“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda geçiriljek halk maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty- belent özgertmeleriň aýdyň binýady” ady bilen maslahat geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy. Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilim, saglyk, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda türkmen halkynyň milli lideri, türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy we şol mejlisde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem bu ýerde ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny zähmet ýeňişlerine beslemek bilen baglanyşykly işler barada-da aýratyn nygtaldy. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň ählisiniň halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendigini, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem il-ýurt bähbitli meselelere garaljaklygy dogrusynda-da buýsanç bilen bellediler. maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dursun Ilbegiýewa.








