Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
weather mary 25° C Mary
weather mary 25° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

732 08.02.2025

Düyn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2024-nji ýylda milli ykdysadyýetimizde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,1 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Şeýle hem ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda balans toparlarynyň jemi 104 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 88 mejlisi geçirildi. Olaryň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz S.Joraýewi maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä M.Astanagulowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

M.Astanagulow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda bank ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe ykdysadyýete karzlary gönükdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda hususy ulgama, şahsy taraplara, kiçi we orta telekeçilige banklar tarapyndan berlen karzlaryň möçberi artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň görkezijileri ýokarlandyryldy. Bu görkeziji 30,7 göterime barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň möçberi 16,2 göterim artdy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow geçen ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel ýangyjynyňky 0,6 göterim, plastmassadan taýýarlanan we aýna süýümli turbalaryňky 2,2 göterim, sementiňki 3,5 göterim, balykçylygyňky 20,1 göterim, süýji-köke önümleriniňki 2,1 göterim, süýt önümleriniňki 4,7 göterim, mesge ýagynyňky 3 göterim, mineral suwlaryň, alkogolsyz içgileriňki 11,5 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriňki 7,2 göterim artdy. Hasabat döwründe senagat önümçiliginiň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 46,7 göterim, nah matalar boýunça 27,1 göterim ýokarlandy.

Ulag-aragatnaşyk pudagynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük dolanyşygynyň 2 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 5,2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 16,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilen gök önümler, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim, azyklyk bakja 6 göterim, ýeralma 4,6 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,5 göterim, süýt 2,1 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 7 göterim ýokarlandy. Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde-de oňyn görkezijiler gazanyldy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meýilleşdirilýär.

2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, ykdysadyýetimize innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmagyň, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak boýunça degişli işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermegi, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmegi, bank ulgamynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini, elektron tölegleriň gerimlerini yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli pulumyzyň hümmetini durnukly saklamak boýunça netijeli çäreleri görmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 224,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim berjaý edildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy barada maglumatlar aýdyldy. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, guramalary nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de bu önümleri has rejeli paýlamak we peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, 2025-nji ýylda-da bu pudagy döwrebap derejede ilerletmek babatda zerur işleri geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý ýataklary, geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklary gözlemek we barlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň, seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam etdirmegi, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2024-nji ýylda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toplum boýunça öndürilen önümlerdir işleriň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 708 million manat boldy. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,6 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 114,6 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 115,8 göterim ýerine ýetirildi.

2024-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi, “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Aşgabat şäherinde “Bagtyýarlyk” suw arassalaýjy desgasy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly, Daşoguz şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy we desgalar toplumy, ýurdumyz boýunça jemi 5 sany orta mekdebiň, 2 sany çagalar bagynyň binalary bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri geçirmegiň, ylmyň, tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalary döretmegiň möhümdigini belledi. Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Himiýa senagatynyň kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak, täze kärhanalary gurmak işlerini-de güýçlendirmek wajypdyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, ýollaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda işleri dowam etdirmegi, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini hem 103,1 göterime barabar boldy. Geçen ýylda Dokma senagaty ministrligi boýunça 117,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi, şol sanda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 149,3 göterime, nah matalaryňky 129,7 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 302-si geçirilip, olarda 29 müň 317 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2024-nji ýylda amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 111,8 göterime barabar boldy. Sergileriň 27-si, maslahatlaryň 131-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, dokma önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň, halyçylyk pudagyny ösdürmegiň, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini netijeli guramak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginiň hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,1 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 114,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 140 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 128 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 116,2 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa toplumynyň möhüm pudaklaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, üstaşyr hem halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary yzygiderli ösdürmegiň, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini giň gerimde dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri alyp barmak, awtoulag kärhanalarynyň parkynyň maddy-tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny täzelemegi, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işleri geçirmegi, täze ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmaga, ýük daşalýan ugurlary giňeltmäge möhüm ähmiýet bermegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenip, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli çäreler guraldy. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Aşgabadyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik şahyryň ýadygärliginiň açylyş dabarasynda medeni çykyşlar guraldy.

Geçen ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherinde VI Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa bilelikdäki simfoniki orkestriniň konserti, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we onuň çäklerinde beýleki ugurdaş çäreler, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly ýokary derejede geçirildi. Täjigistanda, Ýaponiýada, Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri, ýurdumyzda bolsa Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň Medeniýet günleri, Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi guraldy. Hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýän B.Seýidowany bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

B.Seýidowa bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Seýidowa ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmagyň, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagy, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagy, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk pudagyny ösdürmegi, teleradioýaýlymlarda ýaş nesilleriň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri köpräk taýýarlamagy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Ýokary okuw mekdepleri halkara reýting sanawlaryna girizildi. Bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandylar.

Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň kadaly ösüşini, abadan durmuşyny, saglygy goraýyş edaralaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işler dowam etdirildi. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçen ýylyň möhüm wakalaryna öwrüldi.

Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak babatda işler dowam etdirildi. Hokkeý boýunça halkara ýaryş, 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça “Ashgabat Open 2024” atly halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Geçen ýylda türgenlerimiz medallaryň 752-sini gazanmagy başardylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, derman senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow sebitde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmegiň bellenen ýyllyk meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Geçen ýylda welaýatda iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi, şol sanda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde döwrebap umumybilim berýän mekdep, Ýaşlyk şäherçesinde, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar, Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynda lagym suwuny arassalaýjy desgalar, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi we beýleki desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleriniň alnyp barylýandygy, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, S.Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä T.Nurmyradowy bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.

T.Nurmyradow özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, welaýaty mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda sebitde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2024-nji ýylda sebitde “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Daşoguz şäherinde 1 müň 496 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy ulanmaga berildi. 2025-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda degişli ideg işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaçanyň we azyklyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow 2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen ýyl sebitde medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary, inženerçilik ulgamlaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, sebitde 5 sany medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şeýle-de häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gaýtadan işlemek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça işleri alyp barmagyň, arassaçylygy berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalar esasynda geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 126,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,8 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 120,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 141,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 233,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 138,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 253,1 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny, tohumlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, ýetip gelýän owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň, çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Ýokary hasyl berýän ekinleriň, miweli baglaryň täze görnüşlerini döretmek, tohumçylyk işini kämilleşdirmek işlerini netijeli alyp barmak, öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek, azyk senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümçiliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda degişli işleri geçirmegiň, oba hojalyk önümlerini öndürijilere edilýän tehniki hyzmatlaryň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň, ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ylmy edaralar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek boýunça has netijeli işlemelidir, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler dowam etdirilmelidir, Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak babatda degişli işleri alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmak işlerini netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Öňde goýlan wezipeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara resmi we iş saparlary guraldy. Geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň 15-si Türkmenistanda döwlet, resmi, iş saparlary bilen boldular. Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary derejedäki wekilleriniň 39-sy ýurdumyza sapar bilen geldi. Bu saparlaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi.

BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyryldy. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 4 sany Kararnamasy kabul edildi. Şolaryň biri 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

2024-nji ýylyň dowamynda beýleki abraýly halkara guramalar we döwletara bileleşikler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da degişli işler amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ýewropa Bileleşigini, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny görkezmek bolar. Geçen ýylda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary halkara gatnaşyklaryň okgunly ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylda dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 238-si bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 30-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky 9 ilçisi, 2 konsuly resmi taýdan öz işine başlady.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, geçen ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň mejlisleriniň 14-si, işewürlik maslahatlarynyň, duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp ugry bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň 180-e golaýy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda guralan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ähmiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

Türkmenistan dünýä hem sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýygjam gatnaşyklary, ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa ugurlary boýunça netijeli işleri alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine göz öňünde tutulan çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 26-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny tassyklamak we olara goşulyşmak baradaky başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça kanunlaryň birnäçesi bar. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen ýyl dürli döwletleriň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 53-si geçirildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 15-sinden ynanç hatlary kabul edildi.

Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 37-si amala aşyryldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 123-sine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen dürli halkara forumlara gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, 2024-nji ýylda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Kabul edilen bu kanunlar Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyna öwrülendigini, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň halkara derejede giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik nyşany döretmek boýunça kanunçylyk tarapdan degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek baradaky asylly ýörelge hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şunlukda, durmuş, ykdysady, medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi.

Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy. Maýa goýumlar 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlendigini belledi. Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, saglygy goraýyş maksatly halkara merkezler we beýleki desgalar ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlarymyzyň ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edendiklerini belledi. 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Ýurdumyzda söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini, şu ýylyň hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňde duran wezipeler barada durup geçip, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagyň, ýylyň aýratyn möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny aýdyp, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

71
71 09.09.2026
Pagta ýygymyna ak pata berildi

      Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2-nji sentýabrda ýurdumyzda 2027-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişmäge,9-njy sentýabrda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta ýygymyna başlamaga beren ak patasy esasynda şu gün Mary welaýatynyň edermen “ak altyn” ussatlaram il arasynda hormatlanylýan ýaşulularyň bissimillasy bilen ýetişdirilen bol, bereketli pagta hasylyny ýygnamak işine guramaçylykly girişdiler. Toprakdan dür öndürýän ussat pagtaçy daýhanlaryň durmuşyndaky şu gyzgalaňly hem-de jogapkärli pagta ýygymy möwsümine girişilmegi mynasybetli ilki bilen Mary welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda ýörite geňeş  maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, welaýatyň etraplarynyň, şäherleriniň häkimleri, häkimleriň orunbasarlary, welaýatyň edara – kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daýhan birleşikleriniň başlyklary, ussat  kärendeçiler, hormatly ýaşulular, Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda welaýatyň  pagta meýdanlarynda ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny gysga möhletde, zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmakda welaýatyň pagtaçy daýhanlarynyň, ýer eýeleriniň öňlerinde durýan möhüm wezipeler birin-birin ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekerançy daýhanlarymyza tehnika, tohum, dökün, suw babatynda berýän bimöçber ýardam – goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabara gatnaşanlar Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, bu ýerdäki halkymyzyň geçmiş taryhyna degişli muzeý  gymmatlyklary, Mary welaýat kitaphanasynda bolsa täze neşir edilen kitaplar bilen tanyş boldular. Soňra maslahata gatnaşanlar welaýat derejesinde pagta ýygymyna girişilýän ýer bolan welaýatyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň “ak altynly” atyzlarynyň gyrasyna bardylar. Dabara gatnaşanlar pagtaçylaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altynly” atyzlary höwes bilen synladylar. Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alyp beren kuwwatly hem ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlarynyň, kuwwatly traktorlarynyň, ýük awtoulaglarynyň “ak altynly” atyzlara ýaraşyk berip duran uzyn hatary hormatly ýaşulularda aýratyn buýsanç duýgusyny döretdi. Ýokary iş öndürijilikli bu pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny gysga möhletde hem-de zaýasyz ýygnap almakdaky ýokary mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanşan, billeri ak fartukly hormatly ýaşulular, daýhanlarymyza toprakdan bol hasyl almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler. Döwletimiziň hemişelik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygynyň giňden toýlanylýan ýylynyň pagta hasylynyň ýygymyna bissimilla bilen başlap beren hormatly ýaşulularyň bu asylly hereketine hemmeler işjeň goşuldylar. Pagtaçy gyzlar hasyl ýygymyny giňden ýaýbaňlandyrdylar. Şeýlelikde, welaýatyň bol hasylyny güjeňläp duran “ak altynly”  atyzlarynda daýhan zähmetiniň joşguny emele gelip, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta ýygymy giňden badalga aldy. Bereketli altyn güýzüň başynda atyzlarda göýä ak gunduz ýaly bolup açylan pagta hanalary bu günki dabara gatnaşýanlaryň begenç – buýsanjyny ýene bir gez artdyrdy. Welaýatyň bagtyýar ilaty hem-de edermen pagtaçy daýhanlary üçin hakyky baýramçylyga öwrülen bu günki dabarada welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň teatrlaşdyrylan çykyşy hemmelere ruhy lezzet berdi. Ýerine ýetirilen aýdymlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ýyl – ýyldan ösüşleriň täze belentliklerine çykýan asuda,erkana Watanymyz, Diýarymyzyň hemişelik Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 35 ýyllyk şanly baýramçylygy, “ak altyna” deňelýän ak pagta, pagtaçylaryň päk zähmeti, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň il – halk, döwlet hem-de bütin adamzat bähbitli rowaç işleri, dünýä nusgalyk başlangyçlary belent joşgun bilen wasp edildi. Dabarada welaýatyň iň saýlama tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren joşgunly tanslary giň,bereketli ekinzarlyga ýaň salyp, dabara gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Bu ýerde Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň işgärleriniň hem-de Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen tejribe-okuw maslahatynda hünärmenler çykyş edip, möwsümde ýygym tehnikasynyň,beýleki kämil tehnologiýaly oba hojalyk mehanizmleriniň saz,ýokary öndürjilikli işledilmegi dogrusynda öz gymmatly maslahatlaryny berdiler. Dabarada Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň hem-de Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri wagyz – nesihat çäresini geçirip, hasyl ýygymyna gatnaşýan mehanizatorlary ýygym möwsüminde ýol hereketiniň kadalaryny, ýangyn howpsuzlygyny doly we dogry berjaý etmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrdylar. Bu gün welaýatda hasyl ýygymyna girişilmegi mynasybetli guralan dabaranyň geçýän ýerinde ak öýler dikilip, hakyky baýramçylyk görnüşi emele getirilipdir. Welaýat oba senagat toplumynyň gaýtadan işleýji edara – kärhanalarynyň öndüren dürli azyk, çörek we gök, bakja, miwe önümleriniň bu ýerde guralan giň sergisi bazarlarymyzda döredilen azyk bolçulygynyň aýdyň alamaty bolup, dabara gatnaşýanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Amaly – haşam sungatyna, senetçilige degişli işleriň, muzeý gymmatlyklarynyň, nepisden – nepis haly we haly önümleriniň, ene – mamalarymyzyň on barmagynyň gudratyndan dörän el işleriniň, daýhançylykda ulanylýan iş gurallarynyň sergileri-de özüniň köp öwüşginliligi bilen hemmeleriň ünsini özüne çekdi. Dabarada gelin – gyzlaryň hamyr ýugrup, tamdyra çörek ýapyp, pişme bişirmekleri, dürli tagamlary taýýarlamaklary baýramçylyga millilik ruhuny çaýdy. Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunyň giňden toýlanylýan ýylynda Mary welaýatynyň pagtaçy daýhanlary bir ýüz altmyş iki müň gektar meýdana gowaçanyň welaýatyň toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly orta süýümli “Ýolöten – 7”, “Ýolöten – 39”, inçe süýümli “Ýolöten – 14” sortlaryny ekip, bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Olar şu ýyl üç ýüz elli dokuz müň tonna “ak altyn” hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmaklygy maksat edinýärler. Welaýatda şu ýyl pagta ýygymynda pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýeterlik möçberini işletmeklik meýilleşdirilýär. Welaýatyň medeni çäklerinde hem-de uzakdaky ýaýlalarynda ýetişdirilen bol, bereketli pagta hasylyny synlanyňda Mary welaýatynyň pagtaçy daýhanlarynyň arzyly sepgidi abraý bilen eýelejekdiklerine pugta ynam döreýär. Dabaradan soň üstüne şu ýylky ýetişdirilen “ak altyn” hasyly ýüklenen awtoulag kerweni Mary şäheriniň iki gyrasy kaşaň binalar bilen jäheklenen giň, görkana köçelerinden ýoluny dowam etdirip,welaýatyň Sakarçäge etrabyndaky her ýylda kyrk müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemeklige niýetlenen pagta arassalaýjy kärhanasyna bardy. Üsti hasyl ýükli awtoulaglary hormatly ýaşulular, kärhananyň işgärleri, pagtaçy daýhanlar garşy aldylar.Medeniýet-sungat işgärleriniň,beýleki dabara gatnaşýanlaryň bu ýere toý ýörişi bilen gelmekleri şu günki çäräniň aýratyn dabaraly pursatlary boldy. Bu ýerde dabara gatnaşýanlary teatr artistleri ak pagta bagyşlanan teatrlaşdyrylan çykyşy, welaýatyň aýdym – saz, tans toparlary belent heňlerde ýerine ýetirilýän aýdym – sazlar, döwrebap tanslar bilen garşy aldylar. Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz döwletimizde geçen 35 ýylyň içinde gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler aýratyn joşgun bilen wasp edildi. Dabarada edilen çykyşlarda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň  pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli gutlag sözleri aýdylyp, ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli ýokary götermek ugrunda taýsyz tagallalar edýän  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna alkyş sözleri beýan edildi. Bu ýerde pagta ýygymynyň ilkinji gününde özleriniň şertnamalaýyn tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy hem dabaraly pursatlar boldy. Şöhratly geçmiş taryhymyzda dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, elleri çeper zenanlaryň nusgalyk el işleriniň, güneşe baý ülkämiziň bereketli topragynda pagtaçy daýhanlarymyzyň zähmeti bilen öndürilýän gymmatly pagta hasylyndan işlenilip çykarylýan dokma önümleriniň sergileri dabara aýratyn bezeg berdi. Dabarada täze hasylyň ilkinji tonnalarynyň kärhana tabşyrylyp, gaýtadan işlenilip başlanylmagy,ýaşuly nesliň wekilleriniň bolsa ony ýüzlerine sylyp garşy almaklary şu günki çäräniň şatlyk – şowhunyny has-da artdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, Mary welaýatyndaky “Marypagta”önümçilik birleşiginiň  dokuz sany pagta arassalaýjy kärhanasy hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň otuz bäşisi şu ýyl welaýat boýunça ýetişdirilen pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige hem-de ony gaýtadan işlemeklige birkemsiz taýýar edildi. Mary welaýatynyň ussat pagtaçy daýhanlary toprakdan bol hasyl almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna  alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Harmanyňyza bereket, Mary welaýatynyň edermen pagtaçy daýhanlary!     Soňra berlen toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde il agzybirligi ýurt abadançylygy,türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagy dileg edildi. Sapardurdy Ýaýlyýew.

180
180 08.09.2026
Belent sepgitleriň aýdyň beýany

Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda ady agzalan mekdepde talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň şanly toýy mynasybetli çäreleri guramak we Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan belent sepgitleri ýaşlara wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy. Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň direktory Merdangeldi Paşykow, mekdep direktorynyň orunbasary Garry Agageldiýew, mekdebiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Şamuhammet Ataýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynda belent sepgitlere ýetilýändigi, ata Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmekde hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda bimöçber işleriň alnyp barylýandygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýuny uly ruhubelentlikde geçirmekde birnäçe çäreleriň guralýandygy, şol ýyllaryň içinde Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylandygy hakynda giňişleýin durup geçdiler. Göwher KAKAGELDIÝEWA.

174
174 08.09.2026
Döwrüň talaby ýokarlanýar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da 2026 — 2027-nji täze okuw ýylyna guramaçylykly girişildi. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň meselelerine hemişe uly ähmiýet berip, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Golaýda etrap prokuraturasy etrap bilim bölümi bilen şu bölümiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Oňa etrap prokuraturasynyň, etrap bilim bölüminiň işgärleri, orta mekdepleriň müdirleri we mugallymlary gatnaşdylar. Duşuşykda etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist Tagandurdy Tagandurdyýew, etrap bilim bölüminiň müdiri Eziz Öwezekow, hünärmeni Batyr Bäşimow çykyş etdiler. Etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist Tagandurdy Tagandurdyýew ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylygy, ony ýerine ýetirmegiň talaplary dogrusynda durup geçdi. Şeýle hem duşuşykda çykyş edenler ýaş nesle durnukly bilim we mynasyp terbiýe bermekde alnyp barylýan işler, öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda özara pikir alyşmalara uly orun berildi. Andreý ÖWEZDURDYÝEW.

178
178 08.09.2026
Möhüm meselelere garaldy

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi adam hakdaky aladanyň anyk işlerde öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Ýakynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Ony etrap prokuraturasy etrap hassahanasy bilen bilelikde gurap, maslahata ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist Akmyrat Sadyýew, etrap häkimliginiň baş hünärmeni Döwran Aşyrow çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen il-gün bähbitli öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky alada bilen bagly tagallalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy dogrusynda durup geçdiler. Yhlas KURBANNAZAROW.

181
181 08.09.2026
Çekeleşikli geçdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta aýratyn üns berilýär. Döwletimiziň sport abraýy belent derejä göterilýär. Hut şu esasda ýurdumyzda sporta höwesek ýaşlaryň sany hem artýar. Golaýda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde 2011 — 2012-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda taekwon-do (ITF) boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşa welaýatymyzdaky sport mekdepleriniň tälimçileri we türgenleri gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgeni Amanmyrat Aşyrow 1-nji, Mary etrabyndaky sport mekdebiniň türgenleri Daýanç Toýlyýew 2-nji, Daýanç Muhadow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Aýparça AKYMOWA.

98
98 07.09.2026
Öwüt

“Gelnim, saňa diýýän, Gyzym, sen düşün!”. Isleseň, ýaşynma, Isleseň, ýaşyn. Däbem däpdir welin, Öz işiň bular. Agzyň ýaşmaksyzam, Sylasa bolar. Wepaly boljak bol, Baran öýüňe. Gussasyny çekiş, Goşul toýuna. Ol öý sowuk bolsa, Ýylatjak bolgun! Ol öý kiçi bolsa, Ulaltjak bolgun! Gelin diýen gelin, Bolsa akylly. Tutuş öýe siňer, Onuň ýakymy. Gelin diýen gelin, Bolanda haýýar. Çagaň üsti bilen, Ärine gargar. Sen hyzmatkär dälsiň, Gaýyn hökümdar. Gaýyn bimamlamy — — Geple, hakyň bar. Abraý diýen zady, Aýagyn, gyzym! Düşümli bolsun-da, Aýagyň, gyzym! Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

80
80 07.09.2026
DAÝHANÇYLYK HAKDA PÄHIMLER

Miwäni iýen wagtyň ekeni ýatdan çykarma. Ýere bir sagat gijä galsaň, ýer bir ýyl gijä galýar. Orak wagty alakalaryňam aladasy köp. Agaç hernäçe boý alsa-da, köki toprakda galar. Bugdaý däneden öner, pagta — hanadan. Gyş suwy — gyzyl suw. Dökün bolmasa, ekin bolmaz. Ýeri eý gör — eklär, maly eý gör — saklar. Dag depesinden garrar, ýer — gyrasyndan. Oda düşen kül bolar, ýere düşen gül bolar. Saýany ekmedik saýada oturmaz. Ýer ýagmyr bilen, är — alkyş bilen. Şaly arkasyndan gürmek suw içer. Ýeriň görki goldadyr, adam görki eldedir. Çillede suw içen üzüm suwsamaz. Toplan Hojageldi ATAÝEW.

77
77 07.09.2026
HAKYKAT ÖZÜMIZDE BOLMALY (Tymsal)

Ir zamanlarda şemal, suw hem-de hakykat ýegre dost ekeni. Bir sapar hakykat we suw şemala şeýle sowal beripdirler: — Dost, aýtsana! Sen örän ýyndam, özüňem bir ýerde durup bileňok. Eger geregiň çyksa, biz seni nireden gözläli? — Geregim çyksa, meni daglaryň arasyndan tapyp bilersiňiz. Eger ol ýerde ýok bolsam, onda “Titreýän derek” diýilýän äpet dagyň ýanyna baryň. Şol ýerden meni hökman taparsyňyz — diýip, şemal jogap beripdir. Soňra bu sowaly suwa beripdirler. Şonda ol: — Siz meni çüwdürimlerden ýa-da ygşyldaşyp oturan gamyşlaryň arasyndan tapyp bilersiňiz — diýip, jogap beripdir. Indi gezek hakykata ýetipdir. Dostlary ondan: — Gereklänimizde seni nireden tapyp bileris? — diýip sorapdyrlar. — Dostlar, eger men sizde bar bolsam, onda eliňizde berk saklaň! Eger sypdyraýsaňyz, gaýdyp maňa ýüzüňiz düşmez. Sebäbi, tebigatym boýunça meni terk edenlere geçirimlilik edip bilmeýärin. Kim-de kim meni inkär edýän ýa-da sylamaýan bolsa, ol meni saklamak hukugyndan mahrumdyr. Taýýarlan Meretgeldi ATABAÝEW.

72
72 07.09.2026
Jümleler näme diýýär?!

Bir okda iki towşan awlamak — bir bada iki sany bähbitli işi ýerine ýetirmek, iki bähbidiňi birden bitirmek. Bolsa bäş, bolmasa ýigrimi bäş — tapawudy ýok. Böwre sanjy bolmak (dürtüp durmak) — ynjalykdan aýyrmak, gozgalaňa salmak. Böwrüňe diň salmak — böwrüňi diňlemek, böwrüňe geňeşmek. Buz üstünde tozan aramak — bahana gözlemek, biderek zady bahana edip iňirdemek, sebäpsiz yrsaramak. Burny ganamazlyk — horluk, zulum görmezlik, sütem çekmezlik, zyýan, zelel çekmezlik. Burny deşilen ýaly bolmak — rahatlanmak, ynjalmak, ýuwaşamak. Bäş beter bolşundan-da artyk, has erbet, has ýaman. “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.

178
178 08.09.2026
Möhüm meselelere garaldy

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi adam hakdaky aladanyň anyk işlerde öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Ýakynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Ony etrap prokuraturasy etrap hassahanasy bilen bilelikde gurap, maslahata ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist Akmyrat Sadyýew, etrap häkimliginiň baş hünärmeni Döwran Aşyrow çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen il-gün bähbitli öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky alada bilen bagly tagallalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy dogrusynda durup geçdiler. Yhlas KURBANNAZAROW.

182
182 06.09.2026
Hadysasyz ýollar — abadan durmuş

Ýurt Baştutanymyzyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 1— 30-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy geçirmek baradaky tabşyrygy hem ynsan saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Şu ählihalk çäresi diňe bir sürüjä ýa-da pyýada degişli bolmak bilen çäklenmän, tutuş il-günümiziň abadanlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu möhüm çärä biz hem işjeň gatnaşyp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen işlere öz goşandymyzy goşýarys. Şu maksat bilen şäherimiziň köçelerine berk gözegçilik edip, ýollarymyzyň ak ýollar bolmagyny gazanmaga çalyşýarys. Ýusup MOMMYÝEW.

183
183 03.09.2026
Talyp ýaşlaryň arasynda ýol howpsuzlygy wagyz edildi

       Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň hem-de Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly  bir aýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebinde geçirilen bu çäräniň dowamynda Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň işgärleri hem-de   bu mekdebiň mugallymlary çykyş edip, talyplara köçe ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry öwrenip, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidiklerini düşündirdiler. Şeýle-de ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar. Altynaý Seýitberdiýewa.

197
197 02.09.2026
Biraýlyga bagyşlanyldy

Ýakynda welaýat polisiýa müdirliginde TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de ady agzalan müdirligiň bilelikde guramagynda «Ak ýollarda rahat hereket» ady bilen duşuşyk geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanylan duşuşyga ady agzalan gullugyň işgärleri gatnaşdylar. Ösüp gelýän ýaş neslimiziň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýolyşygyny düşündirmek boýunça dürli çäreleri guramak, ýol hereketine howp salýan endiklere gözegçilik etmek hem-de çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen duşuşyk hemmeler üçin örän täsirli boldy. Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, welaýat polisiýa müdirliginiň PÝGB-niň gözegçisi Toýly Babaýew hem-de şäheriň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Bäşim Ylýasow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen geçirilýän biraýlygyň dowamynda giň möçberli çäreleriň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini, ýokary derejede geçirilýän çärelerde her bir raýatyň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmelidigi barada giňişleýin düşündiriş işleriniň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Bu çäreleriň ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna getirilýändigini, raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmek üçin gönükdirilýän beýik işlerdigini aýratyn bellediler. Annagözel SARYÝEWA.

248
248 28.08.2026
Türkmenistan - dost-doganlygyň mekany

    Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher hem-de Murgap, Mary, Sakarçäge etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly maslahat geçirildi. ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty-belent özgertmeleriň aýdyň binýady” diýen at bilen geçirilen bu maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitlere ser salmak we geljekde hem döwletimizi has-da ösdürmekde öňde durýan wezipeler bilen bagly meselelere garalmagy we onda il-ýurt bähbitli kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Bu ýerde çykyş edenler ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna häzirden görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

111
111 27.08.2026
BAŞYMYZYŇ TÄJI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Bu ýörelge “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanýar. Mundan 35 ýyla golaý öň Garaşsyzlygyň aýdyň ýoluna düşen döwletimiz ösüş-özgerişleriň menzilleri bilen bedew batly öňe barýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyryp, halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Ýurdumyz isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Bularyň hemmesi Beýik Garaşsyzlygymyzyň datly miweleri. Mukaddes Garaşsyzlygyny göz-guwanjy, başynyň täji hasaplaýan türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Şu günler türkmen ili taryhy waka Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasy dag aşjak uly toýy şan-şöhratly ýylymyzyň möhüm wakasy bolup, Watanymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. 35 ýyla golaý döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz syýasy taýdan kämil, berkarar, ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Parahatçylyksöýüjilikli baky Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy arşa çykýar. Şu taryhy wakanyň dabarasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň şatlyk-şowhuny bilen utgaşjakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Toý-baýrama sowgatly barmagyň gadymy ýörelgesine eýerýän türkmen ili baş baýramyna mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýär. Maksatlary myrat bolýan halkymyz taryhy wakalara taýýarlyk görýär. Saparmyrat ÇARŞAKOW.

112
112 27.08.2026
Taryhy waka bolar

Häzirki wagtda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalaryna — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly işler giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipelere laýyklykda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şöhratly pederlerimiziň toplan baý tejribesine esaslanylyp, döwleti dolandyrmagyň demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri özünde jemleýän häzirki zaman syýasy-hukuk binýady döredildi. Netijede, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda we raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlener. Şeýle hem ösüşli döwrümiziň talaplaryndan ugur alnyp, geljekde öňümizde durýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Häzirki wagtda partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary welaýatymyzyň telekeçileriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini geçirýärler. Olarda biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň eýeleýän wajyp ornuny düşündirýäris. Myratgeldi ANNAÖWEZOW.

116
116 26.08.2026
Beýik ösüşlere barýan ýyllar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende göterilýär. Dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen ykdysady hyzmatdaşlyklar, dost-doganlyk gatnaşyklar yzygiderli ýola goýulýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda dünýä döwletlerine amala aşyran döwlet saparlary doly şaýatlyk edýär. Dostlukly döwletlere bolan döwlet saparlarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler alnyp barlyp, olarda deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi hem-de işjeň hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek babatynda maslahatlaşyldy. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Göwher KAKAGELDIÝEWA.

236
236 17.08.2026
ÄHLIHALK ÇÄRESINIŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär. Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyna uly üns berilmeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki, köçe-ýollarda ulag serişdeleriniň mukdary köpelip, gatnaw ýokarlandy. Şonuň üçinem ýurdumyz boýunça bu barada degerli işler uly ähmiýete eýe bolýar. Çäräniň barşynda ilatyň arasynda, aýratynam, bilim edaralarynda düşündiriş çärelerine üns berip, maşgalalarymyzyň abadanlygynyň özümize baglydygy wagyz-nesihat ediler. Toýly BABAÝEW.

2094
2094 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1925
1925 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2171
2171 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2117
2117 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2034
2034 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2454
2454 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1894
1894 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2235
2235 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.