Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň klublarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýurdumyzyň çempionatynyň toparlary üçin gyşky transfer möwsümi başlandy. Gyşky transfer möwsümine 1-nji ýanwarda badalga berildi.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2025-nji ýylyň futbol çempionatynyň hem-de Kubogynyň gyşky transfer möwsüminiň 28-nji fewrala çenli dowam edýändigini ýatladýar.