TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÝHHG-NYŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
weather mary 20° C Mary
weather mary 20° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÝHHG-NYŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

153 27.01.2023

2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň (PA) prezidenti hanym Margareta Sederfelt bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda guramanyň gün tertibindäki meseleler, şeýle hem “ÝHHG-nyň çäginde Ýewropa we Ýewraziýa giňişliginde howpsuzlygy, durnuklylygy we gepleşikleri güýçlendirmek üçin bitarap ýurtlaryň goşandy” atly çäräni Aşgabat şäherinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasaty we daşary ykdysady işjeňligi ýaly giňişleýin özgertmeler barada giňişleýin maglumat berildi.

Konstruktiw gepleşigiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we umumy maksatlara ýetmek üçin edilýän tagallalary birleşdirmek barada ylalaşdylar.

32
32 30.01.2026
Bedew batly Garaşsyz, Bitarap Watan

Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergi zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de muzeýiň bilelikde guramagynda “Bedew batly Garaşsyz, Bitarap Watan” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly, at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli guralan sergä ýaşuly nesliň wekilleri, kitaphanaçylar, muzeýiň işgärleri, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de welaýat, şäher, etrap  zenanlar bölümleriniň işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada täsirli çykyşlara giň orun berlip, onda muzeýiň işgärleri sergide ýerleşdirilen eksponatlar dogrusynda gürrüň etdiler. Mundan başgada, çykyş edenler üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynda uly ähmiýetiň bardygy, ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünliklere ýetilýändigi barada durup geçdiler.  Kakajan TÄÇGULYÝEW.  

26
26 30.01.2026
Sagdynlygyň  ýörelgesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmegiň ýeňişli menzilleri rowaçlanýar. Sportuň ösdürilmegi halkyň saglygyny goramakda, berkitmekde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna-da netijeli täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri bu gün sporta höwesek ýaşlaryň mekanyna öwrüldi.  Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri türkmen sportunyň halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu meselede Türkmenistanyň halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni, GDA-nyň Aşgabat şäherinde geçirilen Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegem taryhy waka boldy. Bularyň hemmesi Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň barha ýokary göterilýändigine aýdyň subutnamadyr. Şeýle üstünlikli ýörelge “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar. Maksat ŞIRIÝEW.  

23
23 30.01.2026
Älemgoşar  derýasy

 KANO-KRISTALES — Kolumbiýada bir derýa bolup, Losado derýasynyň sag goşandydyr. Bu täsin derýa Kolumbiýa döwletiniň merkezi böleginde, And daglarynyň etegindäki Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähiniň meýdan çäginiň içinden akyp geçýär. Onuň uzynlygy 100 kilometre, ini 20 metre barabardyr.  Tebigatyň bu ajaýyp künjegi 1969-njy ýylda çopanlar tarapyndan açyldy. Bu älemgoşar derýasy dünýäniň iň owadan derýasy hasaplanylýar. Bu derýa “Kristal derýasy” ýa-da “bäş reňkli derýa” diýlip atlandyrylýar. Sebäbi, bu derýanyň düýbünde dürli reňkli suwotularynyň bäş: gyzyl, gök, gara, sary hem-de ýaşyl reňkleri gabat gelýär. Bu reňkler bolsa ýylyň dowamynda howanyň temperaturasyna görä dürli öwüşginleri berýär. Derýanyň reňki esasan kümüşsöw,  ýaşyl reňkde bolýar. Ýylyň yssy wagtlarynda bolsa günüň ýiti şöhlesiniň täsiri netijesinde derýanyň düýbündäki suwotular açyk gyzyl, mämişi reňkli öwüşginleri berýär. Derýanyň mohly hem-de çägesöw ýerlerinde düýbündäki suwotular gara hem-de sary reňklere öwrülýär.  Amazonka jeňňelliginiň barmasy kyn bu gözel künjegi 2009-njy ýyldan başlap Kolumbiýa döwletiniň syýahatçy älemşynaslarynyň iň meşhur mesgenine öwrüldi. Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähi ÝUNESKO-nyň tebigy gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Bu ýerden akýan derýanyň suwunyň düzüminde duzlaryň, minerallaryň hiç bir görnüşleri bolmasa-da suwuň içinde balyklaryň bolmazlygy örän täsindir. Derýa suwundaky täsinlikleri esasan ýylyň gurak wagtynda, has takygy, iýun-noýabr aýlary aralygynda synlamak has hem ýakymlydyr. Kano-Kristales derýasynyň ugrunda birnäçe şaglawuklar, aýlawly guýular bolup, ol ýerler syýahatçylaryň iň söýgüli ýerlerine öwrülipdir.  Bu derýanyň akym ugrundaky basgançakly şaglawuklara ýerli ilat «Basgançak»’ diýip at berýär. Derýa boýlaryndaky dag daşlaryndaky gaýalaryň ýüzünde ir döwürlerde ýaşan indeý taýpalarynyň ilatynyň çeken suratlary gabat gelýär.  Dag gerişlerinden akýan bu ajaýyp derýa Ýer togalagynyň gadymylygyndan habar berýär. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bu derýanyň ýaşy 1 mln. 200 müň ýyla barabardyr. Ekologik taýdan arassa Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähinde janly organizmleriň 8 görnüşi, süýrenijileriň 43 görnüşi, amfibiýalaryň 10 görnüşi we guşlaryň 420 görnüşi gabat gelýär.  Taýýarlan  Amanmyrat ÝAMADOW.   

25
25 30.01.2026
Sabyr  soňy — sap  altyn

Sabyrlylyk ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biridir. Sabyr, aslynda, çydam edip garaşmak ukybydyr. Bu ajaýyp häsiýet barada akyldar şahyrymyz          Magtymguly Pyragyda şeýle setirler hem bar:         Sabryň bolsa subhan ýeter dadyňa,         Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa. Sabyr-takat bilen baglanyşykly pähimler, paýhasly setirler bilen tanşan her bir adam onuň ynsan durmuşynda ähmiýetiniň örän uludygyna, sabyrly bolmagyň bela-beterlerden goraýan närsedigine has-da oňat göz ýetirýär. Umytly bol, Ýusup dek, Sabyrly bol, Eýýup dek.         *** Bisabyr gul tiz ýolugar belaga, Sabyrly gul dura-bara şat bolar. Magtymguly PYRAGY.         *** Sabyr eden myradyna ýeter.         *** Sabyrlynyň alçasy bişer.         *** Äwmek — şeýtandan, sabyr rahmandan.         *** Sabyr edenler gara dagy ýer eder, bisabyrlar haýyr işi şer eder.         *** Sabyrly sary altyn, saralan ýeter myrada, howlugan ýeter uýada.                  *** Sabyrlylyk haýra getir, bisabyrlylyk şere ýetir.         *** Sabyr soňy — sap altyn.         *** Sabyr ajy, miwesi süýji.         *** Sabyr — sogabyň dogany.         *** Sabyr — müşgil işleriň açary.         *** Sabyr daşy — takat daşy. Toplan  Annamyrat BERDIMYRADOW.  

20
20 30.01.2026
Hemişelik ýatda galan şygyr — ylham ganaty

Ýeller galabilmän ýerde süýrendi.  Magtymguly Pyragy.       *** Öz ýüzüň şöhlesine, belki, özüň-de ýana sen.  Mollanepes.       *** Sylaň bir-biregi wagtyňyz barka, Mümkin... ýene bir sagatdan giç bolar.    Berdinazar Hudaýnazarow.        *** Poeziýa Pyragyň münen atydyr.   Mämmet Seýidow.        *** Diý, keýgim, gudrat bar, jady bar palda, Hudaý-a aldatmaz, meni bir alda.  Atajan Tagan.       *** Biri bir setirmi alsa begenýän, Hakyky şahyry ogurlaýalar.  Atamyrat Atabaýew.      *** Owadan gyzlary halamaýaryn, Olar betbagtlygmy ýadyma salýar.  Nobatguly Rejepow.         *** Damjalar çümmükläp görýär, Akar ýabyň mele suwny.  Atajan Annaberdiýew.       *** Aýdyp ýetişmedik goşgy setirlem, Kepenimden çykar kebelek bolup.   Amandurdy Annadurdyýew.       *** “Ölä aýan, dirä gümän” diýleni, Adam gaýdyşdan soň çyna öwrülýä.   Atda Gurbangeldiýew.        *** Nurgözeliň leblerinde, Diriligiň suwy bardyr.  Gurbandurdy Orazow.       *** Köne suratlary ýyrtmaň, eplemäň, Olar köp zat gürrüň berer geplemän.  Çary Ýegenmyradow.       *** Wah, men bu dünýeden, pany dünýeden, Çözmesi kyn matal bolup geçerin.   Şähribossan  Geldimämmedowa.       *** Käbäm, gül ýüzüňe mähirli garap, Sypaýy bolmagy senden öwrendim.  Bahargül Mejidowa.  Toplan  Atamyrat ŞAGULYÝEW.  

27
27 30.01.2026
Sen garrama, eje jan! (Aýdym)

Maňlaýyňda bar gasyn, Ýok, garrama, eje jan! Dünýe dursa durasyň, Sen garrama, eje jan! Besdir daglaň garrany, Besdir baglaň garrany,  Garrasak biz garraly, Sen garrama, eje jan! Garşylasyn goja dag, Garşylasyn goja bag, Bolup bize arkadag, Sen garrama, eje jan! Dillermizde sena sen, Perzentlerňe pena sen, Meňzeseňem Enä sen, Ýok, garrama, eje jan! Besdir daglaň garrany, Besdir baglaň garrany,  Garrasak biz garraly, Sen garrama, eje jan! Myrat ÖMÜR.  

20
20 30.01.2026
Obada eşiden gürrüňlerimden

 Tolgunmaga, joşmaga ukyply ýürek jerhetden basym saplanýar. Ynsan birek-biregiň agyrysyny, ynjysyny duýmasa, onuň ýüreginden şepagat göterler. Mylaýym söze daş erär. Adam dogduk mekandan örküni üzse-de, ýat toprakda kök urmaz. Alkyş özüne ýol tapar. Durmuş bir joşgunly derýa, ol mydama adamyň göwün islegine görä akyp durmaýar. Goranmak azym urmakdan, zor salmakdan müň paý abraýlydyr. Ýeri gelende ýumşaklyk, sypaýyçylyk pes ýarag däldir. Tilki tüýüni täzelese-de, hilegärligini goýmaz. Ýalyň az bolsa-da, ýalagyň giň bolsun! Güýçliniň synyndan ýapyşma! Gaýgyny wagt kütelder. Tawusyň peri näçe owadan bolsa-da sesi çykanok. Esenmyrat BERDINAZAROW.  

20
20 30.01.2026
Ejem  janyň  erigi

Erigimiz gülläpdir, Görk berip tebigata. Ýaşlyk keşbin telläpdir, Meňzäp ajap sungata. Bu gözel görküň bilen, Meni heýjana salýaň. Ýaz pasly durkuň bilen, Ýaşlygyňa dolanýaň. Ojagmyzy saýalap, Ejem jany ýatladýaň. Sen yssy mähriň bilen, Ýaşlygyma ätledýäň. Biz obada ýaşaýardyk. Maşgalamyz uludy. Ejem, kakam, dokuz sanam dogandyk. Öýümiziň töweregi bag-bakjalykdy. Howaýy üzümleriň dalbarlary jaýymyzyň daşyna bürenip durdy. Mellegimizde alma, şetdaly, garaly, injir, saraly, nar ýaly miweli agaçlar ösüp otyrdy. Öýümiziň arka tarapynda  bir düýp erik agajy bardy. Ol her ýyl beýleki agaçlar ýaly bol hasyl berýärdi. Meniň özümden uly üç erkek, birem aýal doganym bardy. Agalarymyň ikisi öýlenendi. Ejem jan şol erik agajynyň saýasynda  ýüpden sallançak gurap, agtyklaryny hüwdüläp ýatyrardy. Köplenjem, gapdalda duran ojakda unaş bişirerdi. Men ol wagtlar mekdep okuwçysydym. Her gün mekdepden gelenimde ejem jan şol erigiň saýasynda agtyklaryny daşyna üýşürip, güýmäp, sallançak üwräp oturardy. Men şol pursatlary şeýle hezil, ýakymly görýärdim. Men ejem janyň ýanynda oturyp naharlanýardym. Onuň  şol erik agajynyň saýasynda bişirýän unaşlarynyň tagamy üýtgeşikdi. Şol pursatlar hakydamdan çykanok. Häzirem çagalygymy ýatlasam, şol pursatlar göz öňümde kino lentasy ýaly janlanýar. Aradan ýyllar geçdi. Hemmämiz  öý-işik bolup, ene höwürtgämizden uçup, durmuş ýoluna gaýtmaly bolduk. Ejem jan aradan çykandan soň, mellegimizdäki baglaryň hersi bir bahana bilen gurap başlady. Soň bir baramda seretsem, beýleki agaçlaryň birem ýok. Diňe şol erik agajy otyr. Men onuň ýanyna bardym. Çagalyk döwrüm, ejem janyň unaşy, sallançagy, töweregi jagyl-jugully ala-ýaz bolup oturşy, men okuwdan gelemde «Gyzym, geldiňmi?» diýip nahar guýup berşi göz öňüme geldi. Damagym doldy. Kellämde bolsa: «Näme üçin hemme agaçlar gurap, sen galdyň, ejem janyň erigi?” diýen pikir at salýardy.  Men erige ýüzlenýärin: «Diýmek, seni ejem janyň mähri gandyrypdyr. Saňa-da şol pursatlar ýaran bolmaly. Sen şol wagtlar ejem janyň mährinden güýç alyp, şonuň täsirinden çykyp bilen dälsiň?! Sen ýene şol döwri küýseýänsiň, şol ajaýyp günleriň gaýdyp gelerine garaşýansyň! Şeýle dälmi? Diýmek, senem meniň bilen dertdeş ekeniň!» Aradan esli wagt geçensoň baryp görsem, erik agajynyň ugry ýokdy. Ol güllemändirem, birlän-ikilän şahasam gurapdyr. Ol sus görünýärdi, meniň oňa nebsim agyrdy. Görüp otursam, ol soňky iki ýyl miwe-de bermändir. Men ony sypalap, ýüzlendim: «Sen ýeke galypsyň, ýekesireýäňmi? Men seniň ýürekdeşiň! Men saňa ejem janyň mähir berşi ýaly ýyly mähir bermäge çalşaryn. Ýygy-ýygy geler duraryn. Senem ýaňadan güýç-gurbat tap-da, gülle, ýaşa, başardygyňdan miwe ber! Güllemeseň, miwelemeseň seniňem ýok bolaryňdan gorkýan!”. Soň men ejem janyň eriginiň ýanyna gatnawymy kesmedim... Bu gün men ýene dogduk mekana bardym. Ýene şol maňa mähriban, maňa ýakymly erik agajy bilen ýüzbe-ýüz durun. Ol ýapraklaryny ýazyp, şeýle bir gülläpdir, onuň gül-pürçük bolup oturşyna ýürekden begendim. Ol bol miwe-de berdi. Bu erik agajy meniň üçin bir gyzykly kitap ýalydy, mukaddesdi, mähribandy, ýaşlygymy, ejem jany ýatladýan eserdi. Ömrümdäki mukaddeslikleriň biri-de sensiň, eý, erik agajy! Mähriban käbämiň mähri siňeni üçin bolsa gerek, sen gözüme, diýseň, yssy görünýäň! Sen meniň ýüregimde täsin duýgy döredip bilen ezizlik! Ejem janyň keşbi saňa siňipdir, Gyzykly günleriň barysy sende. Geçen günler taryh bolup dymyp dur, Dogduk mekanymyň manysy sende. Durmuş dowam edýär, ýaşa sen, gülle, Döwletli ojaga sensiň geregim. Ömrümiň parçasy, waspyň bar dilde, Ejem janyň mähri siňen erigim. Oguljemal SARYÝEWA.  

24
24 30.01.2026
Türkmen medeniýetiniň baýlygy

Türkmen halkynyň arkama-arka dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýän gadymy hem baý sungaty bar. Türkmeniň asyrlarboýy kemala gelen milli aýratynlyklarynyň biri hem gelin-gyzlaryň ýerine ýetirýän el keşdeleridir. Halkymyz gadymdan bäri öz sungatyna sarpa goýup gelýär. Şolaryň arasynda ýüzlerçe ýyllardan bäri däp bolup gelýän iş gelin-gyzlarymyzyň el keşdesidir.  Bu sungat diňe bir owadan nagyşlardan ybarat bolman, eýsem, türkmenleriň dünýägaraýşyny, ruhy mirasyny, ajaýyp ýaşaýyş-durmuş pelsepelerini özünde jemleýär. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsini, edep-terbiýesini we zenan maşgalasynyň ussatlygyny görkezýän örän baý sungat görnüşidir. El keşdeleri türkmen zenanynyň döredijiliginiň, sabyrlylygynyň we yhlasynyň nyşany bolup, ençeme asyrlardan bäri gymmatyny ýitirmän gelýär. El keşdeleriniň döreýşi gadymy döwürlere uzap gidýär. Gyz  maşgalanyň öýde öwrenen el işleri onuň geljekdäki öý-ojagyna taýýarlygyny görkezýär. Türkmen zenanynyň elinden çykýan her bir  nagyş — bu rowaýat, bir pikiriň şekili, bir duýgynyň ýüze çykmasydyr. Keşdeler  gelin-gyzlaryň ukybynyň we çeperçiliginiň nyşanydyr,  maşgala medeniýetiniň dowamydyr,  milli lybasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir.  Ene-mamalarymyzyň bize ýetiren türkmen medeniýetiniň baýlygy bolan el keşdelerine uly hormat goýup, geljek nesillere ýetirmek her bir türkmen zenanynyň borjudyr. Türkmen halkynyň mirasynyň, sungatynyň ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän, olary dünýä ýüzüne ýaýratmaga goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly           Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gültäç YBRAÝYMOWA.  

27
27 30.01.2026
Ajaýyp şygara bagyşlanyldy

Ýakynda  etrap häkimliginiň mejlisler zalynda ýylyň şygary mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatçylygymyzyň özeni — Garaşsyzlyk göz guwanjymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap häkimliginiň we TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, bilim ulgamynyň wekilleri we mährem eneler gatnaşdylar.  Çärede etrabyň Hasyl geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Ogulgerek Şakulyýewa, etrap häkimliginiň bölüm müdiri, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Ymamgulyýewa, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň syýasy we taryhy ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde bedew batly Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi.  Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler parahat ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşamaga, yhlasly zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar. Myratly AMANNAÝEW.  

26
26 30.01.2026
Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görülýär

Ýakynda  “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň  29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen okuw-maslahaty geçirildi.  Okuw-maslahatyna Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri, welaýat, etrap, şäher, okrug we etrapdaky şäher, şäherçe geňeşlik saýlaw toparlarynyň başlyklary, syýasy partiýalaryň, welaýat, etrap, şäher komitetiniň  ýolbaşçylary gatnaşdylar.  Maslahaty Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Amangeldi Annadurdyýew alyp bardy. Okuw-maslahatynda welaýat saýlaw toparynyň başlygy Jennet Halmyradowa, welaýat häkimliginiň wekili Tirkiş Amannaýew çykyş etdiler. Çykyşlarda welaýatymyzda täze döredilen Oguzhan etrabynyň halk maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri we araçäkleri barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine ykjam taýýarlyk görmek hakynda gürrüň edildi.  Aýparça AKYMOWA.  

55
55 30.01.2026
Işjeň häsiýete eýe boldy

      Sakarçäge etrap häkimliginiň, kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşiginiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde  gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň  mekany” ýyly bilen baglanşykly geçiren maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy. Bu maslahata etrabyň ýaşuly nesilleri, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň beýik ösüşlerini alamatlandyrýan şöhratly ýylymyzda gazanylýan üstünlikler agzybir we merdana halkymyzy has-da buýsandyrýar. Taryhy wakalara beslenip, belent şygar astynda badalga alan ýylymyz arzuwlaryň hasyl bolýan, maslahatlarymyzyň myrat tapýan ýyly bolar –diýlip buýsanç bilen bellediler. Şöhratly ýylymyzyň bedewler bilen baglanşykly atlandyrylmagynyň hem uly manysy bar. Uçar ganatly bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr,-diýlip maslahatdaky çykyşlarda nygtaldy. Bu ýylyň  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirlen maslahatyň dowamy etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.Medeniýet işgärleriniň bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizi, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan rowaç işlerini wasp edip ýerine ýetiren çykyşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bolup ýaňlandy. Çarymuhammet Saparow.

30
30 28.01.2026
Şanly senäniň buýsanjy

Köp asyrlyk geçmişi şan-şöhratly gadymy halkymyz Watan goragyny mukaddes borç hasaplap, ene topragymyzyň her daban ýeri üçin gan döküp, gorap gelipdir. Merdana pederlerimiziň Watan goragyndaky nusgalyk ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watan goragçylary hakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Indi her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenilip geçilmegem asylly däbe öwrüldi. Şu günler bolsa, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda Watan goragçylarynyň gününiň baýramçylyk dabaralarynyň ýaňy belentden ýaňlanýar. Şu sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňýanynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin täze döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi şanly senäniň dabarasyna dabara goşdy. Dört gatly, 24 öýli täze ýaşaýyş jaýynda onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilip, giň we ýagty otaglaryň zerur durmuş enjamlary bilen üpjün edilendigi baýramçylyk gününde guwanç duýgusyny döredýär. Her ýylda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň goragynda sak durýan merdana goragçylarymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Watan goragçylarymyza şanly sene mynasybetli ýaňlanýan gutlaglar baýramçylyk dabaralarynyň şatlygyna şatlyk goşýar. Baýram AMANOW.  

62
62 28.01.2026
Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym

   Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda duşuşyk geçirilip, ol ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym” diýlip atlandyryldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzda ýyndamlygyň, maksada okgunlylygyň, çydamlylygyň kämil nusgasy hasaplanýan ahal-teke bedewlerimize goýulýan hormatyň belentdigini aýratyn bellediler. Çykyş edenler Ynsan gylykly türkmen bedewlerimiziň ähli döwürlerde milli buýsanjymyz, baýlygymyz, göz-guwanjymyz, türkmen halkynyň ygrarly ýoldaşy, ýakyn syrdaşy bolup gelendigi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan eserlerinde hem aýratyn bellenilip geçilýär – diýip buýsançly bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.  Toýmyrat Gurbanow.

58
58 28.01.2026
Aýdym-sazly dabara

2026-njy ýylyň ýurdymyzyň jemgyýetçilik, syýasy durmuşynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty we Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde institutyň dabaralar jaýynda “Ösüşlere beslenýän bedew batly Watanym”  ady bilen geçirildi. Aýdym-sazly dabaraly maslahata Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işgärleri we işjeň agzalary hem-de bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzyň ösüşleri, geçen 2025-nji ýylda gazanylan üstünlikler, ýylyň şanly şygarynyň taryhy ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy institutyň “Kuwwat”aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlar ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrynda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler. Azat Beglanow.

31
31 26.01.2026
Täze ýylda öňümizde täze wezipeler durýar

Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen halky ýagşy umyt-arzuwlar   bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýyla ynamly gadam basdy.  Elbetde, täze ýylda öňümizde täze, has jogapkärli wezipeler durýar. Şol wezipeler bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegi nazarlaýar. Şol möhüm wezipelerde döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, döwletiň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmak we döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek uly orny eýeleýär. Milli kanunçylygymyzy ösüşli döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek derwaýys bolup durýar. Täze ýylymyzda-da bular babatda netijeli işleri üstünlikli dowam etdiriljekdigi guwandyrýar. Gülşat MERGENOWA.

53
53 20.01.2026
Ýyllary ýyllardan zyýada Diýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen  ili “Garaşsyz,  baky  Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýyly ilkinji günlerinden zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýär. Täze ýylymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Aýratynam, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljek uly toýunyň buýsanjy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär.  Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde bitirilýän işler giň gerime eýe bolýar. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Täze ýylyň baýramyny şowhun-şagalaň   bilen   toýlan  il-günümiz “Garaşsyz, baky Bitarap  Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyla gadam basdy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, etrabymyzyň bazarlarynda we dükanlarynda haryt bolçulygynyň döredilendigi Täze ýyl baýramynyň dabarasyna dabara goşdy. Biz ýaňy başlanan ýylymyzda-da ilata edilýän söwda hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen degerli işleri durmuşa geçirýäris. Saparmyrat ÇARŞAKOW.  

46
46 20.01.2026
Etrap Zenanlar bölüminde

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Murgap etrap Zenanlar bölüminiň maslahaty geçirilip, oňa etrabyň ilkinji Zenanlar  guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýygnagyň gün tertibi boýunça birnäçe meselelere seredilip, onuň dowamynda guramanyň hasabat döwründe edilen işlerine seljerme berildi we derňew toparynyň hasabaty diňlenildi. Şeýle hem bu ýerde Zenanlar guramasynyň etrap bölümleriniň täze düzümi tassyklanyldy. Ýygnaklarda edilen çykyşlarda 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda guramanyň öňünde durýan wezipeler boýunça hem giňişleýin pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan hormat sarpasy, olaryň jemgyýetçilik çärelerine bolan işjeňligini ösdürmekde alnyp barylýan işler dogrusynda-da bu ýerde çykyş edenler aýratyn nygtap geçdiler.    Dursun Ilbegiýewa.

1248
1248 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1024
1024 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1291
1291 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1183
1183 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1170
1170 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1304
1304 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

982
982 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1175
1175 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.