adamyň seni eşekligiň üçin — edýän hyzmatyň üçin saklaýandygy, başga biriniň bolsa seniň adama wepadarlygyň üçin sylaýandygy hakynda oýa batdy.  Taýýarlan Nurmuhammet HUDAÝNAZAROW.

4
4 13.09.2025
Paýhas  synagy

Gadym zamanda bir patyşanyň üç ogly bolupdyr. Olaryň üçüsi-de basdaş eken.  Olaryň üçüsi hem goç ýigit bolup ýetişýär. Patyşa olary öýlendirmek we durmuş ýoluna ugrukdyrmak maksady bilen ýanyna çagyrýar: — Adama nesip bolan bu täsin durmuş ikä bölünýändir. Ýarysy dert bilen kynçylykdyr, beýleki ýarysy bolsa şatlyk bilen üstünlikdir. Ol her ynsanyň başynda bardyr. Ogullarym, men siziň pikiriňizi bilmek isleýärin. Siz olaryň haýsyny öňürti, haýsyny bolsa soň başyňyzdan geçirmekçi bolýarsyňyz? Jogabyňyzyň agramyna görä, men size mülk paýlamakçy — diýip, ilki nobaty uly ogluna berýär. — Atam, men durmuşyň birinji ýarymyny güýjüm, hyýalym sagdynka dertdir kynçylygy geçiresim gelýär. Ikinji ýarymyny bolsa aýagymy arkaýyn uzadyp, çagalaryma maslahat berip, agtyklaryma guwanyp, şatlykda, üstünlikde ýaşasym gelýär — diýip, uly ogly jogap berýär. Söz gezegi ikinji ogluna gelende, ol: — Atam, meň-ä ýaş wagtym durmuşyň lezzetini görüp, şatlanyp ýaşasym gelýär. Garran çagym şatlyk-şagalaň nämä gerek, onuň gyzygy  hem  bolmaz — diýýär. Nobat körpe ogla gelende: — Allaň bereni bolar, atam! Eger-de, meniň diýenim kabul bolsa, onda  gezekli-gezegine beräýsin. Ýöne, hormatly atam, birden agalarym horluk-kynçylyga uçrasa, başardygymdan kömek   ederin — diýip, sözüni tamamlaýar. Patyşa ogullarynyň pikirini diňläp: — Bu sözleriňizi diňe men däl, belki Yaradan hem eşidendir. Şonuň üçin saýlan ýoluňyz özüňiziňkidir. Sabyr bilen ýaraglanyp, erkiňizi ýitirmän, durmuş kynçylyklaryndan üstün çykmagy arzuw edýän — diýip, sözüni tamamlaýar. Ondan soň olary halan, saýlan gyzlaryna öýlendirip, üç gije-gündiz toý edýär. Durmuş ýoluna ugrukdyrmazdan ozal:  — Kim öz halkyny hor etmän, agzybir saklamagy başarsa, men dünýämi täzelänimden soň şol hem tagty ýöretmäge mynasyp bolar — diýip, ogullaryna mülk paýlap berýär. Uly şazadany maldarçylyk bilen meşgullanýan welaýata ýolbaşçy edýär. Ortanjy şazadany derýanyň kenarynda ýerleşýän, ekin-dikin bilen meşgullanýan welaýata ýolbaşçy edip goýýar. Kiçi şazadanyň aýdan sözlerini ýüregine has ýakyn görüp, ony öz golaýyndaky welaýata ýolbaşçy edip belleýär. Şazadalar öz saýlan niýetlerine, dileglerine görä ýaşap başlaýarlar. Ýöne uly oglunyň welaýatynda uly iliň malyna kesel degip, köp bölegi gyrlyp, açlyk-horluk çekip başlaýar. Ortanjy oglunyň welaýatynyň ekin-dikini ugruna bolup, gowy hasyl berýän eken. Emma şazadanyň özi baýlyga, meslige çydaman, keýpe-lezzete kowalaşyp başlaýar. Agasynyň horluk çekýänine nebsi hem agyrmaýar, hiç hili kömek bermeýär. Şeýdip özünden hoşal bolup ýörýär. Kiçi ogul öz halky bilen ortaça ýaşaýardy. Ol Allanyň bereni bilen oňup, söz berşi ýaly, doganlaryndan habar tutup durýan eken. Uly agasynyň halkyna başardygyndan kömek edýär. Ortanjy agasynyň ýanyna baryp, uly agasynyň horluk çekýänini habar edende ol: — Oňa kömek etsek, ol patyşalyga dyzar, diňe men ata köşgüne eýe bolmalydyryn — diýip, jogap berýär. Wagtyň geçmegi bilen, şazadalaryň ýaşlary orta ýaşdan geçýär. Hemme zat şol başdaky hyýal-niýetlerine görä bolup başlaýar. Uly şazadanyň halkynyň durmuşy gowulaşyp, berekedi ýokarlanýar. Ortanjy şazadanyň halky bolsa derýanyň suwunyň azalmagy sebäpli, ekin-dikini gurap, horluk-açlyk çekip başlaýar. Ol ýaşlygy azapsyz durmuşda geçensoň, başyna gelen agrama we patyşanyň tagtyna eýe bolmajagyny gaýgy edip, agyr kesele sezewar bolýar.   Ýene-de oňa ýerli-ýerinden agasy bilen inisi kömek berýärler. Aýlar-günler geçýär. Patyşa üç ogluny hem ýanyna — köşge çagyrýar. Olara ýüzlenip: — Balalarym, meniň sanalgyja günüm galdy. Üçiňiziň hem durmuş gadamlaryňyzy şu güne çenli synlap geldim. Ýöne ýadyňyzdan çykarmaň, menden    başga-da synlaýan bardyr. Goýberen ýalňyşlyklaryňyzdan netije çykaryň! Üstünlik ýagşylykdadyr, päk azap zähmetdedir, agzybirlikdedir. «Öňüm gelenden, soňum gelsin” diýlişi ýaly, üstünlik ilki gelse, azdyrmagy mümkin, kynçylyk soň gelse, gowşan biliňizi bükmegi mümkin. Emma Allanyň berşi ýaly, gezekli-gezegine gelse, öwrenişmegiňiz mümkin. Şonuň üçin men umumy şa mülküne, patyşa täjine körpe oglumy mynasyp hasap   edýärin — diýip, patyşa sözüni jemleýär. Ony hemmeler biragyzdan goldaýarlar. Şondan bäri ata-enäniň mülküniň, esasan, körpe ogla berilmegi däp bolup galypdyr... Taýýarlan  Amanmyrat ÝAMADOW.

4
4 13.09.2025
Jemile (Aýdym)

Dünýäň gözelligin özünde jemlän, Gözelligi dünýä belli Jemile. Dünýäň bal-şekerin sözünde jemlän, Çeper elli, şirin dilli Jemile. Tez maral deý suw almaga geleňde, Jemalyňa haýran galar jemende, Sen güllerden baglanan bir çemen-le, Al ýaňagy gara hally Jemile. Sen asmandan ýere inen aýym meň, Seniň humaý garaýşyňa maýyl men, Seniň diýjek bir sözüňe kaýyl men, “Garaş” diýme ýaza çenli Jemile. Ýaňagyňda älemgoşar aly bar, Bal dodaklaň ömür berýän ýaly, ýar, Uzak däldir ýaşlygyňam ýoly, ýar, Toý toýlamaň çagy geldi Jemile. Nobatguly REJEBOW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

5
5 13.09.2025
Ilden-günden eşidenlerim

Çökelik — aýrandan alynýan önüm. Çöwlüm — ýapdan ýa jardan akýan suwuň çuň ýeri. Çöwsi — gara öýi ýel ýykmazlyk üçin öýüň depesinden üstaşyr atanaklaýyn geçirilip, iki ýan ýüzünde gazyga daňylýan ýüp. Çöwsigazyk — çöwsi daňylýan gazyk. Çukry — boýy 40-100 santimetre ýetýän köpýyllyk, otjumak, ýabany derman ösümlik. Çulba — dagyň, depäniň beýik ýeri. Beýik depe. Dargyl — goňrumtyl, sary reňk. Delbi — däneliler maşgalasyna degişli uzyn, inçe baldakly, sähralyk ýerlerde gögerýän, seline meňzeş ot. Dele — däneliler maşgalasyna degişli bolan bogun-bogun baldakly meýdan oty. Asiýa — suw degirmeni. Atýüwrük — daşy ak, içi gyzgylt tozly kömelek. Şol kömelegiň içindäki tozy. Toplan  Annamyrat HOTJYÝEW.

2
2 13.09.2025
Tygşytlylyk — bolçulygyň  kepili

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkyny, watandaşlarymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligi il-günümiziň saglygyny goramakda-da iňňän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem şu möhüm meseläniň bähbitli çözgüdine gönükdirilen işleriň gerimi ýylsaýyn giňäp, degerli işler geçirilýär.  Il-gün bähbitli şeýle işlere birleşigimizde amala aşyrylýan işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Suw arassalaýjy desgalaryň we suw geçirijileriň bökdençsiz işini gazanmak derwaýys wezipe bolup durýar. Bu babatda köp alada edilýär. Şonuň üçinem sarp edijileriň suwdan tygşytly peýdalanmaklary derwaýysdyr. Sebäbi, ähli zatda bolşy ýaly, suwy tygşytly sarp etmegem bolçulygyň kepilidir. Barlaghanamyzyň işgärlerem sarp edijilere berilýän suwuň hiliniň bellenilen talaba laýyklygyny üpjün etmekde ähli tagallalary edýärler. Bu ýerde döredilen mümkinçilikler bolsa, meseläniň oňyn çözgüdine ýardam edýär.  Bolçulygyň özümize baglydygyndan ugur alyp, köp harajaty talap edýän arassa agyz suwundan rejeli peýdalanmak her birimiziň borjumyza öwrülmelidir. Bu ýörelge suw damjasyny altyn dänesine deňän dana ata-babalarymyzyň ýörelgesidir. Rejepmyrat HOJAMYRADOW.

1
1 13.09.2025
Hünärli  il  hor  bolmaz

 Ýaşaýşyň gözelligini hem gönezligini zenanlarda görýän merdana türkmen halky ojagyň ýylysynyň goragy bolan mähribanlaryny mähek daşyna deňeýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň ellerinden dür dökülýär. Olaryň çekýän keşdeleri, gaýmalary, dokaýan ketenidir nepis saçaklary, halylary dünýäni haýran edýär. Gelin-gyzlarymyz dokaýan halylaryna, nepis saçaklaryna, bejerýän keşdedir donlaryna özleriniň arzuw-hyýallaryny, umytlaryny siňdirýärler.  Ynsany bezeýän zatlaryň biri-de, onuň zähmetidir. Ýaşaýan şäherimizde ýa-da obamyzda öz zähmeti bilen uly abraýa, bagta ýeten adamlar, näçe diýseň, bar. Olaryň biri-de, Mary etrabyndaky Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşligiň Goşaja obasynyň ýaşaýjysy, “Ajaýyp” tikinçilik öýüniň ýolbaşçysy Ogulkeýik Akyýewadyr. Ol bütin ömrüni el hünärine bagyşlaýar. Ogulkeýik türkmeniň nepis sungaty bolan haly dokamak, keşde çekmek, ýaka, don bejermek ýaly milli senetleri bilen meşgullanýar. Şeýle çeper elli ezber türkmen gyz-gelinlerini göreniňde, kalbyňda buýsanç duýgusy döreýär. Çünki, haly dokamakda, keşde çekmekde, don bejermekde ussatlyk görkezmek hemme kişä başardaýanok.  Ogulkeýik Akyýewa etrap, welaýat, ýurt möçberindäki bäsleşiklere, sergilere, milli baýramlarymyza hemişe işjeň gatnaşýar. Şu günki günde halkymyzyň milli mirasy, däp-dessurlary dünýä ýaýylýar. Biziň gyz-gelinlerimiz türkmeniň milli lybasyna nagyş                salmagy halaýarlar. Enelerimiziň ýürekden yhlas edip çeken keşdeleri häzirem özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmeýär.  “Ajaýyp” tikinçilik öýüniň howlusyna gireniňde, ilki bilen, howlyny bezäp oturan ak öýe gözüň düşýär. Bu ak öýde mekdebi tamamlan ýaş gyzlardan başga-da, hormatly dynç alyşdaky eneleriň hem birnäçesi işleýär. Men bu tikinçilik öýünde bolanymda enelerimiziň el işleri barada beren gyzykly gürrüňlerini  ýandepderçäme belläp aldym. “Zähmet soňy — rehnet”, “Işleseň, il tanar” diýlişi ýaly, işleýän adamlaryň sarpasy, mertebesi belent, orny törde. Bu tikinçilik öýüniň ýolbaşçysy Ogulkeýik Akyýewanyň hem sarpasy belent. Döwrebap ülňülere gabat gelýän ýeňsizdir donlaryň, bejerilen nagyşly köýnekleriň täze-täze nusgalarynyň döredilmegi diňe bir sargyt edýänleriň göwnünden turman, eýsem, tikinçi gyz-gelinlerimiziň hem höwesli işläp, kämilleşmegine getirýär.  Esasy aýtmaly zat, nebit-gaz ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň göwnünden turjak, olaryň talaplaryny ödejek iş eşiklerini tikmek kämilligi, jogapkärçiligi talap edýär. Bu ýerde işleýänler onuň hötdesinden abraý bilen gelýärler. “Ajaýyp” tikinçilik öýüniň ýolbaşçysy Ogulkeýik Akyýewa taýýarlanan egin-başlary birin-birin gözden geçirip, ony ak öýe bezeg berip işläp oturan enelerimize berýär. Ýedi ölçäp bir kesýän enelerimiz bilen bile işleşmek Ogulkeýige-de ýaraýar.  Ogulkeýigiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň yglan edýän “Ýylyň zenany” atly bäsleşigine yzygiderli gatnaşyp, ýeňiji bolýanlygy hem onuň öz işiniň ussadydygyny subut edýär. — Biz milli mirasymyzy dünýä ýaýyp, onuň ähmiýetine, at-owazasyna göz ýetirýäris. Enelerimizden galan bu mirasy dowam etmäge, ony älem-jahana ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman                                 Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris — diýip, Ogulkeýik Akyýewa begençli aýdýar.   Biz hem “Ajaýyp” tikinçilik öýüniň işgärleriniň milli mirasymyzy gülletmekde çekýän päk zähmeti üçin olara: “Elleriňize güller bitsin!” diýesimiz gelýär.  Ogulşat BERKELIÝEWA.

8
8 13.09.2025
Şanly  ýylyň  taryhy  wakasy  bolar

Türkmen ili hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly  baştutanlygynda döredijilikli zähmet çekip, şanly wakalaryň şaýady bolýar. Dogrusy, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarly üstümizdäki ýyl taryhy wakalary bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görülýär.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, möhüm meseleleri il-gün bilen maslahatlaşmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridigini belledi. Häzirki taryhy döwürde bu däpleriň döwletimiziň ösüşiniň esasyna, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini nygtady. Bu mejlisde Milli Liderimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyzyň, gujur-gaýratymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz çykyşynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi we degişli resminamalara gol çekdi.  Häzirki wagtda etrabymyzda şanly ýylymyzyň taryhy wakalaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu möhüm işe syýasy partiýalaryň etrap komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat çäreleriniň talaba laýyk geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary edýärler. Ali RAHMEDOW.

2
2 13.09.2025
Körpeje ýol gözegçileri

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatynda hem dürli wagyz-nesihat çärelerine giň gerim berilýär. Ýurdumyzda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsyzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly  bir aýlygyň çäginde Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň we Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçilik bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda Mary şäherindäki 48-nji çagalar bakja - bagynda köçe ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça “Körpeje ýol gözegçileri” atly  wagyz - nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede Mary şäherindäki 48-nji çagalar bakja bagynyň körpeje nesilleri  özleriniň köçe - ýol hereketiniň düzgünleri bilen baglanyşykly ýörite taýýarlan täsirli çykyşlaryny görkezdiler. Şeýle-de Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçilik bölüminiň işgäri körpe nesillere ýol - hereketiniň  düzgünlerini  kada - kanuna laýyk berjaý etmeklerini we ýol belgilerine ünsli bolmaklaryny ýörite belläp geçdi. Mundan başga-da 48-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisiniň hem ýol düzgünlerini berjaý edýän ýörite görkezme esbaplary arkaly sapak geçmeginiň özem täsirli boldy.  Nurjahan Mämmedowa.

2
2 13.09.2025
Täsirli gürrüň edildi

    Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly  bir aýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu çärä Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, mugallymlar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bu çärede çykyş edenler mekdep okuwçylaryna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň belent ösüşleri barada belläp geçmek bilen,  nurana we aýdyň ýollarymyzyň asudalygyny goramakda, ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda alnyp barylýan netijeli we giň göwrümli işler dogrusynda, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidiklerini düşündirdiler. Şeýle-de ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar. Dursun Ilbegiýewa.

8
8 13.09.2025
Şanly  ýylyň  taryhy  wakasy  bolar

Türkmen ili hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly  baştutanlygynda döredijilikli zähmet çekip, şanly wakalaryň şaýady bolýar. Dogrusy, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarly üstümizdäki ýyl taryhy wakalary bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görülýär.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, möhüm meseleleri il-gün bilen maslahatlaşmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridigini belledi. Häzirki taryhy döwürde bu däpleriň döwletimiziň ösüşiniň esasyna, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini nygtady. Bu mejlisde Milli Liderimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyzyň, gujur-gaýratymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz çykyşynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi we degişli resminamalara gol çekdi.  Häzirki wagtda etrabymyzda şanly ýylymyzyň taryhy wakalaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu möhüm işe syýasy partiýalaryň etrap komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat çäreleriniň talaba laýyk geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary edýärler. Ali RAHMEDOW.

4
4 13.09.2025
Şäher häkimligindäki maslahat

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäginde Mary welaýat häkimliginiň, hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň  ,, Halk Maslahaty halkyň bähbidine” Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary,  welaýat şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, hem-de  we jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda her ýylda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, onuň döredilmeginiň hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Aýgül Berdiliýewa.

25
25 10.09.2025
Aýdym-sazly dabara geçirildi

   Asudalygyň we bagtyýarlygyň baýramy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň hem-de Mary welaýat medeniýet müdirliginiň  bilelikde gurnamaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. “Garaşsyzlygyň aýdyň ýollary bilen öňe barýar  Türkmenistan” ady bilen geçirlen bu şowhunly dabarada medeniýet-sungat ussatlary, bagşy-sazandalary özleriniň täze-täze eserleri, kalplary joşurýan aýdym-sazlary bilen çykyş edip, dabara gatnaşanlaryň göwünlerini göterdi. Ýaňlanýan şirin aýdymlarda, döwrebap öwüşginli tans eserlerinde Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan dost-doganlyk, hoşniýetli gatnaşyklarynyň, toýlara beslenýän eziz Watanymyzyň gözelliginiň, Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň gazanan päk üstünlikleriniň, mukaddes Garaşsyzlygyň halkymyza eçilen miweleriniň  waspy belentden ýetirildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy toýlar mekanyna öwren, halkymyzy bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza adyna alkyşly sözlerini aýtdylar. Maýa ANNADURDYÝEWA.

22
22 10.09.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatyna bagyşlanylan maslahat

        Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görilýän taýýarlyk işleri barada “Halk Maslahatynyň Watanmyzyň rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyna nazarlaýan tutumlary” ady bilen maslahat geçirildi. Bu Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işgärleri we işjeň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu maslahatda çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda her ýylda däp bolan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, onuň türkmen halky üçin ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen aýratyn belläp geçdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bu maslahat oňa gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Maslahata gatnaşanlar ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde we onuň halkara abraýyny has-da ýokary götermekde alyp barýan rowaç işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar. Maýa ANNADURDYÝEWA.

22
22 10.09.2025
Täsirli geçen çäre

      Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabr aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde dürli çäreler guramaçylykly geçirilýär.  Bu bir aýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça Mary welaýatynyň ähli etrapdyr-şäherlerinde, edara – kärhanalarynda, okuw jaýlarynda wagyz-nesihat çäreleri, okuw sapaklary geçirilýär. Ýörite düzülen iş meýilnama esasynda geçirilýän çärelere welaýatyň kiçi ýaşly çagalaryndan başlap, ýaşuly nesliň wekillerine çenli uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Köçelerde we ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda gözegçilik güýçlendirilip, wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle guramaçylykly wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygyny – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde welaýat polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullygynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň ýollarda awtoulaglar we pyýadalar bilen hereketiň sazlaşygyny  giňden beýan edýän we howpsuz hereketi  ündeýän şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan belent maksatly işleri dogrusynda çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle-de  bu ýerde çykyş edenler ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Hormatly   Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar. Göwher  ATAÝEWA.

55
55 09.09.2025
Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy

  Ýurdumyzda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygynyň çäginde Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýolöten etrabynyň Polisiýa bölüminiň, etrap Prokuraturasynyň, etrap Kazyýetleriniň  bilelikde gurnamaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýolöten etrabyň Momataý geňeşligindäki Talhatan baba oba medeniýet öýünde geçirilen bu çärä etrabyň edara – kärhanalarynyň işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler yglan edilen bir aýlygyň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi, ýol hadysalarynyň öňüni almak işleriniň wajyplygy we bu ugurda alynyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Bu möhüm çäräniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine her bir raýatyň öz goşandyny goşmagy zerurdyr diýlip nygtaldy. Parahat GURBANOW.

43
43 04.09.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy

      Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk  Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti  barada täsirli wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu duşuşyga Mary welaýat Halk Maslahatynyň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu duşuşykda çykyş edenler  şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda her ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyzyň mukaddesligi, beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgeleriniň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Bu täsirli duşuşyga gatnaşanlar ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde we onuň halkara abraýyny has-da ýokary götermekde alyp barýan rowaç işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

41
41 02.09.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Türkmen ili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ýeňişlere beslemek bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy däpler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wajyp wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.  Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalarynyň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň taryhy ähmiýetine ünsi çekip, halkara derejesinde uludan tutuljak şanly sene bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakasy boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp waka bolup, onda öňde durýan taryhy wakalar bilen bagly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda, ilki bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramyna taýýarlyk görülýändigini belledi. Bu senäniň taryhy ähmiýetini, onuň il-günümizi belent maksatlara galkyndyrýandygyny nygtady. Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiz baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, bolup geçen syýasy wakalar barada aýdyp, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem mejlisde degişli Kararlar kabul edildi. Şu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu taryhy waka taýýarlyk bilen bagly tagallalar işjeň häsiýete eýe bolýar. Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ili uly toýuna barýar. Möhüm taryhy wakanyň yz ýanynda toýy uludan tutuljak Beýik Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygy halkymyzy belent sepgitlere ruhlandyrýar. “Maru — şahu jahan”.

47
47 02.09.2025
Welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Halkymyzyň ykbalyna serpaý ýapylan Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, ynsanlaryň kalbyny buýsandyrýan buşlukly habarlar mähriban halkymyzy ak daňlara ataryp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerine egsilmez alkyş, çäksiz söýgi döredýär. Watanymyzyň asudalygyny we bagtyýarlygyny pugtalandyryp, dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegi baş maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny yhlasly işleri bilen mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her günümiziň buýsançly wakalara hoş habarlara beslenip, üstünliklerden rowaçlanmagy – bu uly döwletlilikdir, agzybirlikdir. Şeýle bagtyýar döwrüň ösüşlerine ses goşmak bolsa her birimiz üçin uly bagt, mukaddes borçdyr. “Ýaşlar biziň geljegimizdir, ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijiler” diýip, Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan, nurly ertirlere maksat tutan ýaş nesillere Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn bil baglap, uly ynam bildirýär. Şu bildirilýän beýik ynam biziň her birimiziň kalbymyzy buýsandyrýar, öz işimizde ökde hünärmenler bolup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagymyza ruhlandyrýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň agzybir işgärleri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde berýän tabşyryklaryny, eziz ýurdumyzda amala aşyrýan belent maksatly işleriniň ähmiýetini wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýarys. Ýakynda Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty – Watanymyzyň röwşen gelejeginiň ak ýoly” ady bilen  terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzalary, Agrar partiýanyň işgärleri we işjeň agzalary, bagtyýar kitaphanaçylar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine ýurdumyz boýunça görülýän taýýarlyklar, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyzyň mukaddesligi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda merdana we ruhubelent halkymyzyň maşgala agzybirligini, jebisligini berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän belent maksatly işler dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler. Soňra dabara gatnaşanlar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, halkymyzy rowaçly menzillere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuwladylar. Gurbanjemal Iliýewa.

753
753 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

627
627 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

863
863 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

703
703 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

771
771 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

817
817 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

617
617 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

701
701 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.