TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ SAMMITINE GATNAŞDY
weather mary 22° C Mary
weather mary 22° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ SAMMITINE GATNAŞDY

171 17.09.2023

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýän ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler, şeýle hem duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew synçy hökmünde gatnaşdy.

Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip Türkmen döwletiniň Baştutany Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, myhmansöýer Täjigistanda geçirilýän şu gezekki duşuşygyň biziň gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit meselelerini bilelikde, raýdaşlyk ýagdaýynda çözmäge özara gyzyklanmanyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Şu günki waka Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi şu ýyl biz bu gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmeleri bu şanly sene bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda hut Araly halas etmegiň halkara gaznasy Aral deňziniň guramagy zerarly emele gelen ekologik. durmuş-ykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, dialog we hyzmatdaşlyk üçin möhüm sebit meýdançasyna öwrüldi.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirýän anyk işleri bilen berkidýär.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder.

Şunuň bilen baglylykda, biz gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Bu işleri Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň binýat goýujy ýörelgeleri we kadalary esasynda alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologik gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigine ynam bildirildi.

Şunda bu gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärler bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Aral meselesiniň, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatda ileri tutýan ugurlarynyň halkara derejede degişli orun eýelemelidigini belledi.

Şunda biziň tagallalarymyz maksada okgunly hem-de millionlarça raýatlarymyzyň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, geljekki onýyllyklarda öňde durýan ykdysady-durmuş wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilmelidigi aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologik gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi.

Mundan başga-da, biziň ýurtlarymyza Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn uly üns berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.

Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris diýip, Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda şu günki duşuşygyň biziň umumy bähbitlerimiziň ilerledilmegine oňyn depgin berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň munuň üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.

Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň netijelerini jemlediler, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze, anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Sammite gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşinde esasy orun eýeleýär, serhetüsti suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine ileri tutulýan orun bermäge, bu wajyp ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga umumy taýýarlyk beýan edildi.

Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara abraýyny ýokarlandyrmak meselelerine üns berildi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň kabul eden Duşenbe Beýannamasynda Aral deňziniň meselelerini çözmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Täjigistan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklygynyň netijeleri hakynda Çözgüdine, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işleri hakynda Çözgüdine, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň AHHG-nyň Prezidentiniň saýlanylmagy hakynda Çözgüdine gol çekildi.

24
24 18.03.2026
Guramaçylykly  ýola  goýulýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde demokratik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda wajyp syýasy-jemgyýetçilik waka taýýarlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm syýasy waka bolar. Şu günler döwletimiziň syýasy partiýalaryndan, raýat toparlaryndan öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek giňden ýaýbaňlandyrylýar. Öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Dalaşgärleriň halkyň arasynda uly hormata eýe, zähmetsöýer adamlardygyny bellemek ýakymlydyr. Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk işleri ýurdumyzda we türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Çary ÖWEZOW.

27
27 18.03.2026
Asuda  durmuşyň  ýörelgesi

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy parahat, asuda durmuşyň taglymaty bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty ählumumy howpsuzlygy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Onsoňam, bu syýasat içerki durnuklylyk we yzygiderli ösüş üçin amatly daşarky şertleriň döredilmegine mümkinçilik berdi. Bitaraplyk döwletimiziň daşary syýasatynyň üýtgewsiz binýatlyk ýol-ýörelgesi bolmak bilen, döwletimiziň dürli halkara guramalary we ähli ýurtlar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmeginde netijeli esas bolup durýar. Geçen 30 ýyldan gowrak döwrüň içinde wagtyň synagyndan geçen Bitaraplyk taglymatymyz durmuş tejribesinde many-mazmun taýdan baýlaşdy. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykyp, döwletimizi bütin dünýä parahatçylyksöýüjilikli döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanaýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly daşary syýasaty ýurdumyzyň içeri syýasatynyň sazlaşykly dowamy bolmak bilen, Türkmenistan Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär.  Şatlyk ATAÝEW.

26
26 18.03.2026
Bedew batly ösüşli Diýar

 Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde maslahat geçirildi. “Diýar bedew batly ösüş ýolunda” ady bilen geçirilen maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.   Bu maslahatda TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri, behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, çalasynlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik  işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.  Akmuhammet AGAJUMAÝEW.  

24
24 18.03.2026
Täsirli hem gyzykly geçen sapaklar

Ýakynda Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdepde şol mekdebiň mugallymlary Akgözel Esenowanyň, Gurbangözel Annagylyjowanyň, Gülälek Akmuhammedowanyň, Sonagözel Ahmedowanyň geçiren göreldeli sapaklary diýseň täsirli boldy. Welaýat derejesinde geçirilen göreldeli sapaklara etrabyň dürli mekdeplerinden mugallymlar hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmeni gatnaşdylar. Ýurdumyzda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işleriň aýdyň beýany bolan açyk sapaklarda okuwçylara birnäçe düşünjeler berildi. Oňa okuwçylar işjeň gatnaşyp, gatnaşyjy mugallymlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldular.  Sülgün ŞADYÝEWA.

26
26 18.03.2026
Ýubleý toýuň dabarasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde bitirilýän işler guwanç duýgusyny döredýär. Aslynda, her bir mekdep oglan-gyzlaryň onlarçasyny bilim-terbiýe berip, gujagynda saklaýar. Olara ak pata berip, özbaşdak durmuşa atarýar. Şonuň üçinem her gezek tamamlan mekdebimize gözümiz düşende ýokardaky setir ýadymyza düşýär. Geçen 90 ýylyň içinde mekdebimiz uçurymlarynyň onlarça müňüsine özbaşdak durmuşa ýollanma berip, bu bähbitli ýörelge nesilden nesle geçip gelýär. Mekdebimiziň döredilmeginiň 90 ýyllygynyň ýubleý dabarasynda “Eý, mekdebim jana-jan, saňa bolan söýgim kän” diýen setirler guwanç owazyna beslendi. Oňa ýaşulylyga, mährem enelige ýetişen uçurymlar, ýaş uçurymlar, şäheriň bilim bölüminiň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, şäherdäki orta mekdepleriň müdirleri, mugallymlar we okuwçylar gatnaşdylar. Dabarada TAP-niň şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň baş hünärmeni Selbi Çolukowa, şäher bilim bölüminiň usuly merkeziniň usuly ýolbaşçysy Gunça Nazarowa, bilim bölüminiň hünärmenleri Döwletmyrat Arnazarow, Hangeldi Ýazberdiýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar mekdebimiziň bir asyra golaý taryhyndan gyzykly gürrüň etdiler. Mekdep ýyllaryna degişli gülküli sahnalar guralyp, goşgular okaldy. Aýdym-sazlaryň belent owazy dabara şatlyk-şowhun çaýdy. Dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Gözel KAIPOWA.

21
21 18.03.2026
Ýaşlaryň arasynda wagyz edildi

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde TMÝG-niň şäher geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, şäheriň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Talyplaryň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda guralan duşuşyk hemmeler üçin örän täsirli boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilýän kanunlary içgin düşündirmek, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny we sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ündemek maksady bilen geçirilen duşuşykda welaýat prokuraturasynyň uly prokurorynyň kömekçisi, I derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Toýly Babaýew, Wekilbazar etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi Oguljan Gurbanowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnahal Muhammetamanowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa we S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy Aýna Kamarowa çykyş etdiler. Olara ýokarda agzalan temalar boýunça içgin gürrüň etdiler we ýaşlaryň tertip-düzgünli bolmalydygyny ündediler.    Güljemal Toýkulyýewa.

23
23 18.03.2026
Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar

Golaýda TMÝG-niň şäher geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, şäheriň hukuk goraýjy edaralarynyň, bilelikde guramagynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde «Ýaşlar — halkymyzyň we Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory Maral Annagulyýewa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Mähri Saparowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Gülälek Mämmedowa, şäheriň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi Mahym Mämmetdurdyýewa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik başlangyçlaryň,  telekeçilik işiniň kanuny esaslary, tertip-düzgün hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaşlaryň arasynda geçirilen bu duşuşyk hemmeler üçin örän täsirli boldy. Göwher KAKAGELDIÝEWA.

24
24 18.03.2026
Kitap bilen açylýar taryhyň syrly gatlary

Ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşi, TAP-nyň etrap komiteti, etrap bilim bölümi, etrap   merkezi kitaphanasy bilen bilelikde etrap merkezi kitaphanasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň  maksady ýaşlarda kitaba bolan söýgini ösdürmekden, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany we zähmete söýgini döretmekden ybarat boldy.  «Kitap bilen açylýar taryhyň syrly gatlary» atly duşuşygyň dowamynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap  merkezi kitaphanasynyň direktory Mähri Kulyýewa, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maral Garahanowa çykyş etdiler. Olar — türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimizi wasp edýän “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Gadamy batly bedew” ýaly ajaýyp eserlerini halkymyza peşgeş bermegi we ahalteke bedewlerimize uly hormat, çuňňur sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Döwlet Baýramow.

51
51 18.03.2026
Şahyrlar Atajan Annaberdiýewiň hem-de Gurt Näzliýewiň 80 ýyllygynyň şanyna bagyşlanyldy

       “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mary welaýatynda ýurdumyzyň medeniýet işgärleri, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň biri hem Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Murgap etrap medeniýet bölüminiň  gurnamaklarynda Mary welaýat kitaphanasynda we Murgap etrap medeniýet öýünde geçirildi. Bu döredijilik duşuşygy şahyr Atajan Annaberdiýewiň hem-de şahyr Gurt Näzliýewiň 80 ýyllygynyň şanyna bagyşlandy, oňa hormatly il ýaşulylary, kümüş saçly eneler, ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlary, aýdymçylary, medeniýet we sungat ussatlary we etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu duşuşyklarda  çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan uly ösüşler, Berkarar Watanymyzda medeniýet we sungat işgärleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň şertler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Duşuşygyň dowamynda türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz goýan ägirtler Atajan Annaberdiýewiň we Gurt Näzliýewiň ömri-döredijiligi barada giňişleýin gürrüňler edildi. Soňra etrabyň medeniýet öýüniň ussatlarynyň şahyr Atajan Annaberdiýewiň şygyrlaryndan janlandyrylan sahna hem görkezilip, bu sahna gatnaşanlara ýatdan çykmajak şahyrlaryň sözlerine düzülen ajaýyp aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, umumadamzat bähbitli tutumly işlerini, asuda Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän aýdymdyr sazlar belent heňlerde ýaňlandy. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamakda edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

24
24 18.03.2026
Guramaçylykly  ýola  goýulýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde demokratik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda wajyp syýasy-jemgyýetçilik waka taýýarlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm syýasy waka bolar. Şu günler döwletimiziň syýasy partiýalaryndan, raýat toparlaryndan öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek giňden ýaýbaňlandyrylýar. Öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Dalaşgärleriň halkyň arasynda uly hormata eýe, zähmetsöýer adamlardygyny bellemek ýakymlydyr. Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk işleri ýurdumyzda we türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Çary ÖWEZOW.

27
27 18.03.2026
Asuda  durmuşyň  ýörelgesi

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy parahat, asuda durmuşyň taglymaty bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty ählumumy howpsuzlygy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Onsoňam, bu syýasat içerki durnuklylyk we yzygiderli ösüş üçin amatly daşarky şertleriň döredilmegine mümkinçilik berdi. Bitaraplyk döwletimiziň daşary syýasatynyň üýtgewsiz binýatlyk ýol-ýörelgesi bolmak bilen, döwletimiziň dürli halkara guramalary we ähli ýurtlar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmeginde netijeli esas bolup durýar. Geçen 30 ýyldan gowrak döwrüň içinde wagtyň synagyndan geçen Bitaraplyk taglymatymyz durmuş tejribesinde many-mazmun taýdan baýlaşdy. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykyp, döwletimizi bütin dünýä parahatçylyksöýüjilikli döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanaýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly daşary syýasaty ýurdumyzyň içeri syýasatynyň sazlaşykly dowamy bolmak bilen, Türkmenistan Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär.  Şatlyk ATAÝEW.

26
26 18.03.2026
Bedew batly ösüşli Diýar

 Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde maslahat geçirildi. “Diýar bedew batly ösüş ýolunda” ady bilen geçirilen maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.   Bu maslahatda TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri, behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, çalasynlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik  işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.  Akmuhammet AGAJUMAÝEW.  

53
53 06.03.2026
Işjeň  taýýarlyk  görülýär

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda jemgyýetimizde möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka işjeň taýýarlyk görülýär. Şu günler Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu şanly  ýylymyzyň wajyp wakasy bolmak bilen, oňa taýýarlykly  barmak we  guramaçylykly  geçirmek üçin ähli  tagallalar  edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda öňde durýan saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu mesele boýunça syýasy partiýalar we raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisleri we ýygnaklary geçirmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakanyň talaba laýyk geçirilmegine hemmämiz saldamly goşandymyzy goşmalydyrys. Resul BAÝRAMOW.

51
51 06.03.2026
Bedew batly, at-myratly Watanym!

Ýolöten şäher medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň  bilelikde guramagynda “Bedew batly, at-myratly Watanym!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Ogulboldy Kowusowa, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy bolan bedewlerimiziň ýyndamlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.  Toýly ANYŞOW.

55
55 27.02.2026
Saýlawlara taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek syýasy jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülip, häzirki wagtda dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. 102-nji “Jemgyýet” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär Mary welaýatynyň Mary şäher Salgyt bölüminiň Hasap we hasabat  bölüminiň başlygy Jumamyradow Atajan Çarymyradowiç, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bili, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni Nepesowa Zyba Serdarowna, 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni Myradowa Jahangül Mämmetorazowna, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň müdiri Alyýew Begenç Berdimyradowiç we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat Mary şäher komitetiniň başlygy Annadurdyýew Mekan Çarymyradowiç dagylar bilen duşuşygy Mary etrabynyň 38-nji orta mekdebinde hem-de etrabyň medeniýet öýünde duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde ilki bilen dalaşgärleriň ynanlan wekilleri çykyş edip, olar 102-nji “Jemgyýet”, 104-nji “Peşanaly saýlaw okruklary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň terjimehallary hem-de durmuş ýollary barada gürrüň berdiler. Soňra dalaşgäriň özileri hem çykyş edip öz maksatnamalary bilen saýlawçylary giňden tanyşdyrdylar.

112
112 26.02.2026
Dostlukly gatnaşyklaryň beýany

      Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň netijelerine we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ýurdumyzy ösdürmekdäki ähmiýet we bu döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzda gazanylýan üstünlikler we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Bitarap watanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklary barada-da aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.  

48
48 26.02.2026
Toý-baýramyň  ýaraşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany boldy. Bu şygar halkymyzyň taryhy ykbalynyň, ruhy dünýäsiniň hem-de ýaşaýyş pelsepesiniň jemlenmesi hökmünde ulus-ilimizi galkyndyrdy. Bedew ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigi buýsanjymyzy artdyrýar. Toýlaryň bezegi hasaplanylýan behişdi bedewlerimiz öz gözelligi, okgunly bady şan-şöhratymyzy dünýä ýaýýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini görkezmek bolar. Bu festiwalda topar sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar bilen sylaglanyldy. Bu waka şanly ýylyň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Şeýle-de, golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna we “Görogly” adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baryp görmegi, şol ýerde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagy ildeşlerimizde uly guwanç we hoşallyk duýgusyny döretdi. Bu duşuşyklar ýaşlaryň bedewlere bolan gyzyklanmasyny has-da güýçlendirdi. Milli Liderimiziň “At — myrat” okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde sowgat berilýändigini aýtmagy jemgyýetimizde gyzgyn goldaw tapdy. Bu sahawatly ädim çagalaryň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmakda, olaryň kalbynda mähir we watansöýüjilik duýgularyny terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen bu topary 3 million manat bilen sylaglamak baradaky Karary halkymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Bu goldaw toparyň döredijilik mümkinçiliklerini has-da giňeldip, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Behişdi bedewlerimiziň şöhratyna şan goşýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Maksat JANMYRADOW.  

47
47 26.02.2026
Taryha ýazylýan ýyllar

Ajaýyp ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda giň many-mazmun bar. Çünki türkmen halky bedew atyny sarpalaýar, hormatlaýar. Milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň gymmatly medeni mirasydyr. Häzirki wagtda ajaýyp bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň abraýyny dünýä ýaýmak boýunça mynasyp işler alnyp barylýar.  Üstümizdäki ýylyň 16-25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli türkmen halkyny buýsandyrdy. Bu waka 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle buýsançly wakalara beslenýän Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere beslenmegini arzuwlaýarys. Tawus DURDYÝEWA.

1393
1393 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1179
1179 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1439
1439 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1352
1352 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1315
1315 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1522
1522 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1127
1127 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1340
1340 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.