“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Mary şäherindäki 12-nji çagalar bagynda usuly-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahata mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri gatnaşdylar. Usuly-amaly maslahatyna gatnaşan bilim işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeler, çaganyň irki ösüşini kämilleşdirmegiň innowasion usullary, mekdebe çenli Döwlet bilim standartyny çagalar baglarynyň işine ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan döwrebap işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bu ýerde çaganyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we ony mekdebe taýýarlamakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler dogrusynda hem durup geçdiler. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda bilim işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde we ony dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidetimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra bu maslahata gatnaşan bilim işgärleri Mary şäherindäki 12-nji çagalar bagynyň giň eýwanynda taýýarlanan sergini synlap, özara pikir alyşdylar.
Göwher Ataýewa.








