Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan ösüş-özgerişleriň ýeňişli menzillerini külterleýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaç alýar.
Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de bu abraýly halkara guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde kabul edilen bu Kararnama onuň bütin adamzat üçin möhümdiginiň we örän uly ähmiýete eýediginiň beýany boldy. Elbetde, bu guwançly waka Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletgeldi AMANOW.








