Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ösüş depginini nebitgaz senagaty pudagynda has-da aýdyň görmek bolýar. Nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn ýokarlanyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagynda belent sepgitlere eýe bolunýar.
Şu bähbitli işlere hünärmenlerimizdir işçilerimiz hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar ýurdumyzyň dürli künjeginde nebitli we gazly ýerleri gözlemekde, jogapkärli wezipäni berjaý etmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýamyzyň hünärmenleri we işçileri ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösüş-özgerişli menzilleriniň rowaçlanmagynda guwançly sepgitlere eýe bolýarlar. Ýurdumyzda gaz ýataklaryny gözläp tapmakda işimize jogapkärli çemeleşip, ýokary netijeleri gazanýarys. Işgärlerimiziň agramly bölegi baý iş tejribeli hünärmenler bolansoň öňümizde durýan çylşyrymly meseleleriň oňyn çözgüdi tapdyrýar. Işgärlerimiziň iş orunlarynyň aglabasy medeni zolakdan uzaklarda bolany üçin olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda yzygiderli aladalanýarys.
Ýagşymuhammet GURBANOW.








