Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy – syýasy ähmiýetli kararlary we çözgütleri halk köpçüligine wagyz – nesihat etmek bilen baglanyşykly maslahatlar we duşuşyklar Mary welaýatynda hem yzygiderli geçirlip durulýar. Mary welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi-ýetilen ösüşler, giň mümkinçilikler, geljekki ugurlar” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahat duşuşygyna institutyň professor mugallymlary, talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde il – ýurt bähbitli täze taryhy çözgütleriň kabul edilmegi, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak baradaky teklipleriň orta atylmagy halkymyzyň uly goldawa eýe bolandygyny bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde taryhy we çuňňur many – mazmunly çykyşlary halkymyzyň ýürek töründe uly orun alyp, ýurdumyzda geljekde amala aşyrylmaly belent maksatly işlere badalga berdi – diýlip, bu maslahatda durlup geçildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, Watanymyzyň gülläp ösmegine aýratyn aladalaryny gönükdiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Dursun ILBEGIÝEWA.








