Ýakynda Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň halk bagşylary Nobat bagşynyň doglan gününiň 125 ýyllygy hem-de Ödenyýaz Nobatowyň 95 ýyllygy mynasybetli “Sarpaly sungatyň ussatlary halkyň hakydasynda” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabaranyň öň ýanynda ussat bagşylaryň ömür we sungat ýoluna bagyşlanylan sergä syn edildi. Soňra maslahatda Türkmenistanyň halk bagşylaryna bagyşlanylan wideo şekiline tomaşa edildi. Täsirli bolan dabaraly maslahatda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Töre Nobatow, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Jemile Gurbanowa, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Meretgeldi Tüňňiýew, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew çykyş etdiler. Olar iki beýik sungat ussatlary hakynda ýatlap, olaryň ömri-döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Onda Ödenyýaz Nobatowyň çowluklarynyň ýerine ýetiren şirin mukamy hemmeler üçin has-da ýakymly boldy.
Sülgün ŞADYÝEWA.