Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
weather mary 25° C Mary
weather mary 25° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

453 16.11.2024

Düyn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan geçirilen duşuşyga, bu guramanyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki maslahatyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, Mejlisiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda guralan metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça tanyşlyk okuw saparynda boldy.

Şeýle hem deputatlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanylýan üstünlikleri, geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işleri giňden wagyz etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmeginiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne degişli “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreş çärelerini geçirmek işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary netijeli işletmek boýunça işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja, miwe we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle-de önüm öndürijilerden kabul edilip alnan güýzlük azyklyk ekinleriň hasylyny sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, olary talabalaýyk saklamak boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamagy we gaýtadan işlemegi berk gözegçilikde saklamagyň, ýetişdirilen şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Garabogazkarbamid” zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig mal bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak, esasy tehnologik enjamlary abatlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu zawodda toplumlaýyn tehniki hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, 20-nji noýabrda agzalan serginiň açylyş dabarasynyň, sebitara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip edilýär. 21-nji noýabrda bolsa söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, onuň ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigini belledi hem-de ony, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy N.Atagulyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesini 6 aý synag möhleti bilen ýerine ýetirmegi onuň üstüne ýükledi. N.Atagulyýew özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Kurbanowyň üstüne ýükledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipä täze bellenen orunbasaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň milli sergisine we Ikinji sebitara foruma ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini üstünlikli dowam etdirdiler. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynda, Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abu Seýit kümmetinde, Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, Balkan welaýatyndaky orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar kerwensaraýynda, «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV asyra degişli binagärlik ýadygärliginde, Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan galasynda geçirilen işler barada aýdyldy.

Şeýle-de Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek hem-de olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň neşir edilmegi ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy. Häzirki wagtda daşary ýurtly IT hünärmenleri, alymlar, professor-mugallymlar bilen “akylly” öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly döwrebap tejribeler yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi. Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy noýabrynda Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli mirasymyza sarpa goýýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, dürli pudaklarda üstünlik gazanyp, ýokary döredijilik başarnygyny görkezýän ýaşlarymyz üçin geljekde hem ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary syýasy işiň habarlar üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça tagallalar täze başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Daşary işler ministrliginiň düzüminde Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň işe başlamagy munuň aýdyň mysalydyr. Departamentiň esasy wezipesi ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda halkara maglumat giňişliginden has netijeli peýdalanmakdan, döwrebap habar beriş usullary, jemgyýetçilik diplomatiýasy, täze maglumat-kommunikasiýa tilsimatlary arkaly Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy.

Türkmenistan hem-de onuň içeri we daşary syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça işler köp ýyllaryň dowamynda belli bir derejede ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda alnyp barylýan maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş neşirleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.

Döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň öňdebaryjy sanly görnüşlerini ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda sanly ulgam boýunça zähmet çekýän ukyply ýaşlaryň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanda sanly ulgam bilen bagly ähli işleri we oýlap tapyşlary merkezleşdirmek üçin halkara tejribeleriň esasynda “Sanly birleşme” atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, hasabatyň dowamynda başga-da birnäçe teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmegiň, munuň üçin häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

14
14 05.05.2026
Saglygym — baş baýlygym

TDP-niň welaýat, Mary şäher komitetleriniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanylyp, “Saglygym — baş baýlygym” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hünärmenleri gatnaşdylar.  Maslahatda Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Aýsoltan Piriýewa çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň saglygy ugrunda möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy hakynda täsirli gürrüň edildi.  Meňli MOMMADOWA.  

14
14 05.05.2026
Ýyndam bedewleriň ýaryşy

Düýn Mary atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşygy Murgap jülgesiniň bedew muşdaklary üçin ýene bir baýramçylyga öwrüldi. Döwrebap toplumyň giň aýlawynda geçirilen ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dabarada ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar bolsa şowhunly ýaryşlara özboluşly bir bezeg berdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýaz paslynyň ýekşenbe gününde şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşyklary 5 tapgyrdan ybarat boldy. Üçýaşar atlaryň arasynda geçirilen birinji çapyşyk 1200 metr aralyk bolup, oňa bäş sany bedew gatnaşdy. Onda Mary welaýat häkimliginiň aty bolan Ýeňiş 2 atly dor at 1 minut 28 sekunt wagt bilen pellehana birinji bolup geldi. K. Garýagdyýewiň seýislän bu atyny çapyksuwar T. Annaçaryýew ussatlyk bilen çapmagy başardy. Ikinji çapyşyk 1400 metr aralyk bolup, onda üçýaşar bedewleriň bäşisi özara güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Ş. Orazgeldiýewiň hojalyk aty — Garagyz atly gara gysrak 1 minut 36 sekunt wagtda gelip, ýeňiji bolmagy başardy. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän atyna B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Üçünji çapyşyk ýene-de 1400 metr aralyga geçirildi we oňa üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşdy. Bu gezek Ş. Şamyradowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara aty ýeňiş gazandy. D. Amandurdyýewiň seýislän bu atyna Ý. Amannazarow çapyksuwarlyk etdi. Garajaoglan atly bu at pellehana 1 minut 34 sekuntda geldi. Soňky iki çapyşyk 1800 metr aralyga geçirilip, olarda  dörtýaşar we ulyýaşar atlar güýç synanyşyp öz ýyndamlyklaryny görkezdiler. Dördünji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli Peýdaly atly gyr at bäş atyň arasyndan saýlanyp ýeňiji boldy. Ol bu aralygy B. Gurbanowyň çapyksuwarlyk etmeginde geçip, pellehana 2 minut 7 sekuntda geldi. Atyň seýsi K. Garýagdyýew. Bäşinji çapyşykda R. Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy atly mele at bäş atdan saýlanyp pellehana birinji bolup geldi. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän bu atyny çapyksuwar B. Gurbanow ussatlyk bilen çapmagy başardy. Bu at pellehana 2 minut 1,02 sekuntda gelmegi başaryp, ýeňiji boldy. Tolgundyryjy pursatlara baý bolan bu at çapyşygyna gatnaşan bedew janköýerleridir tomaşaçylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

14
14 05.05.2026
Bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

     Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp orny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesle geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändiklerini aýtmak gerek” diýen parasatly sözlerden ugur alynyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde  guramaklarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelen zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda, kämilleşdirmekde, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşantlaryny goşýan, öz ajaýyp eserleri, el işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän  edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, höwesjeň zenanlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen ,,Zergärçilik sungatym- miras daragtym” atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirilip, oňa etrap, şäher tapgyrynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlar we welaýatyň edara – kärhanalarynda zähmet çekýän dürli kärdäki  işewür zenanlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat zenanlar bölüminiň, welaýat häkimliginiň, medeniýet müdirliginiň guramagynda egsilmejek şatlyk-şowhuna beslenilip geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyrynda zenanlar öz saýlap alan hünärleriniň, kesp-käriniň  ähmiýetini, öňlerinde goýan maksatlaryny  watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşlerine türkmen zenanlarynyň goşýan saldamly goşantlaryny çeper sözüň üsti bilen wasp edip, gadymy milli şaý-sepleriň  taýýarlanyş usullaryny iş gurralaryň üsti bilen görkezmek arkaly  döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bu ýerde zenanlaryň öz saýlap alan hünärleri, onuň wajyplygy barada beren gyzykly gürrüňleri bäsleşige tomaşa etmäge gelenlerde ýakymly duýgulary oýardy. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaram giňden ýaýbaňlandyrylyp, gelin-gyzlaryň  ümä üýşüp bagtyýarlyk döwrümizi, eli çeper türkmen zenanlarmyzy gazallaryň üsti bilen wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary  bu günki bäsleşigiň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu ýerde haly önümlerinden, şaý-sepleriň nusgalyk görnüşlerinden, türkmen milli lybaslaryndan we surat eserlerinden guralan sergem dabara özboluşly millilik ruhuny çaýdy.Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň her biriniň çykyşyna emin agzalary tarapyndan mynasyp baha berilip, onda üstün çykan zenanlara  Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan zenanlar Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmakda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize zenan kalbyndan joşup çykýan ýürek buýsançlaryny, alkyşly sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa

14
14 05.05.2026
Nebit-gaz pudagy uly ösüşde

      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde “Nebit-gaz pudagy uly ösüşde” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahat duşuşygyna bu orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu maslahat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nebit-gaz pudagynda ýetilen belent sepgitler, bu pudakda alnyp barylýan ägirt uly işler dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen bu maslahat duşuşygy duşuşyga gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän giň mümkinçilikler üçin  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.  

11
11 05.05.2026
Usuly-amaly maslahat geçirildi

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýyllyk iş meýilnamasynyň çäklerinde “Öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we halkara iş tejribeleri bilim işine giňden ornaşdyrmak” ady bilen döwlet derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Mary şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynda geçirilen bu usuly-amaly maslahata ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu maslahatyň açylyş dabarasynda zehinli çagalaryň  döredijilik çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandy. Soňra çagalar bagynyň giň eýwanynda taýýarlanan görkezme çykyşlary bu maslahata gatnaşan bilim işgärlerinde uly gyzyklanma döretdi. Olar çagalaryň taýýarlan çykyşlaryny mähirli el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Soňra maslahata gatnaşanlar bu ýerde öňdebaryjy tejribeli bilim işgärleriniň okuw gollanmalaryndan we görkezme esbaplaryndan guralan giň sergini hem uly höwes bilen synladylar.  Körpeleriň duýgularyny ösdürmek, daş-töwerek baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek boýunça guralan öwrediji oýunlaryň ähmiýeti baradaky pursatlaryň görkezilmegi hem bu ýere ýygnananlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Usuly-amaly maslahatyna gatnaşan bilim işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeler, çaganyň irki ösüşini kämilleşdirmegiň innowasion usullary, mekdebe çenli Döwlet bilim standartyny çagalar baglarynyň işine ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan döwrebap işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bu ýerde çaganyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we ony mekdebe taýýarlamakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler  dogrusynda hem durup geçdiler. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda bilim işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde we ony dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.  

38
38 29.04.2026
Zenanlar bäsleşdiler

        Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp orny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesle geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändiklerini aýtmak gerek” diýen parasatly sözlerden ugur alynyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarlarynyň bilelikde  guramaklarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelen zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda, kämilleşdirmekde, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşantlaryny goşýan, öz ajaýyp eserleri, el işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän  edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, höwesjeň zenanlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen ,,Zergärçilik sungatym- miras daragtym” atly bäsleşigiň  etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Welaýatyň Sakarçäge we Murgap etrap medeniýet öýünde etrap medeniýet bölümleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Sakarçäge, Murgap etrap bölümleriniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge, Murgap etrap birleşmeleriniň bilelikde  gurnamaklarynda „Zergärçilik sungatym- miras daragtym“ atly bäsleşigiň etrap tapgyrlary geçirilip, ol egsilmejek ruhubelentlige beslendi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşan zenanlar  özleriniň döredijilik ussatlyklary, ukyp-başarnyklary we öňde goýlan maksatlary boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan miras galan, nepislik bilen bezelen  el işleriniň we  milli toý lybaslarynyň görnüşleriniň giň gerimde ýaýbaňlanan sergisem oňa özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşikde has tapawutly çykyş edip, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Sakarçäge we Murgap etrap bölümleriniň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, folklor çykyşlaram giň gerimde ýaýbaňlandy. Bagtyýarlyk döwrümiziň tarypyny ýetirýän şowhunly çykyşlar bäsleşige gatnaşanlaryň ruhuny göterdi. Egsilmejek ruhubelentlige beslenip geçirilen bu bäsleşikde oňa gatnaşan bagtyýar zenanlar halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

44
44 29.04.2026
Ýüwrük ýaryşda belli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklara uzaýan milli atşynaslygyň gadymy mirasyny dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara beslenip giňden bellenilip geçildi. Gadymy Mary topragynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Dabaranyň geçen ýeri bolan welaýat atçylyk sport toplumynda atçapyşygyna gelen toý märekesini, bedew janköýerlerini medeniýet we sungat işgärleri, çagalar döredijilik toparlary aýdym-saz, tans bilen garşy aldylar. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy alyslara ýaýrap, toý dabarasyny has-da şowhuna besledi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşyklary gyzykly we dabaraly häsiýete eýe boldy. At çapyşygy jemi bäş çapuwdan ybarat boldy.  Birinji çapyşykda üçýaşar atlaryň bäşisi 1200 metr aralyga güýç synanyşmak üçin çapuw ýodasyna çykdylar. Bu çapyşykda welaýat häkimligine degişli Ýeňiş 2 atly dor at 1 minut 25,69 sekunt wagtda pellehana gelmegi başardy. Ýeňiji bolan atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary T.Annaçaryýew. Ikinji çapyşyga gatnaşan dokuz sany üçýaşar atlaryň arasyndan saýlanyp M.Orazmyradowyň hojalygyna degişli Düşümli atly al at 1 minut 35,74 sekunt wagt bilen ýeňiji bolmagy başardy. Atyň seýsi M.Orazmyradow, çapyksuwary R.Rahmanow. Atlar 1400 metr aralyga çapuwa goýberildi.  Üçünji çapyşyk hem 1400 metr aralyga bolup, oňa üçýaşar atlaryň dokuzysy gatnaşdy. B.Orazowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 33,69 sekunt wagt bilen gelmegi başaryp, ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow. Dördünji çapyşyk dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilip, olar 2000 metr aralyga çapuwa goýberildi. Mary welaýat gümrük gullugyna degişli Goçýigit atly dor at 2 minut 14,95 sekunt wagtda pelehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow. Jemleýji, bäşinji çapyşyk hem dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirildi. Muhammet Balkan hojalyk jemgyýetine degişli bolan Alsakar atly al gysrak 2000 metr aralygy 2 minut 15,84 sekunt wagt bilen geçip, alty atyň arasynda ýeňiji boldy. Onuň seýsi A.Ýazlyýew, çapyksuwary D.Begmedow. At çapyşyklaryna gatnaşan bedew janköýerleri we ildeşlerimiz Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

36
36 29.04.2026
Erteki hakykata öwrülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder kesbine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda çagalar bagynda terbiýelenilýän körpejelerimiziň zehinli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.  Golaýda welaýat kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, körpejeleriniň gatnaşmagynda “Erteki hakykata öwrülýär” ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyşda körpejelere türkmen halk ertekileri bolan “Ejekejan”, “Öwez”, “Mämmetjan”, “Üç çopan” we çagalara niýetlenen goşguly kitaplar çeper, labyzly okaldy. Şeýle-de, körpejeler bilen “Kim bilmeşek” atly oýun guralyp, ertekilerden sowal-jogap alşyldy.  Ertekileri uly höwes bilen diňläp, çeper okaýşa, sowal-jogap alyşmaga işjeň gatnaşan körpejelerimiz wagtlaryny örän hoş geçirdiler.  Aýsoltan PIRIÝEWA.  

50
50 29.04.2026
Täsirli boldy

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň saglygy ugrunda ençeme işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy hakynda täsirli gürrüň edildi.  Öwezmyrat KAKABAÝEW.  

50
50 29.04.2026
Täsirli boldy

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň saglygy ugrunda ençeme işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy hakynda täsirli gürrüň edildi.  Öwezmyrat KAKABAÝEW.  

53
53 29.04.2026
Bellenilen kadalar berjaý edilmelidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata edilýän bank hyzmatynyň hilini döwrebaplaşdyrmakda degerli işler ýola goýulýar. Şeýle tagallalaryň netijesinde bolsa bank hyzmatynyň hili ösüşli döwrüň talabyna laýyklykda ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet-täjirçilik bankynyň Murgap etrap şahamçasynda guralan duşuşyk gürrüňi edilýän meselä bagyşlanyldy. Duşuşyga etrap prokuraturasynyň we ady agzalan şahamçanyň işgärleri gatnaşdylar.  Duşuşykda etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist Rejep Myradow, Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-niň Murgap etrap şahamçasynyň dolandyryjysy Döwlet Berkeliýew çykyş etdiler. Çykyş edenler müşderilere bank hyzmaty ýola goýlanda bellenilen kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň derwaýysdygynyň üstünde durup geçdiler. Ilata bank hyzmatyny etmekde has netijeli tagallalaryň alnyp barylýandygy barada gürrüň etdiler. Eziz GYZYLOW.  

46
46 29.04.2026
Bäsleşikde özboluşly millilik ruhy çaýyldy

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp orny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesle geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändiklerini aýtmak gerek” diýen parasatly sözlerden ugur alynyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarlarynyň bilelikde yglan eden halkymyzyň asyrlar aşyp gelen zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda, kämilleşdirmekde, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşantlaryny goşýan, öz ajaýyp eserleri, el işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän  edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, höwesjeň zenanlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen ,,Zergärçilik sungatym- miras daragtym” atly bäsleşigiň  etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň birem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň guramagynda  Sakarçäge  etrap medeniýet öýünde „Zergärçilik sungatym- miras daragtym“ atly bäsleşigiň Sakarçäge etrap tapgyry geçirilip, ol egsilmejek ruhubelentlige beslendi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşan zenanlar  özleriniň döredijilik ussatlyklary, ukyp-başarnyklary we öňde goýlan maksatlary boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan miras galan, nepislik bilen bezelen  el işleriniň we  milli toý lybaslarynyň görnüşleriniň giň gerimde ýaýbaňlanan sergisem oňa özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşikde has tapawutly çykyş edip, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary etrap bölüminiň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi. Bäsleşige gatnaşanlar Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmakda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize özleriniň päk kalplaryndan çykýan ýürek buýsançlaryny, alkyşly sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

50
50 21.04.2026
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirilip, ol Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy buýrosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we şol möçberde harytlyk gazy çykarmak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasyna bagyşlanyldy. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy mynasybetli geçirilen hoşallyk maslahatynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allagulyýew, Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Annamyrat Hotjyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar “Galkynyş” gaz käniniň çäginde düýbi tutulan desganyň tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Täze desganyň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna mümkinçilik berjekdigi dogrusynda durup geçdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy. Maslahatda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.

48
48 21.04.2026
Syýasy söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň Mary welaýat, Mary şäher Wekilbazar etrap komitetleriniň Mary welaýat medeniýet müdirligi bilen  bilelikde  gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş saparlarynyň jemleri, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna iş saparynyň  jemleri barada syýasy söhbetdeşligi   geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň golaýda Mary welaýatyna bolan iş saparynda welaýatyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutup bermegi hem-de Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli Halkara awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, partiýanyň işjeň agzalarynyň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürip bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda döwletli tutumyň başyny başlap, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüni tutup bermegi Mary welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynda begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki bu şäherçäniň gurulmagy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary göteriljekligine bolan ynamy has-da berkidýär -diýip, uly buýsanç bilen bellediler. şeýle hem bu ýerde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş sapary wagtynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga bermegi hem ýurdumyzda ulag-logistika pudagynyň belent derejelerde ösdürilýänligine şaýatlyk edýänligi dogrusynda-da aýratyn belläp geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

65
65 15.04.2026
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Golaýda welaýat häkimliginde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Lalmämmet Resulow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Seýitmyrat Atamuradow, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, Ýolöten etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Peraýtun Jumaýewa, Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň Gyzyl oba saglyk öýüniň lukmany Dürbibi Gulamowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler  barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy.  Hoşallyk maslahatynda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.  Maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.  

73
73 15.04.2026
Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini wagyz etmek maksady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we şäher, etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym“ atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat şäher ,etrap geňeşliginiň işjeň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar raýatlaryň asuda , bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalar hem-de ýaş nesilleriň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary barada giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan we ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiziň  adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

81
81 09.04.2026
Geljegi aýdyň täze şäherçe

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly üstünliklere beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan gözbaşly adam hakda alada giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap täze şäherçeler gurlup, ulanylmaga berilýär. Döwletli zaman şäherçesi bu gün behişdi mekany ýadyňa salsa, Wekilbazar, Türkmengala, Sakarçäge etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu Karary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda  ýokary ruhubelentlik, çäksiz hoşallyk, buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet baştutanymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ilatynyň  ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata berdi. 22,5 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenen täze şäherçede jemi 4500 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu döwrebap şäherçede orta mekdepleriň 6-syny, çagalar baglarynyň 8-sini gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 800 gektar meýdany tutjak täze şäherçäniň çäginde hassahana hem-de iki sany saglyk merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap şäherçede onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny ýatlamak ýakymlydyr.  Elbetde, täze şäherçäniň gurluşygyna berlen ak pata “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, guwanç duýgusyny döretdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün bähbitli tagallalarynyň ýeňişlere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şanly ýylymyzyň iri möçberli tutumly işleri rowaç alyp, olar il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Medeni-durmuş babatda ähli amatlyklar dörediljek täze şäherçäniň gurluşygyna ak pata berilmegi möhüm waka bolup, il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. Täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda şirinden-şirin aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, tansçylaryň şowhunly tanslary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Baýram AMANOW.

65
65 08.04.2026
Bähbitli işleriň rowaç gadamlary

Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli aýdyň ýoly bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly  rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýy täze belentliklere çykýar. Ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşynda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly       Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durýar. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça çalt depginlerde ösdürmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Sanly ykdysadyýetiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, beýleki ulgamlara giňden ornaşdyrylmagynda uly işler bitirilýär. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmakda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde ähli tagallalar edilýär. Has takygy, milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Daýhanlarymyz döwlet Baştutanymyzyň berýän goldaw-ýardamyna daýanyp, dänäniň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja önümleriniň, miwäniň bol hasylyny almakda uly ýeňişleri gazanýarlar. Şeýle ösüş-özgerişler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa täze öndüriji güýjüň milli ykdysadyýetimizde uly orna eýe bolmagyna ýardam edýär. Hususyýetçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen halkyň köp sarp edýän harytlarynyň we önümleriniň bolçulygy döredilýär.  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýä parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuny toýlar. Giňden belleniljek bu şanly sene Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we bu uly toýuň dabarasy dag aşar. Baýram AMANOW.

1533
1533 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1325
1325 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1574
1574 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1512
1512 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1458
1458 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1680
1680 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1254
1254 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1520
1520 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.