Ýürekde beslän arzuwyňa ýetmek, öňde goýan maksadyňy amal etmek, onuň netijesinde uly üstünlige eýe bolmak her bir ynsany täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle kalby joşgunly, beýik maksatly ýaşlaryň biri-de Mary şäherindäki 18-nji orta mekdebiň uçurymy Ýusup Hansähedowdyr.
Ýusup kiçilikden iňlis dili bilen içgin gyzyklanýar. Ol iki gyz dogany bilen bilelikde iňlis dili dersini ürç edip öwrenýär. Onuň bilim alan orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Bahar Jommyýewa Ýusuba iňlis dilini oňat özleşdirmegi üçin ýakyndan ýardamçy bolýar. Zehinli jigimiz dürli ýyllarda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi. Mundan başga-da, ol internet olimpiadalarynda-da ýeňiş gazanmagy başardy. Ýusubyň üstümizdäki ýylda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly IV integrirlenen olimpiadasynyň I tapgyrynyň ýeňijisi we “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň 3-nji derejeli agzasy bolandygyny, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşikde iňlis dili dersi boýunça 1-nji orny eýeländigini aýratyn bellemek gerek.
Geljekde ussat hünärmen bolup, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmagy maksat edinýän Ýusup diňe bir olimpiadalarda ýeňiş gazanman, eýsem, sport ýaryşlarynda-da uly üstünliklere eýe boldy. Ol kikboks boýunça Çary Bekmyradowdan tälim alyp, dürli ýaryşlarda öz ussatlygyny görkezmegi başardy.
Biz hem öz gezegimizde maksada okgunly Ýusup jigimize geljekde uly abraýyň, uly üstünlikleriň eýesi bolmagyny arzuw edýäris.
Sülgün ŞADYÝEWA.








