Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
weather mary 30° C Mary
weather mary 30° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

26 17.06.2025

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi. 

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, sebitde galla oragynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, bu möwsümi ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

TDH-niň habary esasynda taýýar

lanyldy.

3
3 18.06.2025
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti   Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti  Sadyr  Žaparow,  Täjigistan   Respublikasynyň    Prezidenti  Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat   Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.              Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler. Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi  Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de, sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal  welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden  Watanymyza ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

2
2 18.06.2025
Dostlukly gatnaşyklar ileri tutulýar

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugruň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy. Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi. HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Si Szinpin ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we   hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem söhbetdeşler «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady. Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly   Prezidentimiziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

2
2 18.06.2025
Ýetip geldi ajap baýram, ajap toý

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyndaky beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, bu ulgamyň pajarlap ösmeginde giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda-da bu ulgam babatynda ykjam hyzmatdaşlyklary ýola goýýar. Dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň çäklerinde geçirilýän halkara festiwallardyr maslahatlar, bäsleşikler bu aýdýanlarymyza doly şaýatlyk edýär.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň abraýly guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegä uly ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy—                                           — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy we giňeltmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu guramanyň düzümine girmegi, milli gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň üçin ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, indi, ençeme ýyl bäri, has takygy, 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly baýram edilip bellenilýän günleriniň öň ýanynda Medeniýet hepdeligi welaýatlarda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Her ýyl asylly däbimize öwrülen bu hepdeligiň dowamynda bäş welaýatyň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda täsirli çärelerdir konsertler guralýar. Munuň özi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň beýik sepgitlere ýetendiginden, ýurdumyzyň toý-baýramly Diýara öwrülendiginden habar berýär.  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirilip, ol ýerde dürli dabaralar guralar. Oňa biziň welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleri, teatr ussatlary, şeýle-de, şahyrlary gatnaşarlar. At-owazasy dünýä doljak Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ajaýyp sahna oýunlaryna, şirin owazlara beslenjek konsertlere tomaşa ediler. Şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçiljek hepdelige gatnaşyjylar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edip, guraljak dabaralara işjeň gatnaşarlar. Medeniýet hepdeligi mynasybetli biziň welaýatymyzda hem dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçiriler. Biz bu baýramçylyk dabaralarynyň ählisiniň gözli şaýady bolup, olara işjeň gatnaşyp, gazetdir žurnallarda, teleradio ýaýlymlarynda şöhlelendirmäge öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Sülgün ŞADYÝEWA.

12
12 18.06.2025
Zähmet gaýnap joşýar

Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda gallaçylyga hem aýratyn  üns berilýär. «Uly iliň soltany» hasaplanylýan bugdaý bizde altyndan arzyly görülýär. Bugdaý berekediň gözbaşy hasaplanylýar.  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzyň gallaçylary  170 müň gektar ýerde bereketli galla hasylyny kemala getirdiler. Ýetişdirilen hasyla guwanýan kärendeçiler bugdaý oragyna guramaçylykly girişdiler. Gyzgalaňly dowam edýän möwsüme mehanizatorlar hem ykjam taýýarlyk gördüler. Çünki  gallanyň wagtynda ýygnalmagy üçin  hormatly                          Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän kuwwatly kombaýnlaryna daýanylýar. “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynda kombaýnlar ýygymdan öň gözden geçirilip, oňa tejribeli mehanizatorlar berkidilýär. Şu günlerde mehanizatorlar iş çalşygy esasynda işläp, ýer eýeleriniň alkyşly sözlerine mynasyp bolýarlar. Ene ýere alyn derini siňdirýän kärendeçiler ýokary zähmet görkezijilerini gazanýarlar.  Welaýatymyzda bugdaý harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileriň ençemesi bar. Bagtyny toprakdan gözläp, guwandyryjy netijeleri gazanýan kärendeçileriň biri hem Baýramaly etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Goçguly Halykowdyr. Bu kärendeçi üstümizdäki ýylda 3 gektar ýerinde yhlasly zähmeti bilen bereketli bugdaýy ýetişdirdi. Alyn derini siňdirip  ýetişdiren hasylyna guwanýan kärendeçi ýygym möwsümine ähli tarapdan taýýarlykly geldi.  Kesbinden kemal tapýan G. Halykow ene ýerden bereketli hasyl almaga, çekýän zähmetiniň miwesini görmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýar.       Durdynabat BAÝRAMOWA. 

6
6 18.06.2025
Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertirimiz

Ata Watanymyzyň gözel tebigatynyň haýwanat we ösümlik dünýäsini aýawly saklamak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak hemişe derwaýys mesele bolmagynda galýar. Sebäbi, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsine aýawly çemeleşip, bu gymmatlylygy geljekki nesillere ýetirmek şu günki günde öňümizde durýan jogapkärli wezipedir. Hormatly Prezidentimiz bu wajyp meseläniň oňyn çözgüdine uly ähmiýet berip, bu babatda degerli wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramagyň kanunçylyk-hukuk ýagdaýy kämilleşdirilýär. Bu bolsa gaýtalanmajak tebigatymyzyň aýawly saklanylmagynyň, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmagyň, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň we çölleşmegiň öňüniň alynmagynyň bähbitli çözgütlerine ýol açýar. Şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek dabaralaram gowy netijesini berýär. Şu ählihalk çäreleriň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekdäki ähmiýetine Diýarymyzyň çar künjeklerinde peýda bolýan tokaý zolaklary, bagy-bossanlyklar şaýatlyk edýär. Bag ekmegi sogaply iş hasaplaýan halkymyz abadan ertirine ynamly barýar. Arzygül ATAJANOWA.

1
1 18.06.2025
SIZDEN ÖWRENDIM

Ilkinji mekdebe baran günümden,  Taňry salamyny Sizden öwrendim.  Mähir bilen tutup çaga golumdan,  Galamy tutmany Sizden öwrendim. Säher bilen turup işe gitmegi, Ene-ataň sarpasyny tutmagy, Halal ýaşap, dogry ýoldan ätmegi,  Hormatly mugallym, Sizden öwrendim. Ýagşyny ýamandan saýlap bilmegi,  Durmuşda dogryňy sözläp bilmegi,  Kişiniň aýbyny gizläp bilmegi, Eziz mugallymym, Sizden öwrendim. “Dek gezen dok gezer” diýen nakyly  Men sizden alypdym mydam akyly, Köp aýdypdyň şolar ýaly nakyly, Edepli bolmagy Sizden öwrendim. Bütin ömrüm okamany goýmaryn, Ylym berdiň, nesihatdan doýmaryn, Bu günki işimi ertä goýmaryn, Işläp ýaşamany, Sizden öwrendim.  Gandym SÄHEDOW.

3
3 18.06.2025
Gelin

Zülpleň oýnar taýma-taý, Ýylgyrýarsyň göwnejaý, Ganatlanyp uç sen, gaý, Kepderä meňzeş gelin! Gaýgy näme bilmersiň, Göwne kine almarsyň,     Açylan bir güllersiň, Giň dünýä meňzeş gelin. Görýäň ajy-süýjüsin, Sen ýaşlaryň güýjüsiň. Hem başlarnyň täjisiň, Serpaýa meňzeş gelin. Annagözel GOŞAÝEWA.  

3
3 18.06.2025
BEDEW ATYM

Ýaryşda ara açan, Misli guş kimin uçan, Araz çaýyndan geçen, Ganatly bedew atym! Basanda seýkin-seýkin,  Göterliberer keýpiň, Ussatdyr seniň seýsiň, Zynatly bedew atym ! Messan-messan gezýärsiň,  Aýlawlarda ozýarsyň, Adam ýaly syzýarsyň, Halatly bedew atym! Gazanýaz HÜMMEDOW.

9
9 18.06.2025
Abadan ertirimiziň aladasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän nesil hakda ähli tagallalary edýär. Ýaş nesle terbiýe bermek maşgaladan gözbaş alyp, ilki çagalar baglarynda, soňra orta mekdeplerde dowam etdirilýär. Nesil terbiýesiniň düýbi çagalar baglarynda tutulyp, olarda körpe nesle terbiýe we bilim bermekde uly işler bitirilýär.  Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynda körpe nesle terbiýe we bilim bermekde netijeli işler alnyp barylýar. Çagalar bagynyň müdiri Tawus Annamämmedowa körpeleriň gowy terbiýe,  kemsiz bilim almagy ugrunda yzygiderli alada edýär. Körpeleriň mähir bilen gurşalyp alynmagy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda degerli işleri ýola goýýar. Terbiýeçileriň öz işlerine jogapkärli çemeleşmeklerini talaba laýyk guraýar. Şeýle talaba eýerýän terbiýeçileriň birem Güljahan Muhammetdurdyýewa bolup, ol oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň wagtlaryny hoş geçirmek üçin ukyp-başarnygyny, yhlasyny gaýgyrmaýar.  Çärýek asyra golaý baý iş tejribäni arka atan halypa terbiýeçi öz işiniň abyny-tabyny ykjam ele alansoň, ol çagalara terbiýe bermekde-de, ylym-bilime tarap ilkinji ädimleriniň şowly bolmagynda-da yhlasly zähmet çekýär.  —Çagalar bagymyzda körpelere terbiýe we bilim bermäge ähli mümkinçilikler döredilen. Terbiýeçilerimiz şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Talaba laýyk naharlanyp, gowy dynç almaklaryny üpjün edýärler — diýip, çagalar bagynyň müdiri Tawus Annamämmedowa gürrüň berýär.  Halypa terbiýeçi G.Muhammetdurdyýewa çagalara türkmen halk ertekilerini aýdyp berip, olaryň gahrymanlarynyň üsti bilen körpelerde ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirmäge çalyşýar. Şol ertekiler esasynda çagalaryň özleriniň gatnaşmaklarynda guraýan gysgajyk sahnalary olarda  uly gyzyklanma döredýär. Olara okamagy, ýazmagy, goşup-aýyrmagy öwredýär. Aýdym aýdyp, goşgulary ýat tutmak we labyzly okamak endiklerini terbiýeleýär.  Işine ezber terbiýeçi Güljahan Muhammetdurdyýewa kärdeşleri bilen öz iş ornunda döredijilikli zähmet çekip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýär. Yhlasly zähmet bolsa, hemişe ýeňşe ýetirýär. Çagalar bagynyň terbiýeçileri şu günki terbiýeleýän körpeleriniň ajap eýýamymyzyň mynasyp nesli bolup ýetişmelidiginden ugur alýarlar. Ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ýaş neslimiz bolsa, bagtyýarlygymyzyň kepilidir.  Baýram AMANOW.

3
3 18.06.2025
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti   Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti  Sadyr  Žaparow,  Täjigistan   Respublikasynyň    Prezidenti  Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat   Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.              Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler. Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi  Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de, sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal  welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden  Watanymyza ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

2
2 18.06.2025
Dostlukly gatnaşyklar ileri tutulýar

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugruň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy. Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi. HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Si Szinpin ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we   hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem söhbetdeşler «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady. Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly   Prezidentimiziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

25
25 17.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.  Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, sebitde galla oragynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, bu möwsümi ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. TDH-niň habary esasynda taýýar lanyldy.

17
17 16.06.2025
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!   Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň däplerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.   Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmek bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berýäris. Ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli serişdesi hasaplaýarys.   Hormatly ýaryşa gatnaşyjylar!   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe hem-de sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri we beýleki desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär.   Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygyny görkezýär.   Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!   Küşt oýny gadymy dessanlarda, türkmen halk ertekilerinde, geçmişde we häzirki wagtda hem meşhurlyga eýedir. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawynda orun alan bu oýun sport görnüşi hökmünde giňden tanalýar. Küşt oýny geçmişde «sadranç», «şahmat» ýaly atlar bilen meşhur bolupdyr. Ol has irki döwürlerde güýmenje hökmünde döräp, wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşipdir. Küşt bilen 5 — 8 ýaşlarynda meşgullanyp başlan çagalaryň geljekde üstünlik gazanmak mümkinçilikleri has ýokarydyr. Sebäbi şol ýaşda çagalar küşt sungatynyň islendik çylşyrymly tilsimlerini özleşdirmäge ukyplydyr. Öz başarnygyňy her gün kämilleşdirmäge taýýar bolmaly. Çünki ussatlyga barýan ýol zähmeti hem tutanýerliligi talap edýär. Ussady halypa tutunyp, öwrenmegiň netijeli maksatlaryny öňde goýmak hem geljekki üstünlikleriň möhüm şertidir.   Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemekde küşt oýnuna aýratyn ähmiýet beripdirler. Türkmen türgenleriniň küşt boýunça iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri we baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary örän guwandyryjydyr.   Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!   Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşyň geçirilýän günlerinde daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen halkynyň myhmansöýerligine göz ýetirjekdiklerine we olaryň kalbynda güneşli ýurdumyz hakynda ýakymly duýgularyň saklanyp galjakdygyna berk ynanýaryn.   Sizi sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilýän halkara ýaryşyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, sportda we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu ajaýyp sport baýramçylygy dostlugy, sagdynlygy we ruhubelentligi dünýä ýaýsyn!   Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.

27
27 13.06.2025
Dünýä nusgalyk göreldämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolşy ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri BMG-niň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Şonuň ýaly-da, bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi we 12-nji dekabr BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyna eýerýänligini ýene bir gezek subut etdi. Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa, köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak, özara ýardam bermek esasynda gatnaşyklaryny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna barýan şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ähli ulgamynda ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar. Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri diňe beýik işleri bilen dabaralanyp gelýän ýurdumyzda bu gün halkymyz bir maksada, ýagny, agzybirlik maksadyna gulluk edýär. Agzybirlik bolsa bizi ajaýyp üstünliklere, ösüşlere, abraý-mertebä ýetirýär. Döwletlilik agzybirlikden başlanýar. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek menzil ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, parahat ýurdumyzda toý toýlamak iň uly bagt. Goý, halkymyzy bir saçaga jem eden, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, bähbitli işleri rowaç alsyn! Şemşat SAÝLYÝEWA.

386
386 20.05.2025
Moskwa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Döwrüň we siwilizasiýalaryň baglanyşygy” atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň binasynda guralan forum ylmy jemgyýetçiliginiň görnükli wekillerini, hususan-da N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň we beýleki ylmy merkezleriniň işgärlerini, bilermenleri, gündogarşynaslary, arheologlary we etnograflary bir ýere jemledi. Halkara maslahata gatnaşyjylar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň baýram edilýändigini nygtadylar. Türkmen halkynyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy umumadamzat gymmatlyklaryny, howpsuzlygy, durnukly ösüşi ilerletmek babatda BMG bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň we giňeltmegiň şöhratly ýoluny alamatlandyrýar. Şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni we taryhy mirasyny, hususan-da Goňurdepäniň we Nusaýyň özboluşly arheologiki toplumlaryny öwrenmegiň we wagyz etmegiň möhümdigi bellenildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň çäklerinde dürli arheologiki barlaglarynyň geçirilýändigi, türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhyna, onuň adamzat siwilizasiýasynyň ösmegine ägirt uly goşant goşandygyna, Merkezi we Günorta Aziýada, Ýakyn we Orta Gündogarda ençeme döwletleri gurandygyna we üstünlikli ösdürendigine şaýatlyk edýän gaýtalanmajak gymmatlyklaryň öwrenilýändigi we dikeldilýändigi barada aýtdylar.

285
285 20.05.2025
Gruziýa türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady

2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Şol güni türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi baýram edýär. Dostlukly çäre hem-de Gruziýa tarapyndan Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň işjeň goldanylmagy doganlyk türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň we däp bolan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşanydyr.

368
368 20.05.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 19-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki şahsy goşandyny belledi hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Prezident Serdar Berdimuhamedowa salamyny ýetirdi. Şeýle-de wise-prezident mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi. Köp ýyllaryň dowamynda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de ýakynda iki sany ykdysady ähmiýetli resminama — «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigine ünsi çekip, munuň özara bähbitli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen we geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki birnäçe taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan gazanylan bu möhüm ylalaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika pudagynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydygyny belledi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

273
273 20.05.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tähran dialog forumyna – 2025 gatnaşdy

2025-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.  “Hindi yklym böleginden Ýewraziýa çenli: ulag geçelgeleri, geoykdysadyýet we açylýan mümkinçilikler” atly ugurdaş bölümçede çykyş etmek bilen, R.Meredow sebitleriň durnukly ykdysady ösüşinde we özara baglanyşygynda möhüm şert hökmünde ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek babatyndaky Türkmenistanyň garaýyşyny beýan etdi. Yklym geçelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygynyň esasgoýujy bölegine öwrülmelidigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde utgaşdyryjy meýdançany döretmäge gönükdirilen “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” başlangyjyna aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatyndaky ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi, şol sanda milli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, demir we awtoulag ýollarynyň gurluşygy, Hazar deňzinde port infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sebit üstaşyr başlangyçlaryna gatnaşmagy ýaly ugurlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň arasyndaky ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem R.Meredow DÖM-lere ýetmekde durnukly ulagyň ähmiýetine, 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe mowzuklaýyn kararnamalaryň kabul edilmegi ýaly işleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň energetika ugrunyň ähmiýeti barada bellenildi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça edýän tagallalary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de Günbatar Aziýa sebitine elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek barada aýdyldy. *** Tähran dialog forumynyň çäklerinde R.Meredow bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

392
392 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

342
342 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

429
429 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

387
387 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

359
359 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

458
458 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

317
317 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

342
342 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.