Türkmeniň boz toprakly meýdanynda bitýän, tagamyna taý tapylmaz gawun desterhanlaryň bezegidir. Ala meýdanlarda ýazylyp-ýaýrap ýetişen mahaly onuň beýhuş ediji tagamly ysy bütin töweregi gurşap alýar. Haçan-da, onuň birini sapagyndan ýolup, pyçak çekeniňde bişip süýjüliginden bala dönen gawun «tark» edip ýarylyp, ikä bölüner. Ýarylan käsesiniň içinde üç aýtym, üç bölek bolup gidýän sary çigidiň iki bölegi uly käsede, bir bölegi hem kiçi käsede galar.
Şonda sary çigit gözenek-gözenek «ak donunyň» içinde seteran bolup ýatandyr. Pederlerimiz şol çigidiň daşyndaky keşdeli ak bardasyna «ury» diýipdirler. Çigidiň düşegi, dony bolan ury näçe ter bolsa, çigidem, şoňa görä ter, dok maňyzly bolýar.
Gadym döwürde ata-babalarymyz azaply zähmet bilen arpa, bugdaý öndüripdirler. Haçan-da, ony uzak wagtlap saklamaly bolanda giňiş çukur gazyp, gallany oňa gapgaryp, daşyny laý bilen suwap gömüpdirler. Şol arpadyr bugdaý saklanýan çukura hem «ury» diýlipdir.
Gurbanmuhammet MÖJEKOW.








